vekil_city
29.11.2023 20:35
Ýa­po­ni­ýa­da ýy­lyň il­kin­ji bi­şen ga­wu­ny­nyň, gar­py­zy­nyň, möw­sü­miň il­kin­ji tu­tu­lan ba­ly­gy­nyň auk­si­on ar­ka­ly auk­si­on ar­ka­ly sa­tyl­mak dä­ni bar. In­di bol­sa, ýurt­da Mat­su­sa­ka to­hu­my­na de­giş­li (Wag­ýu) syg­ry auk­si­on ar­ka­ly 30 mil­li­on ýe­ne (202 müň dol­lar­dan gow­rak) sa­tyl­dy. “Hi­ro­ko No.1” at­ly öý haý­wa­ny soň­ky se­kiz ýyl­da ýurt­da sa­ty­lan iň gym­mat sy­gyr bol­dy. NHK te­le­ýaý­ly­my­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ýo­ka­ry hil­li gy­zyl eti bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan Mie pre­fek­tu­ra­syn­da auk­si­on ge­çi­ril­di. Auk­sio­na 50 sy­gyr gat­naş­dy­ryl­dy. Mie pre­fek­tu­ra­sy­nyň Mal­dar­çy­lyk bar­lag­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gär­le­rin­den dü­zü­len 9 emin ag­za­sy sy­gyr­la­ra ulu­ly­gy­na, tü­ýü­ne we umu­my fi­zi­ki ýag­da­ýy­na gö­rä ba­ha ber­di. Ag­ra­my 676 ki­log­ram bo­lan “Hi­ro­ko No.1” bol­sa, bu ýer­de gu­ra­lan söw­da­da iň gym­mat ba­ha­dan sa­ty­lan mal bol­dy. Syg­ry “Asa­hiya” at­ly et dü­ka­ny sa­tyn al­dy.
Syg­ry ba­kyp ulal­dan Na­ka­mu­ra Ka­zua­ki ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da­ky ýo­ka­ry ba­ha­nyň özü­ni haý­ran gal­dy­ran­dy­gy­ny aýt­dy. Ol “Sy­gyr­la­ry­ma ideg et­mek üçin siň­di­ren zäh­me­ti­miň ne­ti­je­si­ni alan­dy­gy­ma be­gen­ýä­rin we has se­miz mal­la­ry ba­kyp ulalt­mak is­le­ýä­rin” di­ýip bel­le­di.
Zaman Türkmenistan gazeti.
29.11.23, 19:56.
@Vekil_City.
29
60
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.