Salam, asuda Watanda erkana dem alýan, geçmişi taryhyň köklerine çuňňur ornan, geljegi bu gününden aýdyň, ýigitleri bürgüt, gözelleri humaý, ýaşululary dili senaly, nurana, jenneti ülkämiziň agzybir adamlary.
Sizi "Tanyşmak aýyp däl" atly wirtual gepleşigimizde hoş gördük. Gepleşigiň maksady birazajyk tanyşlyk bilen agzalary ýakynlaşdyrmak we siziň ýüzüňizde azajygam bolsa ýylgyryş alamatlaryny döretmek:) Gepleşigimiziň 1-nji sanyny "LORD" agzamyzdan başlamagy makul bildik.
Size ýörite men tarapyndan soraglar berler. Islemeýän soragyňyza jogap bermän bilersiňiz. Beýleki agzalaryňam gyzyklandyrýan soraglary bar bolsa, teswirde galdyryp bilersiňiz!
Gepleşigiň hemayatkäri "Ýumurtga çakyp bilmeýän gyzlardan manty bişirýän gyzlara salam" hojalyk jemgyýeti.
Hany onda LORD taýýar bolsaňyz, poýehali)
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyz...
3. Öwrenmelä näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?
5. Nesibe diýen zada nähili garaýşyňyz bar?
6. Söýgi siziň diliňizde näme?
7. Söýüp almakmy ýa alyp söýmekmi?
8. Şuwagtky siz bilen 2 ýyldan soňky siziň araňyzda nämeler üýtgäp biler?
9. Ömrüňizdäki iň gowy gün haçandy?
10. Nämeler bilen gyzyklanýaňyz?
11. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
12. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
13. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Durmuşda üstünlikler ýar bolsun! Sag boluň!