yakup allabayew
21.02.2023 22:15
Ýassyk hakda düzüpdim men owalam,
Kemsinmesin düşek bilen ýorganam.

Myhman gelse ilki düşek taşlanar,
Soñra gyzgalañly gepe başlanar,

Düşek ýumşak bolsa hezeder g...ñ
Eger gaty bolsa geplemän ötüñ.

Düşek gowy bolsa gije rahatdyr,
Ýorgan ýoldaşsyza göwün rahatdyr.

Epläp müpläp gujaklarsyñ ýorgany,
Gijäñ nähili geçişin gör hany.

Ýoldaşyñ ýoklugun bildirmez saña,
Rahatja ukyda ýetersiñ daña.

Ýorganam gerek düşegem gerek,
Olarsyz gije uky biderek.

Türkmenimde aýtgy bardyr şeýleräk,
"Düşegiñ ýumşady" gelaýda irräk.

Diñe bir aýtgy däl bardyr nakyl,
"Ýorgana görä aýak uzat" akyl.

Ýeke ýatmak bilen çäklenmän diñe,
Adamy dogry ýola ündeýär ine.

Awtory : Ýakup Allabaýew
13
70
yakup allabayew
21 Fewral 2023
best_person👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.