vekil_city
03.03.2024 16:20
Bir gurluşyk kärhanasynda işleýän ýaşuly gurluşykçynyň hormatly dynç alşa çykmaly wagty gelipdi. Şonuň üçin hem ol kärhananyň ýolbaşçysyna işden çykmak isleýändigini, mundan soňra diňe maşgalasynyň arasynda bolmakçydygyny aýdýar. Kärhananyň ýolbaşçysy, elbetde, işe ezber ussasynyň işden gitmegine jany-teni bilen gynanýar. Ýöne hormatly dynç alşa çykmak üçin ýaşy dolan bolsa, etjek alajyň näme?! Ol ýaşuly ussadan ýene bir gowluk etmegini – kärhana bilen bagly ýyllaryndaky iň soňky öýüni hem gurup bermegini haýyş etdi. Ussa razy boldy we işe girişdi. Emma gurlan jaýy synlan her bir adam bu işiň göwünli-göwünsiz edilendigini aňlap biljekdi. Çünki ony ussa diňe dynç alşa gitmek we işi basymrak tamamlamak maksady bilen gurupdyr. Hat-da gurluşyk serişdeleriniň hem iň bir hili peslerinden peýdalanypdyr. Aý, garaz, başdan sowmalyk-da!

Öýüň gurluşygy taýyn bolandan soň, kärhananyň ýolbaşçysy öýi gözden geçirmäge gelýär. Öýe girip-girmänem daşky gapynyň açaryny ussa berýär.

-Bu öý seniňki, menden saňa sowgat bolsun!

Ine, şonda ussa eden işine utanmakdan ýaňa ýere giräýjek bolupdyr. Wah, ol guran öýüniň ahyrky netijede özüne beriljekdigini başdan bilen bolsa, beýle gurarmydy?!

Bu sapak durmuşda her birimize-de degişlidir. Biz her gün öz ömrümiziň bir bölegini bina edýäris. Köplenjem eden işimize doly yhlasymyzy siňdiremizok. Iň soňunda bolsa, şu başdan sowmalyk bilen guran öýmüzde özümiziň ýaşamalydygymyza göz ýetirip, eden işimize puşman edýäris. Geçmişe dolanyp bolsa, ähli zady iň kämil derejede etjekdigimiz barada oýlanýarys. Ýöne, gynansak-da, bizde bu mümkinçilik ýok. Diýmek, ömrümiziň we öýüzmiziň baş ussasy – biziň özümiz. Geliň, onda, her bir edýän işimizi mümkin bolup biläýjk iň gowy derejede amal etmäge çalşalyň!

Ruslan ABDYÝEW,

HTTU-nyň talyby.
23
54
vekil_city
07.12.2023 03:45
Hawa, bu gün uly toý, uly baýram. Bu gün biziň başlygymyz nesip edenden 27 ýaşady. Başlyk, janyňyzyň sag, belent başyňyzyň aman bolmagyny Beýik Biribardan dileýäris. Goý Allatagala sizi öz penasynda görünmez-bilinmez belalardan gorap saklasyn, enşalla indiki ýyllara-da Hudaý ýetirsin! Bu günki sýurpriziňiz (işgärleriňize eçilen bol näz-nygmatlaryňyz) ömür ýadymyzdan çykmaz. Başlyk, edil söz baýlygyma ýok, şu kiçijik gutlagymy kabul etmegiňizi uly hormat bilen haýyş edýärin! Doglan günüň gutly bolsun! — diýip, sözümi jemläýin...
Häppi böz deý tu ýu!
Häppi böz deý tu ýu!
Häppi bözdi, häppi bözdi,
Häppi böz deý tu ýu!🎉🍻👏
06.12.2023, 21:00.
Hormatlamak bilen, işgärleriňiz we
@Vekil_City.
11
41
vekil_city
04.12.2023 13:15
1791-nji ýy­lyň 4-nji de­kab­ryn­da W.S. Burn ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň il­kin­ji ýek­şen­be gün­ki ga­ze­ti bo­lan “The Ob­server”-iň il­kin­ji sa­ny çyk­ýar. Eýe­çi­li­gi dür­li ýyl­lar­da üýt­gän ne­şir hä­zir­ki wagt­da “The Gu­ar­di­an” ga­ze­ti hem-de “The Gu­ar­di­an We­ek­ly” hal­ka­ra žur­na­ly bi­len bi­le­lik­de Bri­ta­ni­ýa­nyň “Gu­ar­di­an Me­dia Group plc” (GMG) köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li­dir.

Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.
04.12.2023, 13:14.
@Vekil_City
20
26
vekil_city
03.12.2023 19:58
Kä­bir adam bi­yg­ty­ýar ýag­daý­da bar­mak­la­ry­ny şyr­kyl­dad­ýar. Bu en­dik ada­ma ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­ny be­rip, her ge­zek gaý­ta­lan­yny duý­man gal­ýar. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne ýa-da art­ri­tiň (bo­gun­la­ryň so­wuk­la­ma­sy) dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar di­ýen dür­li ga­ra­ýyş­lar bar. Eý­sem, bu ga­ra­ýyş­lar yl­ma esas­lan­ýar­my?
Rew­ma­to­log­lar (bo­gun şi­kes­le­ri luk­ma­ny) bu ga­ra­ýyş­la­ry yl­my esas­da sel­je­rip, bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak en­di­gi ba­ra­da şeý­le ne­ti­je çy­kar­dy.
Bar­ma­gy­ňy şyr­kyl­da­daň­da çyk­ýan ses bo­gun­lar­da­ky si­no­wi­al su­wuk­lyk­lar­da­ky kö­pür­jik­le­riň ýa­ryl­ma­gyn­dan dö­re­ýär. Si­no­wi­al su­wuk­lyk bo­gun­la­ry «ýag­la­ma­ga» kö­mek ed­ýän te­bi­gy mad­da bo­lup, sag­dyn he­re­ket et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak kö­pür­jik­le­riň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýan gar­şy­lyk­la­ýyn ba­sy­şy dö­red­ýär. Bi­ler­men­leriň öň­ler şyr­kyl­dy­ny kö­pür­jik­le­riň çök­me­gi di­ýip ha­sap­la­ýan­dyk­la­ry­na ga­ra­maz­dan, ge­çi­ri­len tä­ze bar­lag­lar bar­mak­lar­da­ky se­siň ha­ky­kat­dan hem kö­pür­jik­le­riň dö­räp-ýa­ryl­ma­gyn­dan ýü­ze çyk­ýan­dy­gyny gör­kezdi. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­da­da­ny­ňyz­dan soň, der­rew gaý­ta­lap bil­me­jek­di­gi­ňi­ze göz ýe­ti­ren bol­ma­gy­ňyz müm­kin. Mu­nuň bio­lo­gik se­bä­bi bo­lup, boş­lu­gyň we kö­pür­ji­giň dol­­ma­gy üçin 20 mi­nut tö­we­re­gi wagt ge­rek.

Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun çiş­me­si­ne se­bäp bol­ýar­my?
Luk­man­lar bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň art­ri­tiň ös­me­gi bi­len bag­la­ny­şy­gy­nyň ýok­du­gy­ny, ýag­ny sag­lyk üçin zy­ýan­ly däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len köp san­ly bar­lag­lar­da bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne se­bäp bol­ýan­dy­gy ba­ra­da su­but­na­ma ta­pyl­ma­dy.
Ka­li­for­ni­ýa­ly ýa­zy­jy Do­nald Un­ger bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak art­rit tö­wek­gel­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar di­ýen çak­la­ma­ny der­ňe­mek üçin örän tä­sin sy­nag ge­çiripdir. Ol 50 ýyl­dan gow­rak çep eli­niň bar­mak­la­ry­ny her gün azyn­dan 2 ge­zek şyr­kyl­dadypdyr. Bu en­di­gi sag eli­ni­niň bar­mak­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mändir. Ýa­zy­jy çep eli­niň bar­mak­la­ryn­da
36 müň 500 ge­zek kö­pür­jik­le­ri ýa­ryp­dyr. Sy­na­gyň ahy­ryn­da, ýag­ny 50 ýyl­dan soň iki eli­niň bar­mak­la­ry­ny luk­man­çy­lyk bar­la­gyn­dan ge­çir­ýär. Ne­ti­je­de, bar­mak­la­ryn­da bo­gun çiş­me­si­niň ýok­du­gy ýü­ze çy­kyp, bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň zy­ýa­ny­nyň ýok­du­gy­na göz ýe­tir­ýär. Do­nald Un­ger mu­ny su­but eden ýe­ke-täk ýa­zy­jy bo­lup, 2009-njy ýyl­da No­be­liň luk­man­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bolýar.
Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne se­bäp bol­ma­ýar. Ýö­ne bu en­dik köp­çü­lik ýe­rin­de ha­lan­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li, müm­kin bol­du­gyn­dan bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak­dan ga­ça dur­ma­ly. He­re­ket­le­ri­ňe üns berip, özü­ňe erk et­mek esa­syn­da bu en­di­giň öňü­ni alyp bol­ýar.

Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.
03.12.2023, 19:57.
@Vekil_City
14
10
vekil_city
01.12.2023 19:45

Dün­ýä­niň iň uly eme­li aň kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan «Ope­nAI» tekst dö­red­ýän eme­li aň bo­lan «GPT-4»-iň kä­mil­leş­di­ri­len nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. «GPT-4 Tur­bo» at­ly bu nus­ga­nyň has ar­zan we kä­mil­di­gi mä­lim edil­di. Bu nus­ga tä­ze mag­lu­mat­lar bi­len oka­dy­lyp, şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da­ky mag­lu­mat­la­ra esas­lan­ýar. Tekst dö­re­di­ji­niň ýa­kyn wagt­da el­ýe­ter­li bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. «GPT-4 Tur­bo»-nyň iki nus­ga­sy bo­lar. Ola­ryň bi­ri do­lu­ly­gy­na teks­ti sel­jer­ýän bol­sa, beý­le­ki­si tekst bi­len su­rat­la­ryň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­ga dü­şün­ýär. Beý­le­ki äh­li dil mo­del­le­ri ýa­ly «GPT-4 Tur­bo» hem söz­le­ri çak­la­ýan sta­tis­ti­ka gu­ra­ly bo­lup, teh­no­lo­gi­ýa in­ter­net­dä­ki mag­lu­mat­lar bi­len «oka­dy­lyp­dyr».


Aý­ja­han BEG­MY­RA­DO­WA,

Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň ta­ly­by.


Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.

01.12.2023, 04:17.

@Vekil_City

23
54
vekil_city
01.12.2023 19:44

Ýa­po­ni­ýa­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň il­kin­ji ha­sy­ly­ny ýa-da möw­sü­miň il­kin­ji tu­tu­lan ba­ly­gy­ny auk­si­on ar­ka­ly sat­mak dä­bi bar. Ýur­duň iň meş­hur oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ýu­ba­ri ga­wu­ny­nyň il­kin­ji ha­sy­ly hem auk­si­on ar­ka­ly sa­tyl­dy. 2023-nji ýy­lyň il­kin­ji ga­wu­ny 2,7 mil­li­on ýe­ne (24 müň 850 ame­ri­kan dol­lar) sa­tyl­dy.

Bu ga­wun­lar Sap­po­ro şä­he­ri­niň Ýu­ba­ri et­ra­byn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Hok­kaý­do pre­fek­tu­ra­syn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ga­wun­la­ryň il­kin­ji ha­sy­lyn­da 260 sa­ny­sy sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Şol ga­wun­la­ryň iň naý­ba­şy­sy­nyň iki­si “Ho­kuyu­pack Co.” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 3,5 mil­li­on ýe­ne sa­tyn alyn­dy. Ga­wun­la­ryň gel­jek aýyň il­kin­ji hep­de­sin­de ba­za­ra çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Et­ra­byň daý­han­la­ry şu ýyl ga­wu­nyň sa­tu­wyn­dan 1,93 mil­liard ýen (13,6 mil­liyon dol­lar) gir­de­jä ga­raş­ýar­lar.

2019-njy ýyl­da auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa çy­ka­ry­lan Ýu­ba­ri ga­wu­ny re­kord ba­ha­dan – 5 mil­li­on ýe­ne sa­ty­lyp­dy.


Aý­gö­zel Aman­gel­di­ýe­wa, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.

Zaman Türkmenistan gazeti.

01.12.23ý, 00:33.

@Vekil_City

26
50
vekil_city
30.11.2023 21:10

Is­pa­ni­ýa ýa­kyn wagt­da dün­ýä­niň iň köp oka­ýan ýurt­la­ry­nyň on­lu­gy­na gi­rip bi­ler. Ýur­duň ila­ty­nyň ki­tap oka­ýan bö­le­gi­niň pa­ýy soň­ky üç ýyl­da 43% art­dy. Mu­ňa ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy döw­rün­de çäk­len­dir­me­ler hem se­bäp bol­dy. Bu ba­ra­da Pa­ty­şa­ly­gyň Ne­şir­ýat fe­de­ra­si­ýa­sy ha­bar ber­di.

Is­pa­ni­ýa­nyň Ne­şir­ýat fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ba­zar­da­ky ýag­da­ýa yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik ed­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Soň­ky ýyl­lar­da ki­tap oka­ýan­la­ryň sa­ny kö­pel­di. Mun­dan baş­ga-da, dog­lan gün­ler we beý­le­ki baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de ki­tap sow­gat et­mek ýoň bo­lup baş­la­dy.

Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da Is­pa­ni­ýa­da iş­jeň oky­jy­la­ryň sa­ny 66%-den geç­ýär. Hep­de­de bir ki­tap oka­ýan­la­ryň pa­ýy 52%-den yba­rat. Esa­san hem, 10-14 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýet­gin­jek­ler üçin eser­ler meş­hur. Ola­ryň 86%-i okuw­dan boş wagt­la­ryn­da ki­tap oka­ma­gy ma­kul bil­ýär.

– Ki­tap oka­ma­ga gy­zyk­lan­ma men­de pan­de­mi­ýa döw­rün­de dö­re­di. Men ki­tap oka­mak bi­len beý­ni­mi ra­hat­lan­dy­ryp hem-de ün­sü­mi so­wup bol­jak­dy­gy­na dü­şün­dim – di­ýip, prog­ram­ma­çy Da­wid San­çew bel­le­di.

Ge­çen ýyl hin­di­ler dün­ýä­de iň köp oka­ýan mil­let diý­lip yk­rar edil­di. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, hin­di­ler ki­tap oka­ma­ga hep­de­de 10 sa­gat sarp ed­ýär­ler. Ikin­ji orun­da Tai­land, üçün­ji orun­da Hy­taý dur­ýar.


Aýgül GURBANOWA,

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň

Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy.


Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.

30.11.2023ý, 21:09.

@Vekil_City

21
129
vekil_city
29.11.2023 20:35
Ýa­po­ni­ýa­da ýy­lyň il­kin­ji bi­şen ga­wu­ny­nyň, gar­py­zy­nyň, möw­sü­miň il­kin­ji tu­tu­lan ba­ly­gy­nyň auk­si­on ar­ka­ly auk­si­on ar­ka­ly sa­tyl­mak dä­ni bar. In­di bol­sa, ýurt­da Mat­su­sa­ka to­hu­my­na de­giş­li (Wag­ýu) syg­ry auk­si­on ar­ka­ly 30 mil­li­on ýe­ne (202 müň dol­lar­dan gow­rak) sa­tyl­dy. “Hi­ro­ko No.1” at­ly öý haý­wa­ny soň­ky se­kiz ýyl­da ýurt­da sa­ty­lan iň gym­mat sy­gyr bol­dy. NHK te­le­ýaý­ly­my­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ýo­ka­ry hil­li gy­zyl eti bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan Mie pre­fek­tu­ra­syn­da auk­si­on ge­çi­ril­di. Auk­sio­na 50 sy­gyr gat­naş­dy­ryl­dy. Mie pre­fek­tu­ra­sy­nyň Mal­dar­çy­lyk bar­lag­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gär­le­rin­den dü­zü­len 9 emin ag­za­sy sy­gyr­la­ra ulu­ly­gy­na, tü­ýü­ne we umu­my fi­zi­ki ýag­da­ýy­na gö­rä ba­ha ber­di. Ag­ra­my 676 ki­log­ram bo­lan “Hi­ro­ko No.1” bol­sa, bu ýer­de gu­ra­lan söw­da­da iň gym­mat ba­ha­dan sa­ty­lan mal bol­dy. Syg­ry “Asa­hiya” at­ly et dü­ka­ny sa­tyn al­dy.
Syg­ry ba­kyp ulal­dan Na­ka­mu­ra Ka­zua­ki ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da­ky ýo­ka­ry ba­ha­nyň özü­ni haý­ran gal­dy­ran­dy­gy­ny aýt­dy. Ol “Sy­gyr­la­ry­ma ideg et­mek üçin siň­di­ren zäh­me­ti­miň ne­ti­je­si­ni alan­dy­gy­ma be­gen­ýä­rin we has se­miz mal­la­ry ba­kyp ulalt­mak is­le­ýä­rin” di­ýip bel­le­di.
Zaman Türkmenistan gazeti.
29.11.23, 19:56.
@Vekil_City.
29
60
vekil_city
29.11.2023 06:36
Her ýyl­da dür­li gu­ra­ma­lar ýy­lyň iň go­wy ýa­ba­ny fo­to­su­rat­la­ry­ny saý­la­ýar­lar. Ola­ryň iň özü­ne çe­ki­ji­si bol­sa gül­künç su­rat­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş bol­sa ge­rek. Gül­künç ýa­ba­ny dur­muş fo­to­su­rat baý­rak­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­den bir-bi­rin­den tä­sin su­rat­la­ryň ibe­ril­ýän ýa­ry­şy 2015-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. Bu ýyl­ky ýa­ry­şa 85 ýurt­dan 1842 su­rat­çy je­mi 5 müň 300 fo­to­su­rat ug­ra­dyp­dyr. Su­rat­lar in­ter­net ar­ka­ly köp­çü­li­giň ses ber­me­gin­de saý­lan­ýar.
Awst­ra­li­ýa­ly fo­to­su­rat­çy Ja­son Mur öz ýur­du­nyň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýan ken­gu­ru­nyň su­ra­ty bi­len baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Mu­ruň gi­ta­ra çal­ýan ýa­ly bo­lup du­ran su­ra­ty umu­my ka­te­go­ri­ýa­da bi­rin­ji bol­dy. Şeý­le­lik­de, us­sat fo­to­su­rat­çy Ken­ýa­da sa­fa­ri ge­ze­len­je gat­naş­ma­ga, ka­me­ra sum­ka­sy we Tan­za­ni­ýa­da el­de taý­ýar­la­nan bir sow­ga­da my­na­syp bol­dy. Ine, ýa­ryş­da dür­li ugur­lar­da baý­ra­ga my­na­syp bo­lan beý­le­ki su­rat­lar:
Ýa­ry­şa Sin­ga­pur­dan gat­naş­ýan Ower Kwe­riň ba­let oý­na­ýan ýa­ly bo­lup du­ran gun­du­zyň su­ra­ty hem baý­ra­gy my­na­syp bol­dy.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-dusen-kush.jpg
Su­wa ga­çan guş
Bu su­ra­ty ita­li­ýa­ly Wit­to­rio Riç­çi dü­şü­rip­dir. Su­rat­da suw­da­ky ba­ly­gy tut­mak üçin ýo­kar­dan su­wa ta­rap ok­dy­ry­lyp gaý­dan gu­şuň ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýy­ky­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-serceler-dusunismezlik.jpg
Dü­şü­niş­mez­lik
Pol­şa­ly Ýa­sek Stan­ki­ýe­wi­çiň “dü­şü­niş­mez­lik” at­ly su­ra­ty.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-orman-guzeli-maymun.jpg
“To­kaý gö­ze­li”
Bel­gi­ýa­ly ze­nan su­rat­çy Del­fin Ça­si­mi­riň In­do­ne­zi­ýa dü­şü­ren su­ra­ty “Ýa­gyş to­ka­ýy­nyň gö­ze­li” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-baygush-pazartesi-sendromy.jpg
“Du­şen­be sind­ro­my”
ABŞ-ly Jon Blu­men­kamp ýa­daw gö­rün­ýän baý­gu­şyň su­ra­ty­na “Du­şen­be sind­ro­my” di­ýip at ber­me­gi ma­kul bi­lip­dir.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-kenguru.jpg
Awst­ra­li­ýa­ly La­ra Met­ýu­nyň bu su­ra­ty hem ýo­kar­ky orun­lar­dan bi­ri­ni my­na­syp bo­lup­dyr.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-mashgala-albomy.jpg
Iň­lis fo­to­su­rat­çy­sy Zoe Äş­dou­nyň “Maş­ga­la al­bo­my üçin bir sa­ny” at­ly işi.

Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.
28.11.23, 22:55.
@Vekil_City.
25
72
vekil_city
28.11.2023 07:14
Şeýdip iç ýakaýsaň 🤣🤣🤣
Aramyzda şeýle adamlar barmyka 😁😁🤦‍♂️
34
197