yakup allabayew
26.03.2023 22:54
Kynçylygy ýeñmek bilen sabyr et,
Diýmegin" Başymdan agdykdyr derdim"
Şu günüñe edip bilseñ şükür et,
Howlykman ýöräber ädimme ädim

Nebisiñ özüñden geçäýse öñe,
Bolarsyñ ýöne bir duranja sa:lgym,
Baryña maýyl hem kaýyl bolupda
Howlykman ýöräber ädimme ädim,

Öz-özüñe berme artyk bahany,
Tutsun gowulykda il seniñ adyñ,
Hars urup bolşuñdan beter bolmada,
Howlykman ýöräber ädimme ädim

Käteler ýykylyp, käte-de galyp,
Ýazgytda ýazylan paýyñy alyp
Seni ýaradany ýadyña salyp,
Howlukman ýöräber ädimme ädim.

Awtory:Ýakup Allabaýew
16
129
yakup allabayew
30 Mart 2023
Myhman Myhman,hovva
Myhman Myhman
29 Mart 2023
Gowy goşgy sen bärik geçäýdiňmi ýakup aga
yakup allabayew
27 Mart 2023
A.E.S,👍👍👍👍👍
yakup allabayew
27 Mart 2023
Güljagaz♡♡♡,zeleli yokk
yakup allabayew
27 Mart 2023
best_person, 👍👍👍👍👍
A.E.S
27 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻☑️...........
Güljagaz♡♡♡
27 Mart 2023
Like mynasyp goşgy eken👍👍👍ýöne men like basyp bilemokda.....
yakup allabayew
27 Mart 2023
atakulyyewa_humay,sa:lgym bolanda yone bir semalyn ugryna galgap duryan zat mysalynda.da
atakulyyewa_humay
26 Mart 2023
*sa:lgym sözi näme manyny aňladýar?! Goşgy 👍
yakup allabayew
26 Mart 2023
jemal_seyitniyazowa, 😊😊😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.