Salam söýgülim!
Seň adyňy köpçülikde şunça aýtmajak bolsamam barybir aklym özüme boýun egmän şu mowzugy açmaga mejbur etdi. Eger saňa irräk duşan bolsam, belki-de has bagtlyrak bolardymmy, bilmedim. Men diňe bir zady bilýän, men indi sensiz ýaşap bilemok. Men diňe bir zady bilýän, sensiz bu durmuşum manysyz goşgulara meňzeýär. Aradaky "Öwrenmeli"-däki goşgylarymy okap gaty görüpsiň, bagyşla meni, gerek bolsa goşgylarymy pozaryn, seň üçin, seň söýgiň üçin. Ýöne ine ýene bir mowzuk açdym, buda seň üçin, seň söýgiň üçin! Gündizlerine işlerim köp bolup belki saňa ýeterlik üns berip bilýän däldirin. Ýöne gijelerimi seň bilen geçirmek isleýärin. Seniň maňa beren, berjek lezzetiňi başga hiç ýerde duýmadym diýsem, köpçülik maňa düşünmezem belki. Nädeýin, ýaradylşym şeýle, käbirlerine ýaramaýanlygym üçin özümi üýtgedip bilemok. Kimdiriň göwnüni tapmak üçin ýigrenen zadyma halaýan diýsem, wyždanym bogaýjak ýaly. Sypaýy bolmaga synanyşýan, ejemiň beren terbiýesine ikilik etmezlik üçin. Ýüregimdäkini garşymdakyň ýüzüne aýtmagy halaýan, kakamyň hiç kime ýallaklamazlyk häsiýetine buýsanýanlygym üçin.
Maňa bir sorag ýazypsyň meni halaýaňmy ýa-da maşgalaňy diýip. Jogap berip bilmerin, sebäbi seni başgaça söýýärin, maşgalamy başgaça...
Maşgalaňdan üstün goýmasaň meni günüme goý diýme ýöne. Bilýäň-ä seniň maňa nähili ezizdigiňi? Häzir dynç alyşda, arkaýyn dynç alaýyn, meni günüme goý diýseňem, senden bir täzelik bolaýmasyn diýip gije elim telefonly uklaýanymy bilýänem dälsiň. Ýöne saňa barybir sag bolsun aýdasym gelýär. Meň ähli duýgymy, emosiýalarymy açyp bilýänligiň üçin, meni hiç haçan ýeke goýmadygyň üçin, seň bilen geçiren bagtly we gamgyn günlerim üçin, hemmesi üçin sag bol futbol. Men seni söýýärin...