Ispaniýa ýakyn wagtda dünýäniň iň köp okaýan ýurtlarynyň onlugyna girip biler. Ýurduň ilatynyň kitap okaýan böleginiň paýy soňky üç ýylda 43% artdy. Muňa koronawirus ýokanjy döwründe çäklendirmeler hem sebäp boldy. Bu barada Patyşalygyň Neşirýat federasiýasy habar berdi.
Ispaniýanyň Neşirýat federasiýasynyň bazardaky ýagdaýa yzygiderli gözegçilik edýändigini bellemelidiris. Soňky ýyllarda kitap okaýanlaryň sany köpeldi. Mundan başga-da, doglan günler we beýleki baýramçylyk günlerinde kitap sowgat etmek ýoň bolup başlady.
Hasabata laýyklykda, häzirki wagtda Ispaniýada işjeň okyjylaryň sany 66%-den geçýär. Hepdede bir kitap okaýanlaryň paýy 52%-den ybarat. Esasan hem, 10-14 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin eserler meşhur. Olaryň 86%-i okuwdan boş wagtlarynda kitap okamagy makul bilýär.
– Kitap okamaga gyzyklanma mende pandemiýa döwründe döredi. Men kitap okamak bilen beýnimi rahatlandyryp hem-de ünsümi sowup boljakdygyna düşündim – diýip, programmaçy Dawid Sançew belledi.
Geçen ýyl hindiler dünýäde iň köp okaýan millet diýlip ykrar edildi. Bilermenleriň pikiriçe, hindiler kitap okamaga hepdede 10 sagat sarp edýärler. Ikinji orunda Tailand, üçünji orunda Hytaý durýar.
Aýgül GURBANOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy.
Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.
30.11.2023ý, 21:09.