ylham_gurbanaly
05.09.2023 12:53

-Massimus, oglum, öýde kakaňam ýok, bar bir towuk tutup, soýup getirsene.

-Towuk tutup, soýup...Eje, men çag-a entek.

-Boýuňy boýum bilen deň edip. 10 ýaşadyň, menä seni öýlendireýin diýip ýördüm, sen bolsa towugam soýup bileňok.

-Eje, öýlenmäge towuk soýmagyň näme dahyly bar?

-Gelniň aç boldum, towuk soýup beräý diýse näme etjek?

-Şoň üçin ilki gelnimi anyklap, görüp aljak.

-Aç bolmaýanyny aljakmy?

-Ýok towuk soýup bilýänini aljak.

Elimde pyçak, towuk ketegiň agzyna bardym. Öňem towugyň soýulyş prossesindäki iň jogapkärçilikli, howply we gara işi men edýädim. Ýyrtyjy horazymyz bilen söweşip, oň söýgili towuklarynyň birini keteginden men alyp çykýadym. Bu gezegem ýuwaşlyk bilen ketege girdim. Horazymyz garrapdyr, (saç, sakaly çal, elinde hasa) görgüli, ketege girenimi görmedik boldy, onuň iň owadan, iň näzli, (gününiň esasy bölegini "towuk girls stars Marina" salonynda geçirýän) towugyny tutdym, duýmadyk boldy. Bu ýaşdan soň ony towuklar kän gyzyklandyrmaýan bolara çemeli, hemmesini alsaňam "goý" diýjek däl. Ol beýleki towuklar bilen gürleşen bolup durdy. Ýaş wagty nähili görmegeý, çalasyn bolanlygyny, obaň horazlarynyň "horazy" bolanlygyny agzyny köpürjikledip gürrüň berýädi. Käşg-ä towuklar ony tanamasydylar. Ýaş wagty goňşy obadaky towuk fermasynyň hüýr towuklary bilen söýüşişini, mekdebi tamamlap Horazystan halk hojalyk institutyna okuwa tabşyranlygyny, ol ýerdäki dekan horazlaryň seň aňryň näbelli (inkubasiadan çykan) diýip synagdan ýykanlygyny, "Ýaňlan horaz sesi" aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşyp mylaýym, ýakymly sesi bilen ýaşaýyş sosial derejesiniň laýyk gelmänligi üçin ýer alyp bilmänligini, soňunda alaç tapman Hinditowuk Respublikasyna işlemäge gidenligini, ol ýerde-de bir maşennik horaza sataşyp bar puluny aldyranlygyny, ýaşlykdan gök reňki halasa-da döwrüň üýtgänligi sebäpli, sosial setlerdäki halaýan reňki baradaky soraglara "gök" diýmäge utanyp "mäkiýanswet" diýip aldaýanlygyny gözleri ýaşly gürrüň berýärdi. Men bir ýumuş oglany, ony mundan artyk diňlemäge sabrymam, wagtymam ýokdy.

-Eje al, towugyňy soýdum.

-Oglum üst-başyňy gyzyl gan edip, towuk soýduňmy ýa öküz?

-Hakyky gassaplar towugam öküz soýan ýaly edäýýäler. Indi toý haçan?

-Näme toý?

-Towuk soýsaň edýän toýuň bar-a.

-Hää, kimiň gyzyna baraýyn?

-Borisiň gyzyna.

-Ýelsiniň gyzynamy?

-Ýok how, Alla Boris gyzy Pugaçewa.

-Ol saňa näme diýjegini bilýäňmi?

-Maks, ty kosmos, haý, haý diýer.

Orta mekdebi oňat bahalar bilen tamamladym. Kakamyň erkek dogany meni öz ýanyna işlemäge çagyrdy. Ol obaň belli gassabydy (beýleki şiweler-ä bilmedim, bizde mal soýýana gassap diýilýär). Menden çopan, ofisiant, dostawşik, gaişnik çykar, ýöne gassap çykmaz. Bu meň naturamada laýyk däldi. Maňa birnäçe iri abraýly kärhanalardan gowy wezipeler hödürlenenem bolsa men (hiç ýerden iş tapylmanlygy sebäpli) barybir gassap bolmagy ýüregime düwdüm. Agam maňa gassabyň hünäriniň bazardan başlanýanlygyny, ilki maly tanamalydygymy, gassapçylygyň gadymdan bäri iň abraýly kärdigini gadymdan gelýän rowaýatlar bilen (köpüsini ol şu wagt döredipdi) düşündirdi. Gitdik mal bazara, (mallaň ysy, maldanam beter adamlaň ysy) aýlandyk, agamam saýlap iň uly öküzleň birini tutdy. Söwdalaşyp iki sagatlap durdular. Ahyrsoňy öküzem çydaman eýesine seredip: Alýoş razy bolaýsanaý, bul adam saňa şondan köp pul bermeýär diýdi.

Öküziň ýüpüni elime tutdurdy, pul sanap ugradylar. Öküzem meň gassap däldigimi aňdymy, nämemi, şahyny bir çekende ýüpüni sypdyryp mal bazaryň içinde ylgap ugrady. Agam bilen menem yzynda, pil ýaly öküz mallary ýykan, ýumran edip ylgap ýör, bazar yzanda-çuwanlyk. Ahyry tutduk öküzi.

Agama seredip:

-Meni bagyşla menden öküz çykmagy mümkin, ýöne gassap çykmaz, gassapçylygyň ýyldyzy sen ahyryn.

-"Gassapçylygyň ýyldyzy" diýen söz ýok gassapçylykda.

-Ýyldyz diýdigim bir ugurda ýokary netije gazanan.....

-Goý, goý suwjyk bagşylaň sözüni meň ýanymda aýtma.

-Diýjek bolýanym menden gassap çykmaz.

-Howlukma, sen entek gassaplaň ýyldyzy bolarsyň.

-Goýsanaý aga gassaplaňam ýyldyzy bolarmaý.

-Sen bar diýdiň-ä.

-Menä indi asmandaky ýyldyzlarada ýyldyz diýmäge gorkýan. Kiçijik aý diýäýmesem.

-Ýyldyzlar aslynda aýdan ula.

-Meň gözlem ker, dillerim kör, gulaklarym lal bolup ugrady indi...



Awtor Massimus

31
191
Ayjahan Spr 04
16 Sentýabr 2023
😁😂😂
mahaaa
9 Sentýabr 2023
😄😄😄😄👍👏
wolf
5 Sentýabr 2023
😂😂😂😂👌👍🔥👏
tmaa
5 Sentýabr 2023
@12445, 🙂🙂
01042
5 Sentýabr 2023
Gülüp hezil etdim spasibooo 🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.