Dünýäniň iň baý 9-njy markasy McDonald's hakynda nämeler bilýäňiz?! Ine size McDonald's hakynda täsin we gyzykly maglumatlar:
✓ McDonald's 1940-njy ýylda guruldy we birinji fast-food zynjyrlaryndan biri boldy.
✓ McDonald's näçe ir gurulan bolsada, ondan 20 ýyla golaý öň gurlan White Castle atly restoran, bütin fast-tood zynjyryndan öň, 1921nji ýylda guruldy. 1940-njy ýyla çenli iň meşhur fast-food restoran bolan White Castle reklamalar görkezip gamburgerlerini tanadýardy. Ýöne White Castle ösmegi meýilleşdirenokdy. Şeýdip McDonald's açylandan soň, White Castle sönüp galdy
✓ McDonald's taryhyna gysgaça göz aýlaly:
Şereketiň gurujylary Richard we Maurice McDonald'dyr. Ýöne, şereketi ulaldyp adynyň meşhurlaşmasyny başaran asyl adam Ray Kroc'dyr. Ray Kroc, McDonald doganlaryň dolandyryş stilini üýtgetdi we şerketiň 14 ýylyň dowamynda %80 franchise sistemine geçmegini başardy. Bu barada has köp zat bilesiňiz gelýän bolsa The Founder atly kinony görüp bilersiňiz
✓ Gamburger Uniwersiteti'ni eşidipmidiňiz?!
Araňyzda beýle Uniwersitetiň bardygyna ynanmaýanlar bolup biler, ýöne bu dogry. McDonald's tarapyndan 1961'de Chicago'da diňe 15 okuwça açylan bilim merkezi, şereketde işleýän adamlara işleri barada bilim bermek üçin guruldy. Bütin dünýäde McDonald's işçilerine restoran hakynda bilim bermekde bolan bu Uniwersitet, häzire çenli gapylaryny 80.000 den köp restoran dolandyryjylaryna açdy.
✓ McDonald's Happy Meal atly çaga menýularyna we menýunyň ýany bilen oýunjak bermäge 1979 ýylynda başlady. Bu hereketi bilen McDonald's dünýäniň iň köp oýunjak satyjysy boldy. Statistik maglumatlara görä McDonald's ýylda 1.5 milliard oýunjak paýlaýar.
✓ McDonald's nyşany:
Şereketiň adyny belli eden meşhur "M" nyşany, dünýäniň iň meşhur nyşanlary arasynda ýer almakda we nyşany görenleriň %90-di McDonald'sy tanamakdadyr.
✓ Şereketiň maskody bolan Ronald atly masgarabaz bolsa McDonald's tarapyndan 60-njy ýyllaryň ahyrynda döredildi we ol wagtky TW reklamalary we pankartlar saýasynda şereketiň nyşany halyna geldi.
✓ McDonald's şereketi arzanlaşyk sözüni ulanmaýar
Munuň sebäbi şereketiň pikirine görä arzan sözi "pes derejeli iýmitler ulanýar" diýilmegine getirip biler. Şereket şonuň üçin has gymmat önümlerinden başga önümlere arzanlatmaga garşy.°°°
Halan bolsaňyz we "Marka" atly postlaryň paýlaşylyp durmagyny isleseňiz 👍 basyň; (Posty soraşman paýlaşmaň!)
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!(Ýalňyşlyk düzedildi)Okanyňyz üçin sagboluň,
Teswirlere garaşýan :)
Efso
Test Test