Kenarda galan balyk,
Suwa iteklär özün...
Menem kenarda galdym. Umman ýaly göreçleriňe sygyp bilmedim. Çäge basyp gitmänkä gelermikäň?!
Seni yzyňa dolamak üçin, seniň bilen bolan bagtly günleri dolamak üçin hat-da wagtyňam yza gaýdasy gelýär, emma olam tebigatyň kanunyny bozup başaranok...
Senli günlerde ýaşamak üçin hat-da telefondaky kalendary-da yza süýşürip goýdum.
"Ol dolanar" diýip, ynamymy ynandyrdym.
Uçup gitmesin diýip, arzuwlarymy tussag etdim.
Umyda "Gaýrat et!" ýazgyly 22 tonna sabyr iberdim.
Şatlygy işden boşatdym. "Ol gelende gelersiň" diýdim.
Hyýalymdaky geljegime "to be continued" diýip ýazdym.
*****
Düýn bagymda 2 sany serçäniň şadyýan bile oýnap ýörenini görenimde birwagtda hem şatlygy hem gussany datdym. Olaryň şeýle boluşyna begendim, şol bir wagtda hem adamlaryň käte şular ýaly bolup bilmeýändigine gynandym.
Ýakynda tapan pişigimem meniň bolşumy görüp meni begendirmek isleýär, emma olam içimdäki dertlerimi bilenok...
100-den köp suratyňy bir ýere jemledim, ýöne seni döredip bilmedim.
Wagt bilen jedel etdim. Seni unutdyryp bilse, näme islese şony ederin diýdim. Şonuňkam kyn ýöne, indi diňe ölümimi göräýmese...
Ylham GURBANALYÝEW