Ýoluñ gyrasynda durun howlukmaç,
Niýet, maşyn saklap işime eñmek,
Şol pursat aýylganç sesini edip,
Assa bilen geçip gitdi Tiz kömek.
Aslynda maksady ýuwaş sürmek däl,
Emma ýol bermedi oñ sesin duýan,
Göwnüme bolmasa tukat şafýory,
Ýoldaky dyknyşyk alada goýan.
Elinde ak bäbek, özem gundagda,
Tiz-tizden seredýär bir zatlar diýe,
Ýarawsuzja şol perişdäñ halyna,
Dözmäni aglaýar şepagat uýa.
"Ençe muşakgady gören halasgär,
Nämüçin aglaýar ýüregin gyýa,
Bolsada çagajyga,
bolup penakär,
Şoñ üçin aglaýar şepagat uýa.
Diýdimde oýlandym eslije wagt,
Gije, gündiz mydam biz üçin oýa,
Siziñem işiñiz beýle ýeñil däl,
Alla kuwwat bersin Şepagat uýa.
Awtory: Ýakup Allabaýew