yakup allabayew
11.02.2023 22:58
Baýlyk durmuşyñ bezegi däldir,
Ol diñe özgerder daşky dünýäñi,
Eliñden geleni uly zat däldir,
Ýönekeý zat bilen beze dünýäñi.

Halallykdyr dogry ýolda ýöreseñ,
Ol mertlikdir halal ryska göreşseñ,
Ululyk däl kiçilige öwrenşseñ,
Kiçijek zat bilen beze dünýäñi.

Maşgala jem bolsa jebisdir goýny,
Hiç haçan bükülmez erkegiñ boýny,
Çagajyklañ gülki bilen oýuny,
Çagajyklañ bilen beze dünýäñi.

Uly baýlygyñdyr ejeñ barlygy,
Uly abraýyñdyr kakañ barlygy,
Agzybir maşgala bagtyñ barlygy,
Ol maşgalañ bilen beze dünýäñi.

Awtory: Ýakup Allabaýew
15
93
yakup allabayew
12 Fewral 2023
AýgülÝazweliýewa,sag bol minnetdar
AýgülÝazweliýewa
12 Fewral 2023
😃😃😃😃👍🏻👍🏻👍🏻
AýgülÝazweliýewa
12 Fewral 2023
yakup allabayew, gowy ýazypsyň 📌
yakup allabayew
11 Fewral 2023
best_person,👍👍👍
Şaperi❄️❄️
11 Fewral 2023
best_person,best better very best ... Söz ýok!👏😂
yakup allabayew
11 Fewral 2023
butterfly,👍👍👍👍👍👍
yakup allabayew
11 Fewral 2023
Marýam,sag bolun
butterfly
11 Fewral 2023
👍👍👍👍👏🏻👏🏻👏🏻
Şaperi❄️❄️
11 Fewral 2023
yakup allabayew,😊😊😊
Marýam
11 Fewral 2023
Gowy goşgy bolupdyr👌👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.