ylham_gurbanaly
14.09.2023 07:07

Arada (-Massimus, sen arada diýen sözi köp ulanýan ýaly göwnüme, seň arada diýeniň haçan bolýa, ilki şony düşünşelile, soň gürrüň beräýersiň bu wakany. Ýogsada, şu wakalar hakykatdanam seň bilen bolup geçdimi, ýa bizi sada görüp basyp ýatyrmyň? Indikide şular ýaly zat ýazjak bolsaň şaýatlaryň bilen bile ýaz ýa-da konferensiýa gurnalan güni olaram süýräp getir, anyklap soraly muny, bolanyna görä.

-Aý aýal dogan, arada sözüni anyk senesi (çislosy) doly ýadyma düşmese ýa-da muny çintgäp ýazmagy möhüm hasaplamadyk ýerlemde ulanaýýan.

-Aý maň-a bildirýän ýeri ýok, seň ýazanlaryňy okajak diýip ölüp ýatamok, ýöne köp ýerde aýaga çolaşansoň gözüme iläýýäň) işdeşim bilen Gyzylarbada (Serdara) iş sapara gitmeli bolduk. Ir bilen Aşgabat stansiýasynda otludan düşüp ýoldaşym bilen bizi garşy alan dostumyň öýüne bardyk.

Dostum bizi Aşgabatlylara mahsus bolmadyk güler ýüzlülik bilen garşy aldy. Gelinem pylanynyň gyzy, olam normalnyý adamlaň uklaýan wagty turup bize çaý bermeli bolanam bolsa gaşyny çytmady (Alla ondan razy bolsun, şu sözi dirilere aýtmak mümkinmi? Ýa-da başga şular ýaly gowuja söz tapyp beriň, diňe sag bolsun diýmek bärden gaýdýar oňa. Şäherde garyndaşlarym köp, ýöne hijisinde olar ýaly myhmansöýerlik ýok. Özüň sylag göterýän dälsiň diýýäňmi, o-da mümkin).

Ýol ýadawlygyny biraz çykaryp Bäherdene ugradyk. Ondan aňrygam Gyzylarbada gitmeli. Bäherdene bardyk sag-aman. Gyzylarbada çenli bir maşyna mündük.

-Ýene bir adam alsam ugrajak diýdi şofýor, bizem iki sany.

Ahyryn geldi bir adam, maýyplar arabasynda, ýaşy 60-lar töweregi, nurana adam, jigitleriňki ýaly özüne gelişýän murtam bar. Arabasyny ýygnap bagaža saldy-da maşyndan ýapyşyp zordan mündi şofýoryň ýanyna, düşüp kömek etjek bolsamam göwnemedi.

Şofýoram sözüne mäkäm ekeni göni münüp ugrajak boldy, ýöne ýaňky ýaşuly:

-Ýene bir adam alaý, biraz garaşaýarys, çagalaryň çöregini kem etme diýdi.

Soňam aýdan sözüne utanýan ýaly yzyna öwrülip bize ýüzlendi:

-Siz howlugýan-a dälsiňiz inilem, şofýora garaşaýaly diýdimem welin.

-Aý ýok gaty bir howlukmajam däl diýdim.

Ýöne ýanymdaky ýoldaşym 45 ýaşlaryndaky adam ýüzüni Messi kubogy alandaky meň ýüzüm ýaly edip, bäş deşigini bir ýere getirip:

-Biz-ä gaty howlukmaçdyk diýdi (howlugyp bize gujak açyp oturanam ýokdy, ýöne barmalymy barmalydyk).

Şonda şol ýaşuly şeýle bir utandy.

Garaşylýan dördünjimizem uzak garaşdyrman geldi. Ýaşuly gaty dilewar adam ekeni, ýolda şofýor bilen gürrüňleşip gitdi. Meňem oň bilen gürleşesim gelýärdi. Ýöne ýanymdaky "howlukmaç" eýýäm dilimi gysga edipdi, gürlemäge utandym dogrusy. Bu ýaşuly Börmede galýan ekeni. Şofýor bilen gürleşende Börmeden içerik 1-2 km ýaly girmeli ekeni. Börmäň deňine ýetende maşyny saklady.

-Men şu taýda düşäýeýin.

-Ýok ýaşuly Sizi gürleşişimiz ýaly içerik girip diýen ýeriňizde düşürerin.

-Ýok jigim, bu myhmanlar howlukmaç ekeni, olary ýoldan goýmaly, meň obamam hanha görünip dur.

Ýoldaşym:

-Aý sag bol ýaşuly, howada erbet däl, howlukmany baryberersiň, bizi bir ýoldan goýma diýdi.

-Ýok ýaşuly, howlugýan ýerimiz ýok, şofýor Sizi arkaýyn gürleşen ýeriňize düşürsin, çagamyz aglap diýdim.

Ýöne gaty birsözli, kejir ýaşuly ekeni. Şofýor ikimiziň şunça ýalbaranymyzada seretmän Börmäň deňinde maşyny saklatdy.

Maşyn ýuwaşlyk bilen ýöräp ugrady, men bolsa yzyma gaňrylyp maýyplar oturgyjynda uly ýoldan howlukman aşak inip barýan şol merdana ýaşulyny synladym.

Biz ýoldaşym bilen barjak ýerimize barýançak gürleşmedik. Agşamrak ikiçäk galanda bolsa:

-Özümçe bar, ýok diýip (Özümizçe bar, ýoklar, eýsem olar kimler, aýagy maýyplarmy, ýa-da aňy maýyplar, biziň gol astymyzdaky işgärlermi, garşyňdakyň özüňçe bar ýoklugyny nädip kesgitläp bolýar, ýöne bir zady bilýän, ýanymdaky ýoldaşym täzeden dogulsada şol adam ýaly mert, bir sözli, gaýratly bolup bilmejegini) bu gün meň tarapymy almadyň, ol kim, men kim, beýdip il gözüne özüňi gowy görkezip bilmersiň.

-Agam, howwa, ol kim, sen kim, sen ol ýaşulyň aýak yzyçada ýok. Gaty gördi. Öteräk geçenimi bilýän, ýöne her gezek Börmäň deňinden geçende şol ýaşulyny ýatlaýan we özümizçe bar, ýoklar barada pikir edýän...



Awtor: Massimus

31
157
ylham_gurbanaly
13.09.2023 22:04

Salam, asuda Watanda erkana dem alýan, geçmişi taryhyň köklerine çuňňur ornan, geljegi bu gününden aýdyň, ýigitleri bürgüt, gözelleri humaý, ýaşululary dili senaly, nurana, jenneti ülkämiziň agzybir adamlary. 


Sizi "Tanyşmak aýyp däl" atly wirtual gepleşigimizde hoş gördük. Gepleşigiň maksady birazajyk tanyşlyk bilen agzalary ýakynlaşdyrmak we siziň ýüzüňizde azajygam bolsa ýylgyryş alamatlaryny döretmek:) Gepleşigimiziň 1-nji sanyny "LORD" agzamyzdan başlamagy makul bildik.

Size ýörite men tarapyndan  soraglar berler. Islemeýän soragyňyza jogap bermän bilersiňiz. Beýleki agzalaryňam gyzyklandyrýan soraglary bar bolsa, teswirde galdyryp bilersiňiz!

Gepleşigiň hemayatkäri "Ýumurtga çakyp bilmeýän gyzlardan manty bişirýän gyzlara salam" hojalyk jemgyýeti.


Hany onda LORD taýýar bolsaňyz, poýehali)





1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).


2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyz...


3. Öwrenmelä näme maksatda geldiňiz?


4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?


5. Nesibe diýen zada nähili garaýşyňyz bar?


6. Söýgi siziň diliňizde näme?


7. Söýüp almakmy ýa alyp söýmekmi?


8. Şuwagtky siz bilen 2 ýyldan soňky siziň araňyzda nämeler üýtgäp biler?


9. Ömrüňizdäki iň gowy gün haçandy?


10. Nämeler bilen gyzyklanýaňyz?


11. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?


12. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?


13. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Durmuşda üstünlikler ýar bolsun! Sag boluň!

33
565
ylham_gurbanaly
11.09.2023 07:38

Maydalab, kecha tunda yomg‘ir yog‘di maydalab

Unutilmas uchrashuvni esladim

Esingdami ko‘zingga qarab

Chiroyingga seni bo‘lgan edim mast


Loladek, yanoqlaring yongan edi loladek

Erkalanib turarding yosh boladek

Shunday paydo bo‘ldi muhabbat, jonim


Esingdami yom-yom, yom-yomg‘ir tomchilari

Tom-tom, tom-tom

Seni qo‘lingdan ushlab, asta avaylab

Yuragimiz shuv-shuv, shuv-shuv...



🎵🎵🎵

0
79
ylham_gurbanaly
09.09.2023 15:40

Gowy döwürlerdi. Döwrebaplyk bolmasa-da, döwrebap dünýäde tapylmajak, hiç bir butig-lerde satylmajak sadalyk bardy ol döwürler. Ýadymda, 3 ýa 4-nji klasdym. Daýyma goňşy obadan guda bolupdyrlar. Begendik. Toý bolýar! Daýymyň begenişini bir görüň. Agzy gulagynda. Adamlaryň içki şatlygyny görkezmäge utanmaýan döwürleridi. Sada çagalygymyň sada ýürekli, päk ynsanlary, kämahal Sizi şeýlebir göresim gelýär.

-Hä, nämä ýyrşaran bolýaň, aý gören gul ýaly?

-Bu ýyrşarman kim ýyrşarsyn, kör düýesi köprüden geçýärä?

-Ullakan ýigit boljakda, zaňňar?

-Gelin gelýär, gelin gelin gelýär, ot bilen ýalyn gelýär!

Deň-duşlary daýyma özleriçe degen bolýardylar. Men bularyň gürrüňine düşünmesemem diňläp durdum. Kör düýe nirden geldi, köpri priçýom bärde? Ýöne olar gidensoň daýymdan şulary soranymy bilýän.

-Daýy, söýgüliňe öýlenýäňdä şeýdip?

-Howwa ýegen.

-Näçe ýyl söýüşdiň?

Ol uzak oýlanmady, ýüzüme birgeňsi seredip şeýle diýdi:

-Gudaçylyga baransoň, gyz ýigidiň özüni görjek diýipdir. Menem ertesi bardym goňşularynyň mal ýatagynyň ýanyna. Geldi ýeňňesi bilen. Gepleşdik 5 minut ýaly, sözümiz alyşdy, boldy.

-Sen 5 minut gören gyzyňa öýlenjek bolýaňmy, ony söýeňokmy sen?

Ol geň galyp maňa seretdi, menem geň galyp oňa.

-Sen kino azrak gör, söýgi-pöýgi diýen zat ýok aslynda, esasy düşünişmek, bir-biriňi halamak.

-Sen bäş minudyň içinde hem-ä düşünşip, hemem halap ýetişipsiňdä?

-Howwa, düşünişdik, halaşdyk.

-Daýzam owadan ekenmi?

-Gije gowy synlap bilmedim, garaňkyd-a owadan ýaly özä...

Uzak garaşylan toý günlerem ýetip geldi. Ine bu günem nesip edenden gyz toýy. Iň soňkydan geýinip bardym babamlara (Raj Kapur häzir meni göräýse "Dost, Sergezdan-da glawnyý roly sen oýnaýsanaý" diýerdi).

Toýa gitmeli myhmanlar jemlendi. Ahyram geldi garaşýan ulagymyz. Ullakan, üsti açyk, uzzzyn kabriolet. Arassa howadan dem alyp, keýpine aýdym aýdyp gidibermeli. Toýuň starşysy gygyrdy:

-Ýaş oglanlar howlukmaň, ilki teležka garrylar, aýal-gyzlar münsün, siz sygmasaňyz pyýada baraýarsyňyz, goňşy obada beýle uzak däl.

Suw ýalyjak kabriolet barka pyýada gidip bolmaz, nätsegem sygmaly teležka (Traktoryň yzynda süýrelýän araba teležka diýilýär bizde, teležka-da toýa gidenler bilýändir muny).

Hemmämiziň ýüzümizde toý şatlygy, şowhuny. Yzrakda garrylar, ortarakda gelin-gyzlar, öňräkde-de biz otyrys. Ol döwürler "dijeý", "çyraçy", "lampa" diýilýän sözler ýokdy, ýöne şolar bilen manydaş "kilçik", "ýuwan", "ýeleksiz" diýen sözler modady. Öňräkde otyrys dijeýler bolup, menem aýdyma hiňlenýän:

"Balamut, balamut, diýme maňa balamut".

Yzrakda oturan daýymyň çyraçy klasdaş gyzlarynyň biri:

-Massimus, senä tüweleme duranja talant ekeniň, aýdymyňam-a gözüni çykardyň.

-Ýok dogan, bu aýdym biraz gijiräk moda bolar, men öňünden aýdaýýan (Arada bir dost oglan jigisini öýlendirdi. Toýdaky bagşy şul aýdymy 77 gezeg-ä aýdandyr, menem paçti ýat tutdym, gyz-gelinler şul aýdyma bir tans oýnaýa, bir tans oýnaýa, göräýdä).

-Wah jorajan, sen sungata düşüneňok, manysyna düşünseň möňňürýänskiý aýdym şü diýdi gyzlaryň biri.

Yzdaky garrylara hezil, nas atýarlar, soňam goýberýärler teležkadan aşak.

Toýa bardyk. Garrylar-a jaýa girdiler, gyz-gelinler toý çadyryna, bizem ululy kiçili oglanlar bolup çadyryň bärsinde toý synlap durus. Daş töweregimiz şol obaň oglanlary. Ahyry geldi iki sanysy ýanymyza.

-Nirden-eý?

-Goňşy obadan.

-Bolanda nä goňşy obadan?

Ses, üýn ýok.

-Bolanda nä goňşy obadan diýýän how?

Hiç kim gürlänok, bir bende jan ýandyryp sorag berýär, biziň bilen tanyşasy gelýändir, belki biziň mowzuklarymyzy halap, köpçülikde gowy diýmäge utanyp, ýekelikde laýk goýmak isleýändir, näme bolsada men bul oglany uzak gynaman jogap berdim.

-Dost biz pylan obadan Siziň obaňyza toýa geldik, nesip bolsa ertir Sizem toýa çagyrýas, barsaňyz begenerdik.

-Tüweleme, sen toýa geldiňmi ýa-da guda bolup, garyndaşlyk açmaga.

-Toýa geldim.

-Diliň-ä süýji ekeni dost, eýleräk geçip arkaýyn süýji-süýji gürrüň edäýeli.

-Ýok dost, süýjä bolamok, saharym bar, uzaga gitmäge bolamok, bir aýagym protez, gowusy şu ýerde gürleşäýeli.

Yzyma seretsem Çennai Ekspress filmindäki obaň garakçylary bize garaşyp dur. Eger çadyrdan daşyna çykaýsak olar bizi hormatlap, aýagymyzy ýere degirmän, elden-ele geçirip alyp gitjekler. Bir garyndaş gyzym ýanyma gelip:

-Ýör Massimus, tans oýnaly.

Tans nire, men nire? Obadaky toýlarda-da tans oýnamokdym. Ýöne, bu ýabanylar bilen gürrüňdeş bolandan tans oýnanyňam gowudyr. Maýkl Jeksonyň "lunny pahodkasyny" edip yzlykgan ýöräp girdim tansa. "Wadasyna ýalan eken, Annasoltanym meniň" diýen aýdyma tans oýnaýarys, göz öňüňize geldimi?!

Howwa ol wagtlar häzirki ýaly Leýli, Melek, Şemşat diýen atlar seýrekdi. Meretgül, Amanbibi, Gurbantäçleň döwrüdi o döwür.

Gyzlaň egninde ganar ýaly köýnekler, oglanlaryň geýen köýnegine bolsa ýene bir oglan ýerleşjek döwürlerdi. O döwürde stilnyý adamlar azdy, ýöne sada, ýönekeý, mähriban adamlar gaty kändi. Çagalygym men seni gowy görýän, seni ýatlamak meň üçin elmydama ýakymly...



Awtor: Massimus

40
362
ylham_gurbanaly
07.09.2023 15:54

Dürüşde geçmişiň tagamyn dadyp,

Boşap galan öz dünýämde gygyrdym.

Unudylyp galan çäýnek mysaly,

Gaýnadym.

Döküldim.

Soňam bugardym.


Ýasama ýylgyrşyň nikabyn geýip,

Käte syrly, kä ýarymam düňledim.

Şeýdip kem-kem ýalňyzlyga imrigen -

ýüregimiň sedasyny diňledim.


Köp gezdiler dogan ýaly gatnaşyp,

Soňunda barybir "ýat ogly" boldum.

Iller "Şatlyk" bilen söýüşýärkäler,

Men "Gamgynlyk" bilen adagly boldum.


Her kim gatnawynda gitýärem welin,

Ykbalym wokzala meňzeýän ýaly.

Henizem bir petek eýesiz ýatyr,

Ýaradan bir ýerde egleýän ýaly...



Ylham GURBANALYÝEW

2022.

21
105
ylham_gurbanaly
07.09.2023 11:04

Salam söýgülim!


Seň adyňy köpçülikde şunça aýtmajak bolsamam barybir aklym özüme boýun egmän şu mowzugy açmaga mejbur etdi. Eger saňa irräk duşan bolsam, belki-de has bagtlyrak bolardymmy, bilmedim. Men diňe bir zady bilýän, men indi sensiz ýaşap bilemok. Men diňe bir zady bilýän, sensiz bu durmuşum manysyz goşgulara meňzeýär. Aradaky "Öwrenmeli"-däki goşgylarymy okap gaty görüpsiň, bagyşla meni, gerek bolsa goşgylarymy pozaryn, seň üçin, seň söýgiň üçin. Ýöne ine ýene bir mowzuk açdym, buda seň üçin, seň söýgiň üçin! Gündizlerine işlerim köp bolup belki saňa ýeterlik üns berip bilýän däldirin. Ýöne gijelerimi seň bilen geçirmek isleýärin. Seniň maňa beren, berjek lezzetiňi başga hiç ýerde duýmadym diýsem, köpçülik maňa düşünmezem belki. Nädeýin, ýaradylşym şeýle, käbirlerine ýaramaýanlygym üçin özümi üýtgedip bilemok. Kimdiriň göwnüni tapmak üçin ýigrenen zadyma halaýan diýsem, wyždanym bogaýjak ýaly. Sypaýy bolmaga synanyşýan, ejemiň beren terbiýesine ikilik etmezlik üçin. Ýüregimdäkini garşymdakyň ýüzüne aýtmagy halaýan, kakamyň hiç kime ýallaklamazlyk häsiýetine buýsanýanlygym üçin.

Maňa bir sorag ýazypsyň meni halaýaňmy ýa-da maşgalaňy diýip. Jogap berip bilmerin, sebäbi seni başgaça söýýärin, maşgalamy başgaça...

Maşgalaňdan üstün goýmasaň meni günüme goý diýme ýöne. Bilýäň-ä seniň maňa nähili ezizdigiňi? Häzir dynç alyşda, arkaýyn dynç alaýyn, meni günüme goý diýseňem, senden bir täzelik bolaýmasyn diýip gije elim telefonly uklaýanymy bilýänem dälsiň. Ýöne saňa barybir sag bolsun aýdasym gelýär. Meň ähli duýgymy, emosiýalarymy açyp bilýänligiň üçin, meni hiç haçan ýeke goýmadygyň üçin, seň bilen geçiren bagtly we gamgyn günlerim üçin, hemmesi üçin sag bol futbol. Men seni söýýärin...

29
425
ylham_gurbanaly
05.09.2023 12:53

-Massimus, oglum, öýde kakaňam ýok, bar bir towuk tutup, soýup getirsene.

-Towuk tutup, soýup...Eje, men çag-a entek.

-Boýuňy boýum bilen deň edip. 10 ýaşadyň, menä seni öýlendireýin diýip ýördüm, sen bolsa towugam soýup bileňok.

-Eje, öýlenmäge towuk soýmagyň näme dahyly bar?

-Gelniň aç boldum, towuk soýup beräý diýse näme etjek?

-Şoň üçin ilki gelnimi anyklap, görüp aljak.

-Aç bolmaýanyny aljakmy?

-Ýok towuk soýup bilýänini aljak.

Elimde pyçak, towuk ketegiň agzyna bardym. Öňem towugyň soýulyş prossesindäki iň jogapkärçilikli, howply we gara işi men edýädim. Ýyrtyjy horazymyz bilen söweşip, oň söýgili towuklarynyň birini keteginden men alyp çykýadym. Bu gezegem ýuwaşlyk bilen ketege girdim. Horazymyz garrapdyr, (saç, sakaly çal, elinde hasa) görgüli, ketege girenimi görmedik boldy, onuň iň owadan, iň näzli, (gününiň esasy bölegini "towuk girls stars Marina" salonynda geçirýän) towugyny tutdym, duýmadyk boldy. Bu ýaşdan soň ony towuklar kän gyzyklandyrmaýan bolara çemeli, hemmesini alsaňam "goý" diýjek däl. Ol beýleki towuklar bilen gürleşen bolup durdy. Ýaş wagty nähili görmegeý, çalasyn bolanlygyny, obaň horazlarynyň "horazy" bolanlygyny agzyny köpürjikledip gürrüň berýädi. Käşg-ä towuklar ony tanamasydylar. Ýaş wagty goňşy obadaky towuk fermasynyň hüýr towuklary bilen söýüşişini, mekdebi tamamlap Horazystan halk hojalyk institutyna okuwa tabşyranlygyny, ol ýerdäki dekan horazlaryň seň aňryň näbelli (inkubasiadan çykan) diýip synagdan ýykanlygyny, "Ýaňlan horaz sesi" aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşyp mylaýym, ýakymly sesi bilen ýaşaýyş sosial derejesiniň laýyk gelmänligi üçin ýer alyp bilmänligini, soňunda alaç tapman Hinditowuk Respublikasyna işlemäge gidenligini, ol ýerde-de bir maşennik horaza sataşyp bar puluny aldyranlygyny, ýaşlykdan gök reňki halasa-da döwrüň üýtgänligi sebäpli, sosial setlerdäki halaýan reňki baradaky soraglara "gök" diýmäge utanyp "mäkiýanswet" diýip aldaýanlygyny gözleri ýaşly gürrüň berýärdi. Men bir ýumuş oglany, ony mundan artyk diňlemäge sabrymam, wagtymam ýokdy.

-Eje al, towugyňy soýdum.

-Oglum üst-başyňy gyzyl gan edip, towuk soýduňmy ýa öküz?

-Hakyky gassaplar towugam öküz soýan ýaly edäýýäler. Indi toý haçan?

-Näme toý?

-Towuk soýsaň edýän toýuň bar-a.

-Hää, kimiň gyzyna baraýyn?

-Borisiň gyzyna.

-Ýelsiniň gyzynamy?

-Ýok how, Alla Boris gyzy Pugaçewa.

-Ol saňa näme diýjegini bilýäňmi?

-Maks, ty kosmos, haý, haý diýer.

Orta mekdebi oňat bahalar bilen tamamladym. Kakamyň erkek dogany meni öz ýanyna işlemäge çagyrdy. Ol obaň belli gassabydy (beýleki şiweler-ä bilmedim, bizde mal soýýana gassap diýilýär). Menden çopan, ofisiant, dostawşik, gaişnik çykar, ýöne gassap çykmaz. Bu meň naturamada laýyk däldi. Maňa birnäçe iri abraýly kärhanalardan gowy wezipeler hödürlenenem bolsa men (hiç ýerden iş tapylmanlygy sebäpli) barybir gassap bolmagy ýüregime düwdüm. Agam maňa gassabyň hünäriniň bazardan başlanýanlygyny, ilki maly tanamalydygymy, gassapçylygyň gadymdan bäri iň abraýly kärdigini gadymdan gelýän rowaýatlar bilen (köpüsini ol şu wagt döredipdi) düşündirdi. Gitdik mal bazara, (mallaň ysy, maldanam beter adamlaň ysy) aýlandyk, agamam saýlap iň uly öküzleň birini tutdy. Söwdalaşyp iki sagatlap durdular. Ahyrsoňy öküzem çydaman eýesine seredip: Alýoş razy bolaýsanaý, bul adam saňa şondan köp pul bermeýär diýdi.

Öküziň ýüpüni elime tutdurdy, pul sanap ugradylar. Öküzem meň gassap däldigimi aňdymy, nämemi, şahyny bir çekende ýüpüni sypdyryp mal bazaryň içinde ylgap ugrady. Agam bilen menem yzynda, pil ýaly öküz mallary ýykan, ýumran edip ylgap ýör, bazar yzanda-çuwanlyk. Ahyry tutduk öküzi.

Agama seredip:

-Meni bagyşla menden öküz çykmagy mümkin, ýöne gassap çykmaz, gassapçylygyň ýyldyzy sen ahyryn.

-"Gassapçylygyň ýyldyzy" diýen söz ýok gassapçylykda.

-Ýyldyz diýdigim bir ugurda ýokary netije gazanan.....

-Goý, goý suwjyk bagşylaň sözüni meň ýanymda aýtma.

-Diýjek bolýanym menden gassap çykmaz.

-Howlukma, sen entek gassaplaň ýyldyzy bolarsyň.

-Goýsanaý aga gassaplaňam ýyldyzy bolarmaý.

-Sen bar diýdiň-ä.

-Menä indi asmandaky ýyldyzlarada ýyldyz diýmäge gorkýan. Kiçijik aý diýäýmesem.

-Ýyldyzlar aslynda aýdan ula.

-Meň gözlem ker, dillerim kör, gulaklarym lal bolup ugrady indi...



Awtor Massimus

31
191
ylham_gurbanaly
04.09.2023 22:50

Ýene-de bar zady ýigit başlady.

Gördi. Söýdi. Mežnun boldy yzynda.

Ýigidiň söýgüsi, hyjuw-yhlasy

Ýüregine siňip gitdi gyzyň-da.


Ýene-de bar zady ýigit başlady,

"Söý"-den soň zor bilen sogruldy-da "ýän",

Soň özem duýmazdan gaýtalady ol,

"Hawa, hawa, seni...söýýän men, söýýän!


Ýene-de bar zady ýigit başlady,

Şeýtdi-de tutaşdy toýuň gürrüňi.

Gyzymyzy gelinlige äkitdi

Atgulakly gelnaljylaň kerweni.


Ýene-de bar zady ýigit başlady...

Ömürler birleşdi doguldy bäbek.

Bir gün gülen bolar bäbek diýeniň,

Käte gije ýatmaz aglakdyr, aglak.


Eýsem näme, aglap ulalar bäbek,

Alajyny taparys-la özlermiz.

Şeýdip, ýigitlermiz başlap bilse, bes,

Galanyny alyp çykýar gyzlarmyz.


Agageldi ITALMAZOW.

21
108
ylham_gurbanaly
04.09.2023 14:24

Bu Belki ýigitlerimize çagalygyny ýatladar.


3-4 ýaşlarymdadym. Irden turdum, turuzdylar dogrusy. Ejemiň äheňi üýtgän, maňa şeýle bir ýakymly ýüzlenýär, göräýdä, bolar ýaly däl. Öňem-ä depip turzanokdy welin, bu gün has başgaçady.

-Massimus, tur oglum, saňa süýtli gara çaý demledim, sowamasyn iç çaýyňy (-Dost, şu gezeg-ä diňletdiň, 3-4 ýaşyňdaky zatlar ýadyňda durmaz-a, kimi sokjak bolýaň? -Ýok! ýadymda dost, ol güni ýatdan çykaryp bolmaz, ýadymdan çykan ýerlerinem agalarym ulalamsoňam ýatladyp ýördüler). -Ine täze eşikleriňem geý, olary geýjek diýip haçan bäri owgan urşuny turzup ýördüň.

Bu bolýan zatlary halamadym. Beýle mähribançylygyň aňyrsynda hökman bir "elpe-şelpeligiň" bardygyny çaga ýüregim duýýardy.

-Eje bu eşikler näme? Toýa gidýäsmi?

-Howwa oglum toýa gidýäs.

-Kimiň toýuna?

-Goňşy kolhozdaky daýzaňlaň toýuna.

Ejem aldaýardy. Dogrusy, aldap başarmaýardy. Ol soňky sözlerini aýdanda biraz ýüzi gyzardy, gözlerini menden başga ýere sowup gepledi. Çaga bolsamam öýde bolýan täzeliklerden habarlydym. Şu wagta çenli öýde toý barada gürrüň edilmändi, ýogsa eşiderdim. Ýöne soňky wagtlar ejem bilen kakam maňa eşitdirmän pyşyrdaşyp gepleşýärdiler. Muňa kän ünsem beremokdym, dogrusy. Ýöne şol pyşyrdynyň arasynda kakamyň "Massimus eşitmesin ýöne" diýen sözlerini eşidip müýnürgäp ýördüm. Ine şol, meň eşitmeli däl diýlen günemem geldi öýdýän. Şunça gykylyk turuzsamam geýdirmedik täze eşiklerimi geýdirdiler. Öňler toýa gitseler, sen baran ýeriňde bizi masgara edýäň, toýdaky çagalara azar berýäň diýip goýup gitjek bolýardylar, her gezek toýa gitmek üçinem gyrlyşmaly bolýardym. Ýöne bu gezek özleri dobrowolnyý äkitjek diýýärler. Eh, Massimus, Massimus, "besplatnyý syr tolko w myşelowke" diýen sözleri şo wagtlary bilmeseňem, şübhelenmek üçin doly esaslaryň bardy.

Kakam öýe geldi. Görnüşi ýadawdy. Ejem:

-Gelýärmi?

-Howwa bir sagatlardan barjak diýdi, çagalaryň bäşisinem taýynlap goýuň diýdi.

-Ýaňyja gidip geldim, hemmesem taýyn.

Men bu gürrüňleri eşidip nämeleriň bolup ýörenine düşünmän durdum. Haýsy çagalar, kim gelmeli? Şol wagt menden iki ýaş uly goňşy oglanlaryň biri öýe geldi:

-Massimus oýnalymy?

Görsem olam täze eşiklerini geýipdir.

-Täze eşikleriňi geýipsiň, senem toýa barýaňmy?

-Ýok häzir ussa gelýär, ol bize köşekli-düýe berer. Onsoň düýä münüp hezil edip aýlanarys.

-Nämäň ussasy, nähili köşekli düýe?

-Aý bir ussa, kakama Siziň obaňyzda bäş sany akylly oglan bar, ertir baryp şolaň hersine bir köşekli-düýe berjek diýipdir. Olaň bir-ä sen, birem men, üçisem goňşularymyzyň çagalary.

Ind-ä tutuş kelebiň ujuny ýitirdim. Birinjiden-ä men akylly çaga däl, ikinjidenem ussa aýaz baba däl, ol sowgat paýlanok, ol ussaçylyk edýär, üçinjidenem maňa düýede gerek däl, köşegem, oň ýerine häzirki şarik atýan pistoletden iki sanysyny bir paçka oky bilen berse ýeterlik boljak. Garaz aklym çaşdy, Gde logika dostlar?

Biz iki bolup oýnap ýördük. Goňşulara motosiklli bir adam geldi. Nätanyş bolansoň seredip durduk, tanamadyk. Ol içeri girdi, biraz wagtdanam çykdy, soň beýleki öýe girdi, biraz wagtdan ondanam çykdy. Üçünji öýe giren wagty ýanymdaky oglanyň kakasy geldi, ogluna seredip:

-Ýör ussa geldi, häzir üç oglana aýdan sowgadyny berdi, indem seni soraýar, Massimus senem öýüňe bar, saň-a iň soňuna galansoň köşekli düýäň iň mürrügi galdy öýdýän diýip güldi.

Şu gelen kirli ýaşuly köşekli düýe paýlaýan ussa bolsa, onda hany munuň köşegi, düýesi, ýüzem jelladyňky ýaly, şto-to zdes ne çista, bir emmasy bolmasa, guýruk munda ne ýatyr diýleni...

Sabrym çydamady. Kiçijik detektiwdim. Murtsyz Puarodym. Ýaňkylaryň yzyna düşüp gitdim. Basym olara ussa-da bardy. Olar ýüzi bagtdan gülýän dostumy içki jaýa alyp gitdiler. Menem daşky gapydan girip diňläp durun. Birden içerden düýe almak isleýän dostum düýe ýaly bögürip ugrady:

-Waaaaaý, aaaaaaaaý, öööööööö.

Zähräm ýaryldy, gapydan ylgap çykdym. Şol ylgap barşyma bolan zatlary kellämde aýlaýardym. Nämeler bolýar? Bular bizi näme etjek bolýalar. Bu ussa Karlo kaka nirden peýda boldy? Ýa biziň Buratina ýaly burnumyzy oňarmaga geldimikä? Indi nirä barmaly, enemlere baraýsammykam? Ýok! Meni ilki şol ýerden gözlärler. Gowusy, babamlara gideýin, şol biraz uzagrak. Dogry, bu çykalgamam gaty ynamdar däldi, ýöne başga wariant ýokdy. Babamlara çenli aralyk esli bar, ýöne men olara gaty çalt bardym. Mamam pahyr öňümden çykdy.

-Wah oglum eýgilikmi, nämä haşlaýaň? Ýüzüňde gan-pet galmandyr.

-Mama öýe bandit geldi.

-Allajan, o nämäň bandidi?

-Aý çaga ogurlaýanmy, çaga iýýänmi, bir zatlar? Ýaňy hemme goňşylarymyz betlik edýän çagalaryny ýaňky lýudaýede berdiler (lýudaýedler baradaky kinolary köpüräk görýädik goňşularda), özüm gördüm, ýaňy Nazzyny alyp girdiler jaýyna, goýberiň diýip aglasada goýbermediler, iň soňkam men bolmalydym, gaçyp gaýtdym Size.

Mamam meni diňläp hezil edip güldi. Soň mal ýatak tarapdan babam pahyr geldi. Oňada meň aýdanlarymy gürrüň berdi. Bile gülüşdiler. Babam:

-Oglum seni ullakan oglan edip öýerjek bolupdyrlar öýüňdäkiler, sen ýalňyş düşünipsiň, her bir oglanjyk çaga wagty ýaňky ussa bilen ýüzbe-ýüz bolmaly. Ol ökdedir, agyrtmaz.

-Baba men ullakan boljak däl, şu durşum polny bolýa özüme. Şeýdip öýlenilýän bolsa, öýlenmänler geçeýin. Senden haýyş eger öýdäkiler meni sorap gelse, görmedik diýiň, bir-iki günden ussa gidensoň bararyn.

-Oglum, öýüňdäkiler seni alada eder-ä.

-Alada edip geçsin, öň kellesi nirdedi, ýaňky gidýänçä barjak däl, senem erkek bol baba, meni göreniňi olara aýtma.

Muňa olar has beter gülüşdiler. Şeýdip olaryň mal ýatagynda bukulyp oturdym.

Indi habary kimden al, öýdäkilerden al, olar meni hiç ýerden tapman, enemlere gelipdirler. Olarda-da ýok. Soňam babamlara gaýdypdyrlar. Babam sözünde durupdyr, meni satmandyr, ýöne meň bukulyp oturan ýerimi gören iň kiçi daýym (wah, şol kazýol daýym, häzirem şony görsem myrryhym tans oýnaýar) topbusyny piserdip kakam bilen onuň inisini göni mal ýataga alyp geldi. Gaçjak boldum, kakamyň inisi meni mäkäm tutdy. Iki bolup meni motosikle basyp alyp gaýtdylar. Ýol boýy uly ilim bilen gygyryp, gargap gaýtdym. Öýe getirdiler. Görsem ussaň motosikli ýok. Ejem meni görüp begendi.

-Oglum geliber, ussany urup kowduk, sen agaň bilen içki jaýa gir, multik görkezip dur.

Agam (kakamyň inisi) meni göterip içki jaýa eltdi. Içki jaýda bolsa hemme çagalara köşekli-düýe wada berip, wadasynda tapylmaýan, sakal-murtuny ömrüne almadyk şol arzyly ussa maňa garaşyp otyrdy...




Awtor: Massimus

25
288
ylham_gurbanaly
04.09.2023 00:12

Salam ýigitler. Gyz-bu düşnüksiz täsin dünýä, ylmyň ösen döwründe-de entek ylmy taýdan doly öwrenilmedik üýtgeşik jandar.

Geliň bu gün dürli ýagdaýlarda we ýerlerde gyzlar bilen tanyşmagyň medeniýeti barada gürrüň edeliň.

Köçede.

Käbir ýigitler köçede owadan gyzlary görseler (myžžygy çykan, elden galan, ostatok, zdaça berilýän, toýda seçilýän, bogusy 1 manat, oýnap zyňylan, sensory döwülen, tekeri ýarylan diýen sözler bilen mowzugy başga tarapa äkitmezligiňizi haýyş edýärin. Owadan gyz diýdigim, bu betnyşan bolmadyk gyz diýdigim) sygyryp, üýtgeşik sesler bilen gygyryp, "A gyz, tanşalyla, gowuja zat ekeniň, waý bu zady" diýýänlerem bar. Sagdyn kellä pikirlenip görseň beýtmek bilen diňe özüňi masgarabaz, oýnatgy ýaly görkezýäň. Hiç bir gyzam bular ýaly hereketlerden soň ýüzüňe seredesi gelmez. Haýsy gyz yzyndan sygyrylan wagty yzyna öwrülip: "Haýsyň sygyrdyň, tüweleme sygyryşyň gowy eken, agzyň bilen "Ärtogruly" çalyp beräýdä" diýer. Ol gyza lak atdygyň däl, bir ýerde görenem bolsaň muny özbaşdak etmäwer. Saglygyňa zyýan ýetirmegi mümkin.

Otluda.

Wagonyň içinde ýerleşýän geçelgedäki oturgyçlarda oturan gyzlar, kupeň içine öwrenişmänligi ýa-da içindäki ýolagçylaryň ýerleşmegine päsgel bermezlik üçin oturan bolmagy mümkin, bu ýagdaýdan romantika gözlemäň. Şu ýerde bir waka ýadyma düşýär. Size gürrüň bereýin, ýöne hiç kime aýtmaň, aýtsaňyzam hiç kime aýtma diýip aýdaweriň.

2007-nji ýyldy. Tanyşrak oglanlar bolup Aşgabada işe barýas. Otluda her kim öz ornuna ýerleşdi. Diňe bir oglan daşynda oturguçda otyrdy. Aňyrrakda bir gyzam oturgyçda oturan. Bu kowboýam oňa seredip gözüni gypýar, ol gyzam tumşugyny towlaýar. Opba, Gannam star, tumşugyny towladymy diýmek mende göwni bar diýip, muňa wozduşny posalar ýollaýar, garaz her-hili bolýar bu beçe. Ol gyzam muny kupede oturan agasyna aýdýar. Kupeden çykyp bul oglana tarap gaýdýar bir King Kong. Hatda Waluýewem oň ýanynda çagasy ýaljak.

Gelşine bir eli bilen bokurdagyndan tutup ýokary galdyrýar muny. Bizem aşakda bäş bolup ýalbarýas:

"Agam gaty görmäweri, bul oglanyň kellesi nemeräk, ýakynda awariýa bolup kelleden agyr trawma alan, şondan bir gözi öz-özünden gyrpylýar" diýdik. Eger-de özi aýdan bolsa belki ynanmazdan. Ýöne biz japbaklar ýaly agzybirlikde bäş bolup ýalbaryp duransoň, ynandy öýdýän, goýberdi.

-Sen hakykatdanam dälimiň?

-Ä.

Dostumam polny däli knopkany basdy, başga alajam ýok indi.

-Iki gözüm sende bolar, küpä girme, şu ýerde otur, eger aldaýanyňy biläýsem, häki ederin.

-Ä, Ä. (Oskary alan aktýorlaram, roluny şul oglan ýaly ýürekden oýnan däldir).

Şeýdip bu betbagt agşam çyra öçýänçä bir gözüni gypyp oturdy.

Naharhana.

Tanyşlyk üçin iň erbet ýer. Bu ýerde gyzyň ýüzünede uzak seretme. Ol agzyma seredýärmikä diýip naharynam oňly iýip bilmez.

Awtobus.

Ine bu ýer gözleriň biri-biri bilen söýüşýän ýeri. Bir dostum münüpdir awtobusa. Seretse öňüräkde bir gyz muňa seredip mylaýym ýylgyryp dur. Başga zada ünsüni sowup, birazdan seretse ýene şol görnüş. Ýaňky gyz geçisi ekiz guzlan ýaly ýene ýylgyryp durmuş. Ilkä bu gyz irden demir kruşkada gyzgyn çaý içäýdimikä diýibem oýlapdyr. Soň bul oglanam agyrsyrap her wagt gözüniň gytagy bilen seredýärmiş o gyza. Garaz dostum gelmeli ýerine gelip düşende, bu gyzam düşüpdir. Soň dostumyň ýanyna gelip, özi tanyşlyk açyp, bile surata düşmäge razylyk sorapdyr. Bulam türkmen aýdymçylary ýaly durşuna näz bilen minnetmiş. Ahyryn selfie düşüpdirler. Ol gyzam begenjine jorasyna jaň edýärmişin:

-Jurkam, bir zat aýtsam ynanmarsyň, multfilmde bezzat çagalary bolan ene maýmyn bara. Eddil, kopiýa şoňa meňzeş oglan gördüm şu wagt, suratada düşdüm, baransoň görkezerin..




* Awtor: Massimus

91
883