yakup allabayew
17.02.2023 20:02
Ýürekler öwsüner sergin şemala,
Sergin şemal bilen keýpiñ sazlaşar,
Ol şemalam öwrüläýse tupana,
Oña maýyl bolan kalbyñ azaşar.

Söýen ýaryñ bilen bagtly bolsañ,
Öñde, soñda çekjek derdiñ paýlaşar,
Haram keýpe oý pikiriñ baglasañ,
Oña maýyl bolan kalbyñ azaşar.

Almazam kiçidir daşdan garasañ,
Güne çyksa gören gözler gamaşar,
Pul yzynda ýüregiñi daglasañ,
Şeýtana gul bolan kalbyñ azaşar.

Awtory: Ýakup Allabaýew
17
85
yakup allabayew
20 Fewral 2023
Meryemushkaaa, sag bolun
Meryemushkaaa
19 Fewral 2023
Owadan hemde tasirli goshgy. Tuweleme
yakup allabayew
18 Fewral 2023
Myhman Myhman,👍👍👍👍
yakup allabayew
18 Fewral 2023
Shining ✨,sag bolun minnetdar
yakup allabayew
18 Fewral 2023
❀sεησяιтα❀꧂,sag bolun
Myhman Myhman
18 Fewral 2023
😘😘😘😘😘😘😘😘
Shining ✨
18 Fewral 2023
Gowy goşgy haladym hem bellige aldym👍🏻
senorita
18 Fewral 2023
Ajaýyp 👍❤️
yakup allabayew
18 Fewral 2023
Marýam,👍
Marýam
17 Fewral 2023
👏......👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.