ylham_gurbanaly
29.09.2024 15:07
Gülden görkli, hem aý ýüzlim,
Kalby tämiz, humaý gözlim,
Käte aýan, käte gizlin
Şugün meni söýseň bolýar.

Düşün, bile hoşdugyma,
Sensiz göwre boşdugyna,
Çydap ara daşlygyna,
Şugün meni söýseň bolýar.

Arzuw-uly, umyt-kiçi
Sabyr saňa kyndyr neçün?
Bagtdan dogjak günler üçin,
Şugün meni söýseň bolýar.

Söýen ýürek köýmez ýaly,
Aýralygam söýmez ýaly,
"Düýnem bardy" diýmez ýaly,
Şugün meni söýseň bolýar.

Günler geçer düzüm-düzüm,
Ömür bir gün öwrer ýüzün,
Şoňa çenli diýjek sözüm,
Şugün meni söýseň bolýar.

Ylham GURBANALYÝEW
18
120
timm
3 Oktýabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
crazygirll_
30 Sentýabr 2024
@garlawac, 😁iyme köp diydina:)
garlawac
30 Sentýabr 2024
@crazygirll_, gaýrat et, aç gezmek saglyga zyýanly)
crazygirll_
30 Sentýabr 2024
@garlawac, hgaa duyshumdede hushumdada:)😏
garlawac
30 Sentýabr 2024
@crazygirll_, dok wagtyň barmy)
crazygirll_
30 Sentýabr 2024
@garlawac, alada etsem ajygyp bashlayana men:)
garlawac
30 Sentýabr 2024
@crazygirll_, Alada edýäňmi)
crazygirll_
30 Sentýabr 2024
@garlawac, haaaa 🤔😁:)
garlawac
30 Sentýabr 2024
@crazygirll_, ,,🙄" ???
crazygirll_
29 Sentýabr 2024
@ylham_gurbanaly, Ertir?!:)näme?:)🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.