Salam ýigitler. Gyz-bu düşnüksiz täsin dünýä, ylmyň ösen döwründe-de entek ylmy taýdan doly öwrenilmedik üýtgeşik jandar.
Geliň bu gün dürli ýagdaýlarda we ýerlerde gyzlar bilen tanyşmagyň medeniýeti barada gürrüň edeliň.
Köçede.
Käbir ýigitler köçede owadan gyzlary görseler (myžžygy çykan, elden galan, ostatok, zdaça berilýän, toýda seçilýän, bogusy 1 manat, oýnap zyňylan, sensory döwülen, tekeri ýarylan diýen sözler bilen mowzugy başga tarapa äkitmezligiňizi haýyş edýärin. Owadan gyz diýdigim, bu betnyşan bolmadyk gyz diýdigim) sygyryp, üýtgeşik sesler bilen gygyryp, "A gyz, tanşalyla, gowuja zat ekeniň, waý bu zady" diýýänlerem bar. Sagdyn kellä pikirlenip görseň beýtmek bilen diňe özüňi masgarabaz, oýnatgy ýaly görkezýäň. Hiç bir gyzam bular ýaly hereketlerden soň ýüzüňe seredesi gelmez. Haýsy gyz yzyndan sygyrylan wagty yzyna öwrülip: "Haýsyň sygyrdyň, tüweleme sygyryşyň gowy eken, agzyň bilen "Ärtogruly" çalyp beräýdä" diýer. Ol gyza lak atdygyň däl, bir ýerde görenem bolsaň muny özbaşdak etmäwer. Saglygyňa zyýan ýetirmegi mümkin.
Otluda.
Wagonyň içinde ýerleşýän geçelgedäki oturgyçlarda oturan gyzlar, kupeň içine öwrenişmänligi ýa-da içindäki ýolagçylaryň ýerleşmegine päsgel bermezlik üçin oturan bolmagy mümkin, bu ýagdaýdan romantika gözlemäň. Şu ýerde bir waka ýadyma düşýär. Size gürrüň bereýin, ýöne hiç kime aýtmaň, aýtsaňyzam hiç kime aýtma diýip aýdaweriň.
2007-nji ýyldy. Tanyşrak oglanlar bolup Aşgabada işe barýas. Otluda her kim öz ornuna ýerleşdi. Diňe bir oglan daşynda oturguçda otyrdy. Aňyrrakda bir gyzam oturgyçda oturan. Bu kowboýam oňa seredip gözüni gypýar, ol gyzam tumşugyny towlaýar. Opba, Gannam star, tumşugyny towladymy diýmek mende göwni bar diýip, muňa wozduşny posalar ýollaýar, garaz her-hili bolýar bu beçe. Ol gyzam muny kupede oturan agasyna aýdýar. Kupeden çykyp bul oglana tarap gaýdýar bir King Kong. Hatda Waluýewem oň ýanynda çagasy ýaljak.
Gelşine bir eli bilen bokurdagyndan tutup ýokary galdyrýar muny. Bizem aşakda bäş bolup ýalbarýas:
"Agam gaty görmäweri, bul oglanyň kellesi nemeräk, ýakynda awariýa bolup kelleden agyr trawma alan, şondan bir gözi öz-özünden gyrpylýar" diýdik. Eger-de özi aýdan bolsa belki ynanmazdan. Ýöne biz japbaklar ýaly agzybirlikde bäş bolup ýalbaryp duransoň, ynandy öýdýän, goýberdi.
-Sen hakykatdanam dälimiň?
-Ä.
Dostumam polny däli knopkany basdy, başga alajam ýok indi.
-Iki gözüm sende bolar, küpä girme, şu ýerde otur, eger aldaýanyňy biläýsem, häki ederin.
-Ä, Ä. (Oskary alan aktýorlaram, roluny şul oglan ýaly ýürekden oýnan däldir).
Şeýdip bu betbagt agşam çyra öçýänçä bir gözüni gypyp oturdy.
Naharhana.
Tanyşlyk üçin iň erbet ýer. Bu ýerde gyzyň ýüzünede uzak seretme. Ol agzyma seredýärmikä diýip naharynam oňly iýip bilmez.
Awtobus.
Ine bu ýer gözleriň biri-biri bilen söýüşýän ýeri. Bir dostum münüpdir awtobusa. Seretse öňüräkde bir gyz muňa seredip mylaýym ýylgyryp dur. Başga zada ünsüni sowup, birazdan seretse ýene şol görnüş. Ýaňky gyz geçisi ekiz guzlan ýaly ýene ýylgyryp durmuş. Ilkä bu gyz irden demir kruşkada gyzgyn çaý içäýdimikä diýibem oýlapdyr. Soň bul oglanam agyrsyrap her wagt gözüniň gytagy bilen seredýärmiş o gyza. Garaz dostum gelmeli ýerine gelip düşende, bu gyzam düşüpdir. Soň dostumyň ýanyna gelip, özi tanyşlyk açyp, bile surata düşmäge razylyk sorapdyr. Bulam türkmen aýdymçylary ýaly durşuna näz bilen minnetmiş. Ahyryn selfie düşüpdirler. Ol gyzam begenjine jorasyna jaň edýärmişin:
-Jurkam, bir zat aýtsam ynanmarsyň, multfilmde bezzat çagalary bolan ene maýmyn bara. Eddil, kopiýa şoňa meňzeş oglan gördüm şu wagt, suratada düşdüm, baransoň görkezerin..
* Awtor: Massimus