Bu Belki ýigitlerimize çagalygyny ýatladar.
3-4 ýaşlarymdadym. Irden turdum, turuzdylar dogrusy. Ejemiň äheňi üýtgän, maňa şeýle bir ýakymly ýüzlenýär, göräýdä, bolar ýaly däl. Öňem-ä depip turzanokdy welin, bu gün has başgaçady.
-Massimus, tur oglum, saňa süýtli gara çaý demledim, sowamasyn iç çaýyňy (-Dost, şu gezeg-ä diňletdiň, 3-4 ýaşyňdaky zatlar ýadyňda durmaz-a, kimi sokjak bolýaň? -Ýok! ýadymda dost, ol güni ýatdan çykaryp bolmaz, ýadymdan çykan ýerlerinem agalarym ulalamsoňam ýatladyp ýördüler). -Ine täze eşikleriňem geý, olary geýjek diýip haçan bäri owgan urşuny turzup ýördüň.
Bu bolýan zatlary halamadym. Beýle mähribançylygyň aňyrsynda hökman bir "elpe-şelpeligiň" bardygyny çaga ýüregim duýýardy.
-Eje bu eşikler näme? Toýa gidýäsmi?
-Howwa oglum toýa gidýäs.
-Kimiň toýuna?
-Goňşy kolhozdaky daýzaňlaň toýuna.
Ejem aldaýardy. Dogrusy, aldap başarmaýardy. Ol soňky sözlerini aýdanda biraz ýüzi gyzardy, gözlerini menden başga ýere sowup gepledi. Çaga bolsamam öýde bolýan täzeliklerden habarlydym. Şu wagta çenli öýde toý barada gürrüň edilmändi, ýogsa eşiderdim. Ýöne soňky wagtlar ejem bilen kakam maňa eşitdirmän pyşyrdaşyp gepleşýärdiler. Muňa kän ünsem beremokdym, dogrusy. Ýöne şol pyşyrdynyň arasynda kakamyň "Massimus eşitmesin ýöne" diýen sözlerini eşidip müýnürgäp ýördüm. Ine şol, meň eşitmeli däl diýlen günemem geldi öýdýän. Şunça gykylyk turuzsamam geýdirmedik täze eşiklerimi geýdirdiler. Öňler toýa gitseler, sen baran ýeriňde bizi masgara edýäň, toýdaky çagalara azar berýäň diýip goýup gitjek bolýardylar, her gezek toýa gitmek üçinem gyrlyşmaly bolýardym. Ýöne bu gezek özleri dobrowolnyý äkitjek diýýärler. Eh, Massimus, Massimus, "besplatnyý syr tolko w myşelowke" diýen sözleri şo wagtlary bilmeseňem, şübhelenmek üçin doly esaslaryň bardy.
Kakam öýe geldi. Görnüşi ýadawdy. Ejem:
-Gelýärmi?
-Howwa bir sagatlardan barjak diýdi, çagalaryň bäşisinem taýynlap goýuň diýdi.
-Ýaňyja gidip geldim, hemmesem taýyn.
Men bu gürrüňleri eşidip nämeleriň bolup ýörenine düşünmän durdum. Haýsy çagalar, kim gelmeli? Şol wagt menden iki ýaş uly goňşy oglanlaryň biri öýe geldi:
-Massimus oýnalymy?
Görsem olam täze eşiklerini geýipdir.
-Täze eşikleriňi geýipsiň, senem toýa barýaňmy?
-Ýok häzir ussa gelýär, ol bize köşekli-düýe berer. Onsoň düýä münüp hezil edip aýlanarys.
-Nämäň ussasy, nähili köşekli düýe?
-Aý bir ussa, kakama Siziň obaňyzda bäş sany akylly oglan bar, ertir baryp şolaň hersine bir köşekli-düýe berjek diýipdir. Olaň bir-ä sen, birem men, üçisem goňşularymyzyň çagalary.
Ind-ä tutuş kelebiň ujuny ýitirdim. Birinjiden-ä men akylly çaga däl, ikinjidenem ussa aýaz baba däl, ol sowgat paýlanok, ol ussaçylyk edýär, üçinjidenem maňa düýede gerek däl, köşegem, oň ýerine häzirki şarik atýan pistoletden iki sanysyny bir paçka oky bilen berse ýeterlik boljak. Garaz aklym çaşdy, Gde logika dostlar?
Biz iki bolup oýnap ýördük. Goňşulara motosiklli bir adam geldi. Nätanyş bolansoň seredip durduk, tanamadyk. Ol içeri girdi, biraz wagtdanam çykdy, soň beýleki öýe girdi, biraz wagtdan ondanam çykdy. Üçünji öýe giren wagty ýanymdaky oglanyň kakasy geldi, ogluna seredip:
-Ýör ussa geldi, häzir üç oglana aýdan sowgadyny berdi, indem seni soraýar, Massimus senem öýüňe bar, saň-a iň soňuna galansoň köşekli düýäň iň mürrügi galdy öýdýän diýip güldi.
Şu gelen kirli ýaşuly köşekli düýe paýlaýan ussa bolsa, onda hany munuň köşegi, düýesi, ýüzem jelladyňky ýaly, şto-to zdes ne çista, bir emmasy bolmasa, guýruk munda ne ýatyr diýleni...
Sabrym çydamady. Kiçijik detektiwdim. Murtsyz Puarodym. Ýaňkylaryň yzyna düşüp gitdim. Basym olara ussa-da bardy. Olar ýüzi bagtdan gülýän dostumy içki jaýa alyp gitdiler. Menem daşky gapydan girip diňläp durun. Birden içerden düýe almak isleýän dostum düýe ýaly bögürip ugrady:
-Waaaaaý, aaaaaaaaý, öööööööö.
Zähräm ýaryldy, gapydan ylgap çykdym. Şol ylgap barşyma bolan zatlary kellämde aýlaýardym. Nämeler bolýar? Bular bizi näme etjek bolýalar. Bu ussa Karlo kaka nirden peýda boldy? Ýa biziň Buratina ýaly burnumyzy oňarmaga geldimikä? Indi nirä barmaly, enemlere baraýsammykam? Ýok! Meni ilki şol ýerden gözlärler. Gowusy, babamlara gideýin, şol biraz uzagrak. Dogry, bu çykalgamam gaty ynamdar däldi, ýöne başga wariant ýokdy. Babamlara çenli aralyk esli bar, ýöne men olara gaty çalt bardym. Mamam pahyr öňümden çykdy.
-Wah oglum eýgilikmi, nämä haşlaýaň? Ýüzüňde gan-pet galmandyr.
-Mama öýe bandit geldi.
-Allajan, o nämäň bandidi?
-Aý çaga ogurlaýanmy, çaga iýýänmi, bir zatlar? Ýaňy hemme goňşylarymyz betlik edýän çagalaryny ýaňky lýudaýede berdiler (lýudaýedler baradaky kinolary köpüräk görýädik goňşularda), özüm gördüm, ýaňy Nazzyny alyp girdiler jaýyna, goýberiň diýip aglasada goýbermediler, iň soňkam men bolmalydym, gaçyp gaýtdym Size.
Mamam meni diňläp hezil edip güldi. Soň mal ýatak tarapdan babam pahyr geldi. Oňada meň aýdanlarymy gürrüň berdi. Bile gülüşdiler. Babam:
-Oglum seni ullakan oglan edip öýerjek bolupdyrlar öýüňdäkiler, sen ýalňyş düşünipsiň, her bir oglanjyk çaga wagty ýaňky ussa bilen ýüzbe-ýüz bolmaly. Ol ökdedir, agyrtmaz.
-Baba men ullakan boljak däl, şu durşum polny bolýa özüme. Şeýdip öýlenilýän bolsa, öýlenmänler geçeýin. Senden haýyş eger öýdäkiler meni sorap gelse, görmedik diýiň, bir-iki günden ussa gidensoň bararyn.
-Oglum, öýüňdäkiler seni alada eder-ä.
-Alada edip geçsin, öň kellesi nirdedi, ýaňky gidýänçä barjak däl, senem erkek bol baba, meni göreniňi olara aýtma.
Muňa olar has beter gülüşdiler. Şeýdip olaryň mal ýatagynda bukulyp oturdym.
Indi habary kimden al, öýdäkilerden al, olar meni hiç ýerden tapman, enemlere gelipdirler. Olarda-da ýok. Soňam babamlara gaýdypdyrlar. Babam sözünde durupdyr, meni satmandyr, ýöne meň bukulyp oturan ýerimi gören iň kiçi daýym (wah, şol kazýol daýym, häzirem şony görsem myrryhym tans oýnaýar) topbusyny piserdip kakam bilen onuň inisini göni mal ýataga alyp geldi. Gaçjak boldum, kakamyň inisi meni mäkäm tutdy. Iki bolup meni motosikle basyp alyp gaýtdylar. Ýol boýy uly ilim bilen gygyryp, gargap gaýtdym. Öýe getirdiler. Görsem ussaň motosikli ýok. Ejem meni görüp begendi.
-Oglum geliber, ussany urup kowduk, sen agaň bilen içki jaýa gir, multik görkezip dur.
Agam (kakamyň inisi) meni göterip içki jaýa eltdi. Içki jaýda bolsa hemme çagalara köşekli-düýe wada berip, wadasynda tapylmaýan, sakal-murtuny ömrüne almadyk şol arzyly ussa maňa garaşyp otyrdy...
Awtor: Massimus