Salam "Öwrenmeli" agzalary,
Postlary ramkaly etmek ýa-da haty
reňkli ýere ýazmak isleýäňizmi, onda bu posty doly we ünsli okamagy maslahat berýän, çünki bu etiket örän çylşyrymly.
Aşakda göreniňiz hat şu kod bilen ýasaldy:
(div style="background:orange; height:50px; width:300px; border:6px solid black; color:green; text-align:center;")Efso(div)
(Ýatdan çykarmaň, () simwollarynyň ornuna <> simwollaryny ulanyň, men () simwollaryny siz okap biliň diýip ulanýan)
background:orange; etiketini ulanyp sahypamyzyň Mandarin reňkde bolmagyny isledik,
height:50px; etiketini ulanyp 50px beýikliginde bolmagyny isledik,
width:300px; etiketini ulanyp, 300px uzynlygynda bolmagyny isledik,
border:6px solid black; etiketini ulanyp 6px-ly gara ramkamyz bolmagyny isledik,
color:green; etiketini ulanyp ýazan sözümiziň ýaşyl reňkde bolmagyny isledik (Yzarlan bilýändir, font color-yň iki görnüşi bar, birinde reňkiň adyny ýazyp bolýar, birinde millionlarça ady bolmadyk reňki ýazyp bolýar, ýadyndan çykaranlar ýa-da postumy okamadyklar teswirde menden sorap biler)
text-align:center; etiketini ulanyp ýazan sözümiziň merkezde (ortada) bolmagyny isledik
Okanyňyz üçin sagboluň, soraglaryňyz bolsa teswirlerde ýazyň. (Bu ýerde okan maglumatlaryňyzy, soraşman paýlaşmak gadagan!)
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu ýere bas