https://owrenmeli.app/18552-neolducom.html#comment
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25.12.2021 14:24
***********
Aýagy ýok gedaýdan pulyny ogurlap gaçjak boldum, görsem gedaý meni kowalaýar. Saýamda aýagy düzeldi :)
***********
Ejeler üçin suw bulgury 3 görnüşe aýrylýar: içmek üçin, myhmanlar üçin, ellemeli däl bulgurlar (bezeg üçin :)
***********
Oturjagyňyz ýeri özüňiz däl-de zarýatnik seçýän bolsa, sizem bizden ;)
***********
Telefon ýere gaçsa, panika edýärler, bir adam ýykylsa, derrew üstünden gülýärler, täsineý häzirki nesil :)
***********
120 kg söýgülisine "serçäm" diýýän adamy görenim soň düşündim,
Söýgüniň gözi çyndanam kör :)
***********
Ertir irden alarmyň çalmagyna näçe wagt bardygyny görmek üçin oýandym, 2 sagat bar ekeni, begenjimden uklap bilmedim :(
***********
Bir gyz Facebookda ulanyjy sahypasyna "men maňa ýalan sözlenmesini halamok" diýip ýazan,
как будто biz halaýas, begenjimizden tans oýnaýas :)
***********
Giden biriniň arkasyndan betdoga etmäň, gaty sesde sögünip-sögünip şükür gitdiň diýiň ýeterlik :)
***********
Irden nahar iýemok, çünki men internetde,
Öýlän nahar iýemok, çünki men internetde,
Gije ýatyp bilemok, çünki men aç :(
***********
Zarýadym 100% bolanda, özümi şeýle gowy duýýan, söz ýok...
***********
Başlygyma "Täze maşyn alypsyňyz gutlaýan,
gowy model şu" diýdim, olam maňa:
"Eger işiňe köp üns berip, işiňe köp wagt aýyryp, işiňe dogry ýerine ýetirseň, indiki ýyl mundan gowy modelini alaryn özüme" diýdä :)
***********
Şol bir ýalňyşy 2 gezek etmeýän men, azyndan 5-6 gezek gaýtalaýan :)
***********
Aýna meniň iň gowy dosdumdyr, men aglaýarkam ol gülmez, näme diýýänä men, men aglaýarkam aýna gülse, balagyma s*çaryn :(
***********
Indi düşünýän Monaliza suratyny näme üçin halaýarlar, çünki gyz geplänok :)
***********
+Salam 5 manatlyk doňdurmadan berseňize
-Alyň
+Näçe manat
-5
+Sagboluň :)
***********
+Meniň gitmegim üçin 3 sebäp aýt
- sebäp sebäp sebäp... :)
***********
+How old are you?
-I am "näçe ýaşymda meňzeýän" years old :)
***********
+Sürün, sürün maňa edenleriňden soň sürün, ejeňem, kakaňam sürünsün şu nivea kremi :)
***********
Adam 7 ýaşynda näme bolsa,
17 ýaşynda kim bolar,
27 ýaşynda nire bolar :)
***********
"Gijäň rahat" diýjek söýgülim bolmasada
"Häli ýataňokmy?!" diýýän ejem bar şükür :)
***********
Halanyňyz haýsy? Teswirde ýazyň!
çeşme: neoldu.com, terjime edildi
12
298