Durmuşuñ synagly ýodalarynda,
Ýeke goýup gidip bilseñ gidäýgin
Unudaryn ýöne welin unutma
Sen hakdaky pikir, öldi biläýgin.
Haçanda köneje duşan ýermizden
Geçen wagtyñ gözleriñi ýumaýgyn
Meni taşlap, aýra düşen günmizden
Saña bolan mähir, söndi biläýgin.
Bolan zada gelip durka gaharyñ
Näçe zulum edip bilseñ edäýgin
Emma özgäñ gujagynda mahalyñ
Ana şonda meni, öldi biläýgin
Awtory: Ýakup Allabaýew