yakup allabayew
26.03.2023 22:54
Kynçylygy ýeñmek bilen sabyr et,
Diýmegin" Başymdan agdykdyr derdim"
Şu günüñe edip bilseñ şükür et,
Howlykman ýöräber ädimme ädim

Nebisiñ özüñden geçäýse öñe,
Bolarsyñ ýöne bir duranja sa:lgym,
Baryña maýyl hem kaýyl bolupda
Howlykman ýöräber ädimme ädim,

Öz-özüñe berme artyk bahany,
Tutsun gowulykda il seniñ adyñ,
Hars urup bolşuñdan beter bolmada,
Howlykman ýöräber ädimme ädim

Käteler ýykylyp, käte-de galyp,
Ýazgytda ýazylan paýyñy alyp
Seni ýaradany ýadyña salyp,
Howlukman ýöräber ädimme ädim.

Awtory:Ýakup Allabaýew
16
129
yakup allabayew
22.03.2023 00:30
Allah  ylham berip düzsem bir şygyr,
hiç ýalana beslemen,
Şu berilen ujypsyzja ömrümde,
Gedem bolup gowne degmek islemen

Bassaşym kän,  görip dona dolanan
Olar bilen asla deñ bolup bilmen
Atsalarda gybat atly top bilen
Ýylgyraryn —— göwne degmek islemen

Halal nanym tapyp dişlemek üçin
Göreşerin haýsy ýoldan gitsemem
Ýeñil gazanç bilen eklenmek üçin
Rysgalyma haram garmak islemen

Awtory: Ýakup Allabaýew
9
69
yakup allabayew
21.03.2023 00:22
Durmuş gyzyklydy çagalyk döwri,
Oýnardyk urşardyk garaz topolañ
Indi bolsa bu ýaşlaryñ höwüri,
Bolup galdy öýjüklije telefon

Öýden gaçyp bilsek meýdana tarap
Başgaby çykaryp zyñardyk göge
Garagolluk etsek sag-çepe garap
Tutulmasak bor diýip, eñerdik öñe

Topar topar bolup baglara girip
Ogurlap dogurlap alarsyñ paýyñ
Uly iş bitirip gelende öýe
Elinjek şapbadam bolardy taýyn

Ot ýakardyk tomsuñ yssy çagynda
Üýşüp oña gyzynanam bolardyk
Gepe söze düşnüksizje çagada
Şeýdip mal ýatagam oda bererdik
Gaýgynam gussanam duýmazdyk her hal
Bardy başymyzda ýaşlyk tagtymyz
Bu gün bolsa pikirlerde oýlanýan
Göz ýumar salymda geçdi wagtymyz

Awtory:Ýakup Allabaýew
15
101
yakup allabayew
20.03.2023 00:29
Durmuşuñ synagly ýodalarynda,
Ýeke goýup gidip bilseñ gidäýgin
Unudaryn ýöne welin unutma
Sen hakdaky pikir, öldi biläýgin.

Haçanda köneje duşan ýermizden
Geçen wagtyñ gözleriñi ýumaýgyn
Meni taşlap, aýra düşen günmizden
Saña bolan mähir, söndi biläýgin.

Bolan zada gelip durka gaharyñ
Näçe zulum edip bilseñ edäýgin
Emma özgäñ gujagynda mahalyñ
Ana şonda meni, öldi biläýgin

Awtory: Ýakup Allabaýew
13
143
yakup allabayew
23.02.2023 23:44
Ýoluñ gyrasynda durun howlukmaç,
Niýet, maşyn saklap işime eñmek,
Şol pursat aýylganç sesini edip,
Assa bilen geçip gitdi Tiz kömek.

Aslynda maksady ýuwaş sürmek däl,
Emma ýol bermedi oñ sesin duýan,
Göwnüme bolmasa tukat şafýory,
Ýoldaky dyknyşyk alada goýan.

Elinde ak bäbek, özem gundagda,
Tiz-tizden seredýär bir zatlar diýe,
Ýarawsuzja şol perişdäñ halyna,
Dözmäni aglaýar şepagat uýa.

"Ençe muşakgady gören halasgär,
Nämüçin aglaýar ýüregin gyýa,
Bolsada çagajyga,
bolup penakär,
Şoñ üçin aglaýar şepagat uýa.

Diýdimde oýlandym eslije wagt,
Gije, gündiz mydam biz üçin oýa,
Siziñem işiñiz beýle ýeñil däl,
Alla kuwwat bersin Şepagat uýa.

Awtory: Ýakup Allabaýew
13
101
yakup allabayew
21.02.2023 22:15
Ýassyk hakda düzüpdim men owalam,
Kemsinmesin düşek bilen ýorganam.

Myhman gelse ilki düşek taşlanar,
Soñra gyzgalañly gepe başlanar,

Düşek ýumşak bolsa hezeder g...ñ
Eger gaty bolsa geplemän ötüñ.

Düşek gowy bolsa gije rahatdyr,
Ýorgan ýoldaşsyza göwün rahatdyr.

Epläp müpläp gujaklarsyñ ýorgany,
Gijäñ nähili geçişin gör hany.

Ýoldaşyñ ýoklugun bildirmez saña,
Rahatja ukyda ýetersiñ daña.

Ýorganam gerek düşegem gerek,
Olarsyz gije uky biderek.

Türkmenimde aýtgy bardyr şeýleräk,
"Düşegiñ ýumşady" gelaýda irräk.

Diñe bir aýtgy däl bardyr nakyl,
"Ýorgana görä aýak uzat" akyl.

Ýeke ýatmak bilen çäklenmän diñe,
Adamy dogry ýola ündeýär ine.

Awtory : Ýakup Allabaýew
13
70
yakup allabayew
17.02.2023 20:02
Ýürekler öwsüner sergin şemala,
Sergin şemal bilen keýpiñ sazlaşar,
Ol şemalam öwrüläýse tupana,
Oña maýyl bolan kalbyñ azaşar.

Söýen ýaryñ bilen bagtly bolsañ,
Öñde, soñda çekjek derdiñ paýlaşar,
Haram keýpe oý pikiriñ baglasañ,
Oña maýyl bolan kalbyñ azaşar.

Almazam kiçidir daşdan garasañ,
Güne çyksa gören gözler gamaşar,
Pul yzynda ýüregiñi daglasañ,
Şeýtana gul bolan kalbyñ azaşar.

Awtory: Ýakup Allabaýew
17
85
yakup allabayew
15.02.2023 21:26
Kyn günüñde ejeñ geler ýanyña,
Gelerem elbetde ýeter dadyña,
Çeken azabyny salgyn ýadyña,
Ugruñda ylgaýan ejedir Eje.

Çagalykda ak süýt berip emdiren,
Gijelerne ýatman dañyn atyran,
Mähir doly gujagynda ýatyran,
Ol gahryman ynsan Ejedir Eje

Ejeñ dogasydyr bagta ýetirýän,
Rysgal, baýlyk, saglygyñy getirýän,
Müşgil işiñ añsatlyga bitirýän,
Ol dili senaly Ejedir Eje.

Bu pany baky däl oýlanyp görgùn,
Dirilikde sylap dirikä söýgün,
Ýanyñyzda wagty gadryny bilgin,
Ol gadyrdan ynsan Ejedir Eje.

Awtory:Ýakup Allabaýew
16
96
yakup allabayew
13.02.2023 21:51
Adamlara peýda gapysy bolsañ,
Senden govy senden gadyrlysy ýok,
Haçan özleri dek ýogundan tutsañ,
Senden erbet senden gadyrsyzy ýok.

Senden peýda tapsa gapyñ kakarlar,
Kyn gününde özleri gözläp taparlar,
Işi bitýänçäler, gülüp bakarlar,
Kyn günüñde asyl olañ biräm ýok.

Kim dost kim duşman bilip bolmady,
Dost diýeniñ gepiñ edip doýmady,
Men bilmedim niýetleri soýmakmy,
Indi bulañ hijisinden peýda ýok.

Awtory: Ýakup Allabaýew
18
93
yakup allabayew
11.02.2023 22:58
Baýlyk durmuşyñ bezegi däldir,
Ol diñe özgerder daşky dünýäñi,
Eliñden geleni uly zat däldir,
Ýönekeý zat bilen beze dünýäñi.

Halallykdyr dogry ýolda ýöreseñ,
Ol mertlikdir halal ryska göreşseñ,
Ululyk däl kiçilige öwrenşseñ,
Kiçijek zat bilen beze dünýäñi.

Maşgala jem bolsa jebisdir goýny,
Hiç haçan bükülmez erkegiñ boýny,
Çagajyklañ gülki bilen oýuny,
Çagajyklañ bilen beze dünýäñi.

Uly baýlygyñdyr ejeñ barlygy,
Uly abraýyñdyr kakañ barlygy,
Agzybir maşgala bagtyñ barlygy,
Ol maşgalañ bilen beze dünýäñi.

Awtory: Ýakup Allabaýew
15
93