vekil_city
03.03.2024 16:20
Bir gurluşyk kärhanasynda işleýän ýaşuly gurluşykçynyň hormatly dynç alşa çykmaly wagty gelipdi. Şonuň üçin hem ol kärhananyň ýolbaşçysyna işden çykmak isleýändigini, mundan soňra diňe maşgalasynyň arasynda bolmakçydygyny aýdýar. Kärhananyň ýolbaşçysy, elbetde, işe ezber ussasynyň işden gitmegine jany-teni bilen gynanýar. Ýöne hormatly dynç alşa çykmak üçin ýaşy dolan bolsa, etjek alajyň näme?! Ol ýaşuly ussadan ýene bir gowluk etmegini – kärhana bilen bagly ýyllaryndaky iň soňky öýüni hem gurup bermegini haýyş etdi. Ussa razy boldy we işe girişdi. Emma gurlan jaýy synlan her bir adam bu işiň göwünli-göwünsiz edilendigini aňlap biljekdi. Çünki ony ussa diňe dynç alşa gitmek we işi basymrak tamamlamak maksady bilen gurupdyr. Hat-da gurluşyk serişdeleriniň hem iň bir hili peslerinden peýdalanypdyr. Aý, garaz, başdan sowmalyk-da!

Öýüň gurluşygy taýyn bolandan soň, kärhananyň ýolbaşçysy öýi gözden geçirmäge gelýär. Öýe girip-girmänem daşky gapynyň açaryny ussa berýär.

-Bu öý seniňki, menden saňa sowgat bolsun!

Ine, şonda ussa eden işine utanmakdan ýaňa ýere giräýjek bolupdyr. Wah, ol guran öýüniň ahyrky netijede özüne beriljekdigini başdan bilen bolsa, beýle gurarmydy?!

Bu sapak durmuşda her birimize-de degişlidir. Biz her gün öz ömrümiziň bir bölegini bina edýäris. Köplenjem eden işimize doly yhlasymyzy siňdiremizok. Iň soňunda bolsa, şu başdan sowmalyk bilen guran öýmüzde özümiziň ýaşamalydygymyza göz ýetirip, eden işimize puşman edýäris. Geçmişe dolanyp bolsa, ähli zady iň kämil derejede etjekdigimiz barada oýlanýarys. Ýöne, gynansak-da, bizde bu mümkinçilik ýok. Diýmek, ömrümiziň we öýüzmiziň baş ussasy – biziň özümiz. Geliň, onda, her bir edýän işimizi mümkin bolup biläýjk iň gowy derejede amal etmäge çalşalyň!

Ruslan ABDYÝEW,

HTTU-nyň talyby.
23
54
ATOMIC
3 Mart 2024
@Akram_Beshimov, sagbol👍
ATOMIC
3 Mart 2024
Haýsy progda edildikä jaýyň proýekti post👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.