20 ýylda bahasy 800.000 esse köpelen Google hakynda nämeler bilýäňiz?!
Ine size Google hakynda az bilinýän 10 täsin maglumat:
1. Google, birinji BackRub ady bilen garşymyza çykýardyGoogle'yň gurujylary Larry Page we Sergey Brin, 1996-njy ýylda döredenleri gözleg motorynyň adyna BackRub goýmagy planlaýardy. Bu adyň näme üçin seçilendigi we soňra näme üçin Google goýanlary belli däl.
2. Google ady googol sanyndan gelýär:15-nji sentýabr 1997-nji ýylda, Page we Brin, BackRub adyny degişdirip Google adyny saýlady. Bir sany 1 sifri we 100 sany noluň birleşmeginde emele gelýän googol, tükeniksizligiň simwoly hasaplanýar.
3. Google'yň birinji iş ýeri garaždy.Sentýabr 1998'de Susan Wojcicki'niň garažyny ulanyp Google'y durmuşa geçiren Page we Brin, şereketiň häzirki halyna gelmäge uly kömek eden Wojcicki'ni ilki Google'yň satyş müdiri, soňra YouTube'yň CEO'sy etdi.
4. Google'yň geçileri bar:Google şereketiniň bagynda geçiler görmek bolýar. Bu geçiler, Google tarapyndan otlaryň iýilmesi üçin wagtlaýynça alynýar. Eger birgün Google'da işe başlasaňyz, aýnadan seredende geçi göreniňizde geň galmaň :)
5. Google 'Özümi bagtly duýýan' düwmesiniň derdinden pul ýitirýär we bu düwmäni gizlemäge çalyşýar:Google ýyllardan bäri ulanýany 'Özümi bagtly duýýan' düwmesi, reklama görkezmegiň öňüne geçýär we Google'a ýylda 110 million dollar ýitirtýär. Google düwmäni gizlemek üçin, islendik bir söz ýazanyňyzda öň gözlenen sözleri çykarýar we bu düwmäniň görünmegini azajyk bolsa-da öňüne geçýär. Düwmäni bütinleý aýyrsa, öňki ýaly gyzykly bolmajagyndan çekinýär.
6. Google suratlar, ulanyşa girizilende birinji günden örän uly ösüş boldy:2001-nji ýylda surat gözleme hyzmatyny ulanyşa geçiren Google, birinji günden 250 million gözleg geçirdi.
7. Google'da aýda 91.000.000.000-da golaý gözleg geçirilýär:Internet ulanýan adamlaryň sany 4.000.000.000-da golaýdyr we Google'da aýda 91 milliard gözleg geçirilýär.
8. Google 2010-njy ýyldan bäri her hepde bir şereket satyn alýar:Bugüne çenli ýüzlerçe şereketiň eýesi bolan Google, Geljekde ökde şereket boljakdygyna ynanýan şereketleri satyn alýar. Android, YouTube we Waze bulardan diňe üçüdir.
9. Google, 1999'da 1 million dollara satylýady, ýöne müşderi soňky wagtda pikirinden döndi.Google'y Excite atly internet şereketine satmagy planlan Larry Page we Sergey Brin, bu satyşy başaryp bilmedi. Excite CEO'sy, 1 million dollara satyljak Google'y almakdan, soňky wagtda el çekdi. Şuwagt bolsa Google'yň bahasy 800 milliard dollar.
10. Google'yň iş ýerlerinde her 45 metrden bir nahar tapmak mümkin:Google'yň iş ýerlerinde her 45 metrden nahar tapylmasy hökmany, bu naharlar işçiler üçin mugt.
Marka atly post zynjyrymyzyň 2-nji postunda dünýäniň iň baý 3 markasynyň biri bolan Google hakynda gyzykly maglumatlary size ýetirdim. Marka atly postlaryň paýlaşylyp durmagyny isleseňiz like (👍) basyň :)
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!