ylham_gurbanaly
21.10.2024 18:22
Yzyma seretmän gaçýan, ynansaň,
Baryp gujaklanym kölegäm bolýar.
Gülýän jaý ýerinde, dymlanda dymýan,
Soragdan ýadamsoň:
“Saňa näm bolýar?”

Men bu adamlardan näme isleýän,
Garaşýan sebäpsiz gapymy ýapman.
Olaň arasynda özüm ýitirýän,
Ýigrenýän olary özümi tapman.

Söýgim ýüregimde ýapraga dönen,
Olar gaçmak üçin garaşýa gyşa.
Şonda-da, özümde nägilelik ýok,
Aýdýanlarym meňzese-de nalyşa.

Çaga gülkisine aýňalýan birden,
Ýene duýgulardan oýarýa aklym:
Şunça möhüm meseläniň içinde
Sen bu hassalygy nireden tapdyň?!

Gurbanmyrat Meredow
8
59
ylham_gurbanaly
18.10.2024 21:52
Kenarda galan balyk,
Suwa iteklär özün...
Menem kenarda galdym. Umman ýaly göreçleriňe sygyp bilmedim. Çäge basyp gitmänkä gelermikäň?!
Seni yzyňa dolamak üçin, seniň bilen bolan bagtly günleri dolamak üçin hat-da wagtyňam yza gaýdasy gelýär, emma olam tebigatyň kanunyny bozup başaranok...
Senli günlerde ýaşamak üçin hat-da telefondaky kalendary-da yza süýşürip goýdum.
"Ol dolanar" diýip, ynamymy ynandyrdym.
Uçup gitmesin diýip, arzuwlarymy tussag etdim.
Umyda "Gaýrat et!" ýazgyly 22 tonna sabyr iberdim.
Şatlygy işden boşatdym. "Ol gelende gelersiň" diýdim.
Hyýalymdaky geljegime "to be continued" diýip ýazdym.
*****
Düýn bagymda 2 sany serçäniň şadyýan bile oýnap ýörenini görenimde birwagtda hem şatlygy hem gussany datdym. Olaryň şeýle boluşyna begendim, şol bir wagtda hem adamlaryň käte şular ýaly bolup bilmeýändigine gynandym.
Ýakynda tapan pişigimem meniň bolşumy görüp meni begendirmek isleýär, emma olam içimdäki dertlerimi bilenok...
100-den köp suratyňy bir ýere jemledim, ýöne seni döredip bilmedim.
Wagt bilen jedel etdim. Seni unutdyryp bilse, näme islese şony ederin diýdim. Şonuňkam kyn ýöne, indi diňe ölümimi göräýmese...

Ylham GURBANALYÝEW
12
67
ylham_gurbanaly
09.10.2024 18:50
Jaň et!

Saralan surata seredip siňe,

Ýatlama çümersiň ýaprak gaçanda.

Köşeşer gidersiň- sen maňa jaň et,

Ýalňyzlyk başyňy tutsa haçanda.


Ýaz gelip, meýdana çykasyň geler,
Içiňi dökmäge asman astynda.
Çagyr meni, ýüregiňi diňle-de,

Gelerin bar bolsam ýeriň üstünde.


Hatyrasy üçin hoş geçen günleň,

Başarsaň, ýüregňe etme ikilik.

Özümi bir ömür bagyşlap bilmen,

Eşitsem gözlerňe gussa çekeniň.


Gaýgyly bolmasyn aýdýan aýdymlaň,

Täleýde şonsuzam ýeterlik gam bar.

Soňky duşuşykda aýdyp gaýdanlam,

Saňa kyn günüňde bolsun howandar.


Gijeler düýş görüp, gorkup oýansaň,

Ynan onuň ýönekeý bir düýşdügne.

Bilýän, kem- kem ýatlamaňam goýarsyň,

Göz ýetirip indi ýanmaň giçdigne.


Barybir, geçmişe seredip siňe,

Başyňy ýaýkama duşdan geçenne.

Açylar gidersiň,

sen maňa jaň et,

Ýalňyzlyk başyňy tutsa haçanda.

Aşyr Hanow
10
63
ylham_gurbanaly
07.10.2024 22:29
Ezizim, ýör, gideli-le...
Gerek däl-ä, boýnuň burmak!
Bilseň, günleň arzuwydy,
"Bagt" diýip, seni gowşurmak.

Soňumyz hiç bolmaz öýdüp,
Iýseň-de sen gulak-etim.
Kino ýaly görkezjek men,
Kalbymdaky muhabbeti.

Wah, şonsuzam ýetik ahyr,
Aýralygy sary güýziň.
Erte güne ynam goýup,
Gadryny bileli düýniň.

Agymyza seretmez wagt,
Ýyllar söýmez çagalary,
Elden süýjümizi, alsa bermez-ä!
Ýa aýralyk gitsin, ýa-da biz gideli
Barsagelmeze...

Ylham GURBANALYÝEW
8
55
ylham_gurbanaly
29.09.2024 15:07
Gülden görkli, hem aý ýüzlim,
Kalby tämiz, humaý gözlim,
Käte aýan, käte gizlin
Şugün meni söýseň bolýar.

Düşün, bile hoşdugyma,
Sensiz göwre boşdugyna,
Çydap ara daşlygyna,
Şugün meni söýseň bolýar.

Arzuw-uly, umyt-kiçi
Sabyr saňa kyndyr neçün?
Bagtdan dogjak günler üçin,
Şugün meni söýseň bolýar.

Söýen ýürek köýmez ýaly,
Aýralygam söýmez ýaly,
"Düýnem bardy" diýmez ýaly,
Şugün meni söýseň bolýar.

Günler geçer düzüm-düzüm,
Ömür bir gün öwrer ýüzün,
Şoňa çenli diýjek sözüm,
Şugün meni söýseň bolýar.

Ylham GURBANALYÝEW
18
120
ylham_gurbanaly
13.09.2024 22:44
Kimiň ýadynda şu multfilm?

Anastasiýa

Bilýänler, teswirde aýagyňyzy galdyryp bilersiňiz))

#nostalgia
24
189
ylham_gurbanaly
12.09.2024 17:45
Güýz - bu hereket pasly. Her kim bir zatlar bilen başagaý (menden başga) Garynjalary dagy görseň Dakar 2024 Ralli ýaryşyny gurnaýan ýaly. Bir-biriniň üstünden geçip hereketde. Şolary görsem ýaponlara meňzetýän. Ýaponlar diňe iş, iş, karýera. Türkmen aga bolsa 2 aý işlese 4 aý ýatasy gelýär. Karoçi, şeýle hereketli pasylda hemmäňize armaň diýmek bilen, "Tanyşmak aýyp däl" Virtual tanyşlyk gepleşigimiziň 21-nji sanynda siziň hemmejäňizi hoş gördük. Gepleşigimiziň bu gezekki myhmany her gün Italiýanyň Milan šäheriniň "Modalar öýünden" çykman, "Uff, nirdenem giripdirin " diýip okuwdan çykýan @milanaaa agzamyz.
Geliň, geçiň hoş gördük sizi. (Okuwdan çykyp gelen çaga-da, Portfelinäm süýräp getiripdir))
Başladyk onda:

1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk...
Bu birinjimi ýa başga-da bardymy?
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?
5. "Söýseň söýülersiň" diýen adam şol gün içgilidi diýýäler. Siz nähili pikirde?
6. Akylly bolmak peýdalymy ýa zyýanly?
7. Amaliamy ýa Jeren Halnazarowa . Haýsyny has ýigrenýäňiz?
8. Bir günlik oglan bolmaly bolsaňyz ilkinji edäýjek 3 zadyňyz?
9. Gözelligiňize görä özüňize 1-10 aralykda näçe bal berip bilersiňiz?
10. Rapmi ýa Halk aýdym. Haýsyny köp diňleýäňiz? Ikisindenem iň köp diňläniňiziň adyny ýazyň.
11. Akuna-Matata. Karoçi size multfilmleriň arhiwi diýdiler. Serediň indi:
a) "Ol gaza basýar"
b) "S.............a............l..............a...........m"
c) " Anastasiýa, men entek gelerin"
Hersi bir multfilmden. Biljek bolup synanşyň
12. Ýakyn 10 ýylda siziň durmuşyňyzda üýtgäp biläýjek 3 zat haýsylar bolar?
13. Gündelik durmuşyňyzdan iň gyzykly bir wakany aýdyp berseňiz(eger syr bolmasa)
14. Öwrenmeliniň agzalaryna möhüm aýtmaly zadyňyz barmy?
15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
17. Goý, Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun. Dumuşda üstünlik! Saglykda gõrşeliň!
15
255
ylham_gurbanaly
12.09.2024 00:42
Gündiz Güne paýlaşýan şol öňkije bu derdimi
Diňlejegem bolmadyňyz, gulaklarňyz kerdimi

Aýdym bolup ýaňlanyp dur gulagymda o sözleri
Unudyp bolarmy heý-de, ol ajap gözleri

Ýagdaýyma gynanma sen, gynangynam diýjek däl.
Dünýe birýan, sen birýan, Hiç bir zady biljek däl

Kynlyk bilen geçip gidýär sensiz günlermiň gijesi
Bilseň indi ýalňyzlyk ykbalymyň bijesi


Aýdaý maňa nirde galdy gülkileriň jak-jaky
Meni günde iýip barýar sagatlaryň jyk-jyky

Umman ýaly duýgularyň birwagt gitdi göçgüni
Ýuwaş ýuwaş sönüp barýar bu kalbymyň uçguny

Maňa indi gyzykly däl dünýäniň ähli gülleri,
Her gün seni unutmaga mejbur edýän bu günleri.

Sen özgäňki, men özgäňki, bolar indi ýeke çäk...
Ömürbaky hoş gal indi, hoş gal indi Ýeke-täk...

Ylham GURBANALYÝEW
*Gitarada aýdym edip aýdyldy. Ýakynda aýdym platformalarda paýlaşmagym mümkin.
14
74
ylham_gurbanaly
11.09.2024 20:46
Gideňden bäri,
Duýgularmy iteňden bäri
Indi hiç zat geň bolanok
Deň gelenok irdenki sözüm bilen agşamky sözüm
Özüm bilen özüm uruşýan
Synanyşýan,
Ýatlamalary ýassyk basyp öldürmäge.
Synanyşýan ýaralaryma köz basyp bitirmäge.
Seni ýitirmäge
gorkuşym ýaly,
Gorkulaň bary
gorkuzmady meni
Seni
Söýüşim ýaly söýdümikä Mežnun
Päk niýetlerimi aýyrmaz melgun
Bir gün däl, her gün
göreşýän däli
Güneşem häli
söz berip gitdi ertir geljegine
Senem eliňi ber geljegime...

Ylham GURBANALYÝEW
11.09.24 02:30
14
107
ylham_gurbanaly
11.09.2024 14:48
Ýokarda Ssenariýaçy
Al eliňe kagyzy,
kalbyňy açyp
Ýazyp bilseň ýaz, ahyry!
Ýanyp bilseň ýan, ahyry!
Ýok a:hyry!
Agladymam diýýärsiň,
Birki damja hiç.
Boldumy giç?
Gözýaşlarym sunami
Şol bir günde ýaşasaň,
Parhy barmy senäniň
Bolsa bolsun, näme, ýeke söýmek günämi?!
Robinzonam 28 ýyl ýeke gezdi kenary
Öz-özüme Gippokrat men,
bejererin ýaramy
Arkaýyn bol ölmerin
Men adam-a, pişik çenli bolmarynmy
Şonuňam 9 jany
Tarakankam 9 gün kellesiz gezmek
Meniňkäm bir ömür özümi ezmek...

Ylham GURBANALYÝEW
11.09.2024
14
66