Taryhda täsinlik 6: Gysga maglumatlar;
Her posty trendlere çykan "Taryhda täsinlik" atly post zynjyrynyň 6-njy postunda, taryhda bolup geçen gysga wakalary belläp geçýäris:
15. Dünýä söweşi wagtynda bir hatçy kepderi, bir aýagy we gözüni ýitirip boýnundan urulsada haty äkidipdir we bu hat 194 esgeri ölümden halas edipdir;
16. 1921-nji ýylda gytlyk wagtynda Rus obalylar, adam iýmäge mejbur bolupdyrlar;
17. 1900-njy ýyllarda, puluny töläniňizde aýnaňyza uzyn çöp bilen urup sizi turuzýan adamlar bardy;
18. William Henry Harrison, ABŞ-nyň iň gysga wagtly Prezidentidir. Prezident bolanyndan 2 aý soň sowuklama keseli bilen kesellän Harrison, gysga wagtdan soň ölýär.
19. Beethoveniň hem ker bolmagynyň, hem ölmeginiň sebäbi aslynda Cam Armonika atly saz guralydy.
20. Norwegiýanyň baýdagynyň içinde Fransiýa, Finlýandiýa we ýene 4 ýurduň baýdagyny tapmak mümkin.
21. Gitler 4 ýaşyndaka bir kölde bogulýarka bir adam ony halas edipdir. Eger halas etmedik bolsa, taryh häzirkiden üýtgeşik bolup bilerdi.Sizem bilýän maglumatlaryňyzy teswirlerde paýlaşyň :)
A