Dünýäniň iň uly emeli aň kompaniýasy bolan «OpenAI» tekst döredýän emeli aň bolan «GPT-4»-iň kämilleşdirilen nusgasyny tanyşdyrdy. «GPT-4 Turbo» atly bu nusganyň has arzan we kämildigi mälim edildi. Bu nusga täze maglumatlar bilen okadylyp, şu ýylyň aprel aýyndaky maglumatlara esaslanýar. Tekst döredijiniň ýakyn wagtda elýeterli boljakdygy mälim edildi. «GPT-4 Turbo»-nyň iki nusgasy bolar. Olaryň biri dolulygyna teksti seljerýän bolsa, beýlekisi tekst bilen suratlaryň arasyndaky baglanyşyga düşünýär. Beýleki ähli dil modelleri ýaly «GPT-4 Turbo» hem sözleri çaklaýan statistika guraly bolup, tehnologiýa internetdäki maglumatlar bilen «okadylypdyr».
Aýjahan BEGMYRADOWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.
Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.
01.12.2023, 04:17.