ylham_gurbanaly
07.10.2024 22:29
Ezizim, ýör, gideli-le...
Gerek däl-ä, boýnuň burmak!
Bilseň, günleň arzuwydy,
"Bagt" diýip, seni gowşurmak.

Soňumyz hiç bolmaz öýdüp,
Iýseň-de sen gulak-etim.
Kino ýaly görkezjek men,
Kalbymdaky muhabbeti.

Wah, şonsuzam ýetik ahyr,
Aýralygy sary güýziň.
Erte güne ynam goýup,
Gadryny bileli düýniň.

Agymyza seretmez wagt,
Ýyllar söýmez çagalary,
Elden süýjümizi, alsa bermez-ä!
Ýa aýralyk gitsin, ýa-da biz gideli
Barsagelmeze...

Ylham GURBANALYÝEW
8
55
ylham_gurbanaly
8 Oktýabr 2024
@zumerret_, Salam. Haýsysy dogry bolýan eken?
zumerret_
8 Oktýabr 2024
Agymyza seretmez wagt -my ? Ya A:gymyza seretmez wagt - my ? 🤔
zumerret_
8 Oktýabr 2024
Bileli gadryny düýniň / bolsa kapýa daş boljak 🥰.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.