ylham_gurbanaly
11.09.2024 14:48
Ýokarda Ssenariýaçy
Al eliňe kagyzy,
kalbyňy açyp
Ýazyp bilseň ýaz, ahyry!
Ýanyp bilseň ýan, ahyry!
Ýok a:hyry!
Agladymam diýýärsiň,
Birki damja hiç.
Boldumy giç?
Gözýaşlarym sunami
Şol bir günde ýaşasaň,
Parhy barmy senäniň
Bolsa bolsun, näme, ýeke söýmek günämi?!
Robinzonam 28 ýyl ýeke gezdi kenary
Öz-özüme Gippokrat men,
bejererin ýaramy
Arkaýyn bol ölmerin
Men adam-a, pişik çenli bolmarynmy
Şonuňam 9 jany
Tarakankam 9 gün kellesiz gezmek
Meniňkäm bir ömür özümi ezmek...

Ylham GURBANALYÝEW
11.09.2024
13
58
sabyrly
11 Sentýabr 2024
Haha başlangyjyny bir täsin görüpdim sakawyñ soñuna seret diyyara Daş edipsiñ muny. Üstünlik
Karaleva_
11 Sentýabr 2024
👍🏻
zumerret_
11 Sentýabr 2024
Çepbekey eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.