vekil_city
29.11.2023 06:36
Her ýyl­da dür­li gu­ra­ma­lar ýy­lyň iň go­wy ýa­ba­ny fo­to­su­rat­la­ry­ny saý­la­ýar­lar. Ola­ryň iň özü­ne çe­ki­ji­si bol­sa gül­künç su­rat­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş bol­sa ge­rek. Gül­künç ýa­ba­ny dur­muş fo­to­su­rat baý­rak­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­den bir-bi­rin­den tä­sin su­rat­la­ryň ibe­ril­ýän ýa­ry­şy 2015-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. Bu ýyl­ky ýa­ry­şa 85 ýurt­dan 1842 su­rat­çy je­mi 5 müň 300 fo­to­su­rat ug­ra­dyp­dyr. Su­rat­lar in­ter­net ar­ka­ly köp­çü­li­giň ses ber­me­gin­de saý­lan­ýar.
Awst­ra­li­ýa­ly fo­to­su­rat­çy Ja­son Mur öz ýur­du­nyň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýan ken­gu­ru­nyň su­ra­ty bi­len baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Mu­ruň gi­ta­ra çal­ýan ýa­ly bo­lup du­ran su­ra­ty umu­my ka­te­go­ri­ýa­da bi­rin­ji bol­dy. Şeý­le­lik­de, us­sat fo­to­su­rat­çy Ken­ýa­da sa­fa­ri ge­ze­len­je gat­naş­ma­ga, ka­me­ra sum­ka­sy we Tan­za­ni­ýa­da el­de taý­ýar­la­nan bir sow­ga­da my­na­syp bol­dy. Ine, ýa­ryş­da dür­li ugur­lar­da baý­ra­ga my­na­syp bo­lan beý­le­ki su­rat­lar:
Ýa­ry­şa Sin­ga­pur­dan gat­naş­ýan Ower Kwe­riň ba­let oý­na­ýan ýa­ly bo­lup du­ran gun­du­zyň su­ra­ty hem baý­ra­gy my­na­syp bol­dy.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-dusen-kush.jpg
Su­wa ga­çan guş
Bu su­ra­ty ita­li­ýa­ly Wit­to­rio Riç­çi dü­şü­rip­dir. Su­rat­da suw­da­ky ba­ly­gy tut­mak üçin ýo­kar­dan su­wa ta­rap ok­dy­ry­lyp gaý­dan gu­şuň ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýy­ky­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-serceler-dusunismezlik.jpg
Dü­şü­niş­mez­lik
Pol­şa­ly Ýa­sek Stan­ki­ýe­wi­çiň “dü­şü­niş­mez­lik” at­ly su­ra­ty.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-orman-guzeli-maymun.jpg
“To­kaý gö­ze­li”
Bel­gi­ýa­ly ze­nan su­rat­çy Del­fin Ça­si­mi­riň In­do­ne­zi­ýa dü­şü­ren su­ra­ty “Ýa­gyş to­ka­ýy­nyň gö­ze­li” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-baygush-pazartesi-sendromy.jpg
“Du­şen­be sind­ro­my”
ABŞ-ly Jon Blu­men­kamp ýa­daw gö­rün­ýän baý­gu­şyň su­ra­ty­na “Du­şen­be sind­ro­my” di­ýip at ber­me­gi ma­kul bi­lip­dir.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-2023-kenguru.jpg
Awst­ra­li­ýa­ly La­ra Met­ýu­nyň bu su­ra­ty hem ýo­kar­ky orun­lar­dan bi­ri­ni my­na­syp bo­lup­dyr.
https://zamanturkmenistan.com.tm/wp-content/uploads/2023/11/best-wild-photo-of-year-mashgala-albomy.jpg
Iň­lis fo­to­su­rat­çy­sy Zoe Äş­dou­nyň “Maş­ga­la al­bo­my üçin bir sa­ny” at­ly işi.

Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.
28.11.23, 22:55.
@Vekil_City.
25
72
vekil_city
29 Noýabr 2023
Waý suratlaň birinem açmandyra :(
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.