ylham_gurbanaly
07.09.2023 15:54

Dürüşde geçmişiň tagamyn dadyp,

Boşap galan öz dünýämde gygyrdym.

Unudylyp galan çäýnek mysaly,

Gaýnadym.

Döküldim.

Soňam bugardym.


Ýasama ýylgyrşyň nikabyn geýip,

Käte syrly, kä ýarymam düňledim.

Şeýdip kem-kem ýalňyzlyga imrigen -

ýüregimiň sedasyny diňledim.


Köp gezdiler dogan ýaly gatnaşyp,

Soňunda barybir "ýat ogly" boldum.

Iller "Şatlyk" bilen söýüşýärkäler,

Men "Gamgynlyk" bilen adagly boldum.


Her kim gatnawynda gitýärem welin,

Ykbalym wokzala meňzeýän ýaly.

Henizem bir petek eýesiz ýatyr,

Ýaradan bir ýerde egleýän ýaly...



Ylham GURBANALYÝEW

2022.

21
105
alma___
7 Sentýabr 2023
Dùrùşde garyndy diýen manyny berýà
myrataly_
7 Sentýabr 2023
@garlawac_, Kasha😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.