tmyigit76
25.01.2024 12:19


Ir oýanmak üçin näme etmeli?
Ir turup bilmeýänler üçin 5 ýol




Käbir adamlar irden has işjeň we hyjuwly bolsalar, ýagdaý beýlekiler üçin tersine bolup biler. Köp adam ähli işlerini bir günde meýilleşdirýän ýagdaýy bolýar. Şeýle ýagdaýda ir ýatmaga we ir turmaga söz bersek-de, ony başarmak hyllalla .

Köp adam işe ýa-da mekdebe gitmek üçin irden turmakda kynçylyk çekýär. Beýle bolsa ir bilen turup, sagdyn bolmak üçin näme etmeli? Bu postda olary size ýetirýäris....





1. Uky tertibini dörediň.

Ilki bilen, sagdyň bolmak üçin her gije 7-8 sagat uklamaly. Belli bir wagtyň özünde uklap, belli bir wagtyň özünde oýananyňyzda, wagtyň geçmegi bilen bedeniňiz bu ýagdaýa öwrenişer.




2. Kofein sarp edişde seresap boluň

Käbir gözlegler kofeniň uklamagy kynlaşdyrýandygyny görkezýär. Şonuň üçin günüň dowamynda 2-3 stakandan köp kofe içmezlige üns beriň.




3. Stresiňizi we aladaly derejäňizi deňleşdiriň

Günüň dowamynda başdan geçirýän stresleriňizi deňleşdirmek üçin özüňize rahatlandyryjy iş (güýmenje) tapyp bilersiňiz. Bular uzak gezelenç, surat çekmek ýa-da her gün 1 sagat kitap okamak we ş.m. bolup biler. Sebäbi göwnüňizden turýan bir iş etmek, pikiriňizi arassalamaga kömek eder.




4. Telefonyňyzy uzakda goýuň.

Ýatylýan otagyňyza gideniňizde telefonyňyzy ýatýan ýeriňizde goýmaň. Ýatmakda kynçylyk çekeniňizde, telefon we telewizor ýaly elektron enjamlardan uzak durmak, ukyňyzyň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder. Mundan başga-da, telefonyňyzy uzak ýerde goýsaňyz, duýduryşyňyzy gijikdirmek we "ýene birazajyk uklaýyn diýen" :-) mümkinçiligiňiz ýok bolar.




5. Säheriň tertibini dörediň.

Säher adamy bolmaga itergi berjek zatlaryň biri, tertip-düzgüni döretmekdir. Güni halaýan aýdymyňyzy diňlemek, ösümlikleriňizi suwarmak, kitabyňyzdan birnäçe sahypa okamak ýa-da oýlanmak ýaly ädimler bilen başlap bilersiňiz.







Çeşme: www.Cumhuriyet.com
Terjime eden we taýýarlan @𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼



editor: tmyigit76 postlaryny okamak üçin şu ýere basyň
62
846
tmyigit76
23.01.2024 20:25
Bir hesretli söýgi wakasy "Mähriban".








"Sarı saçlarına deli gönlümi
Bağlamışım, çözülmüyor Mihriban!"




Şu aýdymy diňläp görüpmidiñiz? Men gör näçe gezekler diñläpdim.Onda-da her jümlesine ýüregmi eze-eze.Boş wagtlarymda birdenkä şu aýdyma tutduryberme gylygymam ýok däl. Aýratynam aýdymyñ goşgusyny ýazan şahyr Abdyrahym Karakoçyñ bu goşguny ýazmagyna sebäp bolan hesretli söýgüsini diñlänimden soñ aýdymyñ mendäki orny ulalmak bilen boldy:

"Ol maña hat ýazardy,men oña hat ýazyp bilmezdim.Heýem, iliñ gyzynyñ öýüne hat ugradylarmy, aýyp bolar...

Ýaşaýan şäherinde bir gazet çykýardy. Men o gazete goşgy ýazardym. Hemmeler goşgy saýyp okardy.Ýöne Mähriban bilýärdi: Olar özüne ýazylan hatlardy"

Abdyrahym Karakoç "Yşk kagyza ýazylmaýar,Mähriban" kitabyndan.



Ine-de bir habarçy bilen bolan Abdyrahym Karakoçyñ söhbetdeşliginden bölek:


- Mähribanyñ hakyky başdan geçirmesi nähili?

Kä kişiler "Hakykatmy?" diýip soraýar. "Hakykat" diýýän.Ýöne ady Mähriban däl.Ol ýaşlygymda başdan geçiren söýgimdi.Ýöne häzir äşgär etmäýin,aýyp bolar.Özümiñ dakan simwoliki adymdyr Mähriban.

- Stoluñ başynda oturlyp ýazylan hyýaly söýgi bu tagamy,bu süýjüligi berip bilmez.Ýazmak üçin başdan geçirmek gerek.

Ol wagtlar elektrik ýokdy.Çyranyñ ýagtysynyñ aşagynda ýazýardym.Goşga başlanymda çyradaky ot titräp başlady. Şondanam "Çyrada titreýän alaw üşeýär" setirleri döredi.

-Näçenji ýyldy?

1960...

-O söýgüñize gowuşyp bilmediñiz.

- Ýok, bolmady. Söýýärdim .Bolmady. Aýyp bolar häzir adyny aýtsam. Däp-dessurlarymyza ters. Ikinji Mähriban goşgumam bar. Bilýänsiñiz."Unutmak ýeñil, unudarsyñ. "Mähriban" diýip.Olam şeýle .Bular diñe hakykata esaslanýandyr. Owadan,päk söýgüdi...

-Bir gün Mähribany görjegiñize ynanýañyzmy?

Bilemok, görmegem islämok.Häzir özgerendir. Men onuñ gözünde özgerdim.Ol meniñ gözümde özgerdi. Näme üçin göreli? Şol durşuna galsyn-la.Ynsanlaryñ göwünde galmagy gözde galmagyndan has gowudyr.

Men bu goşguny başardygymdan türkmen diline terjime etdim.Göwnüňize ýarar diýip umyt edýän:



Sary saçlaryña däli göwnümi,
Dañypdyryn, çözülmeýär, Mähriban.
Aýralykdan agyr saýma ölümi
Göräýmeseñ syzylmaýar, Mähriban.

Ýar diýeňde galamym elden düşýär,
Gözlerim görmeýär,aklymam çaşýar,
Çyrada titreýän alaw üşeýär,
Yşk kagyza ýazylmaýar, Mähriban.

Ilki näz,soñ wada, yzyndan hile,
Söýülen söýeni düşürer dile,
Ýyllardyr asyrlar çalyşsa, ýene
Köne dessur bozulmaýar, Mähriban.

Tebiplerde ýarama ýok melhemem,
Yşk diýlenden beýigini gözleme
Her närsäniñ bir ahyry bar, ýöne
Yşka serhet çyzylmaýar, Mähriban.

Ýöne ýere söýmez bilbil gülüni,
Gar goýsañ köz bolar yşkyñ külüne,
Haýran gara bagtym çydam-güýjüne
Daşa ursam mynjyramaz, Mähriban.

Taryplap bolmaýar yşk diýlen zady,
Diñe çeken biler bu derdi,gamy,
Çigişen düwündir baş-ahyr,bary
Çözebilmen,çözülmeýär,Mähriban.




Türk şahyry Abdyrahym Karakoç.

@Belki.
çeşme: islenen.ru
80
1 446
tmyigit76
20.01.2024 21:00


Albert Eýnşteýn we otnositellik teoriýasynyň gysgaça taryhy.



Hemmämiz salam. Biz öňem Albert Eýnşteýn barada birnäçe postlary taýýarlapdyk. Onuň biografiýasyny we ylmy işlerini birnäçe postda beýan etmek mümkin däl.

Bu postda beýik alymyň durmuşy we otnositellik (görälilik) teoriýasy hakda öň eşitmedik maglumatlaryňyzy size ýetirýäris.




Özüniň örän zehinliligi we ýokary İQ derejesi bilen, beýnisi muzeýde ýerleşdirilen bu alym Ulme şäherde 1879-njy dogulýar. Edil şol ýyl Tomas Edison özüniň ilkinji tejribe lampa- syny synagdan geçirýär we ýene üç sany nobel baýragynyň eýeleri dogulýar.

A.Eýnşteýn çagalygynda o diýen zehinli çaga hökmünde tanalmandyr. Ene-atasy çagalygynda Eýnşteýniň özledirişinden alada edipdirler. Bäş ýaşa ýetýänçe jümle gurup, sözleşip bilmändir.Ol öz pikirini beýan etmäge başlaýança ençe wagt gerek bolupdyr.Muňa garamazdan ol dünýä we daş-töweregindäki zatlaryň nähili işleýişi barada hemişe gyzyklanypdyr.



Bäş ýaşynda onuň ömründe möhüm wakalaryň biri bolup geçýär. Onuň kakasy Alberte oýnamak üçin kompas alyp berýär. Çagajyk beýle zady ilkinji gezek görýär we oňa örän gyzyklanýar. Esasanam onuň diliniň hemişe demirgazyga gönükmegi ony haýran galdyrýar.

Soň-soňlar Eýnşteýn özüniň terjimehalynda kompasa bolan gyzyklanmasynyň gorünmez güýçleriň hereket edip biljekdigi hakda oýlanmaga mejbur edendigini we onuň geljedäki karini saýlamagynda möhüm wakalaryň biri bolandygyny belleýär.



15 ýaşynda Eýnşteýn eýýam differensial, integral hasaplamalary özleşdiripdi. (uzynluklar, meýdanlar, göwrümler, tizlikler). Şol wagtlar ýetginjek ylymyň käbir ugur- larynda kämilleşipdir, emma başga ugurlarda, meselem: dil öwrenmekde kynçylyk çekipdir. Ol mekdebi hijem halamandyr. Oňa köplenç täsin we düşnüksiz häsiýetli adam hökmünde garapdyrlar. Eýnşteýnden bizar bolan bir mugallymy onuň durmuşda hiç wagt hiç zada ýetip bilmejekdigini aýdýar. (Wahh onuň mugallymy näderejede ýalňyşypdyr)



Mekdep durmuşuna öwrenişip bilmezligi 15 ýaşynda mekdebi taşlap gitmegine sebäp bolýar. Ol Şweýsariýada indiki ädimlerini ätýär we Sýurihdäki abraýly Şweýsariýa tehnologiýa institutyna resminamalaryny tabşyrýar. Iki gezek synanşyp görýär. Giriş synaglaryndan geçip bilmeýär. Matematika we fizika derslerinden gowy netijeler görkezsede dil we zologiýa botanikadan pes bahalary alýar. Ýene bir mesele giriş synaglar fransuz dilinde geçirilýär. Okuwyny orta mekdepde dowam etdirýär. Bu mekdeldäki ýokary bahalary hem oňa institita girmäge mümkinçilik berýär. Ol fizika we matematik mugallymlary taýýarlaýan 4 ýyllyk okuwa ýerleşýär.

Bu ýyllar Eýnşteýn üçin möhüm kararly ýyllaryň bolýar. Şol okuwda ol fizika fakultetinindäki ýeke-täk gyz we boljak aýaly Milewa Mariç bilen tanyşýar.



1900-njy ýylda Eýnşteýn okuwy tamamlaýar we hünärmenlik boýunça diplom alýar.


Eýnşteýniň aýtmagyna görä, eger siz bir meseläni ýönekeý düşündirip bilmeseňiz, özüňiz hem ýeterlik derejede düşünmänsiňiz. Onuň üçin çylşyrymly zatlary ýönekeý düşündirmek okatmagyň esasy usulydy. Şonuň üçinem ol zähmet ýoluna mugallym bolup başlamaga hereket edýär.




Okuwy gutaranyndan soň, matematika, fizika derslerinden sapak bermek üçin birnäçe bilim merkezlerine ýüz tutýar. Emma ony hiç ýere işe almaýarlar. Iki ýyllyk gözlegden soň ol Berndäki Şweýsariýa patent edarasyna işe ýerleşýär. Ilki Eýnşteýn bu wezipeden o diýen hoşal bolmady. Muňa garamazdan ol ömrüniň ýedi ýylyny şu wezipede geçirýär. Mälim bolşuna gorä, bu wezipe oňa takdyryň sowgady bolupdyr. Ir bilen we günortandan soň patent üçin tabşyrylan arzalary barlap, olaryň hakyky ýa-da däldigini bahalandyrypdyr. Agşam ara bolsa oňa özbaşdak oýlanmaga wagty bolupdyr. Bu iş intelekt talap etmez we boş wagtyny özüniň gyzyklanmalaryna, fizikany öwrenmäge mümkinçilik berýärdi. Şol gidişde onuň durmuşunda uly üýtgeşme bolup geçýär:


1905-nji ýyl. Ýaz. Agşam ara Eýnşteýn patent edarasynda işi gutaryp daşaryk çykýar. Tramwaýa münip öýüne ýola düşýär. Şol tramwaýda ol älemiň hereketi baradaky pikiri düýbünden üýtgeden bir zatlar ýüze çykýar. Ol tramwaýyň aýna- syndan daşary seredip, Berniň merke- zindäki sagat minarasyna biperwaý seredýär. Soňra tramwaý herektlenip başlaýar. Şonda ol eger tramwaý ýagtylyk tizliginde hereket etse nähili boljagyny gözeöňüne getirdi. Sekuntda 300 müň km tizlik bilen hereketlense, onda sagadyň dilleriniň amalda durup galjakdygyny düşünýär.Şoň bilen birlikde minaradaky sagat adatdaky tizlikde hereketini dowam etdirerdi. Emma ýagtylyk tizliginde syýahat edýän adam nukdaýynazardan seredilse wagt durup galan ýaly kabul edilerdi. Bu pikir Eýnşteýni haýran galdyrýar. Ol kosmasda näçe tiz hereket edilse wagt içinde şonça haýal hereket ediljegine düşünýär. Bu Eýnşeýni wagt otnositel bolup biler diýen pikire alyp gelen wakady. Başgaça aýdylanda bu hemişe gözegçiniň tejribesine bagly.


1905-nji ýyl Eýnşteýn üçin şowly ýyl bolýar. Şol ýyl ol dört eser ýazýar. Soňra çap edilýar. Olar Adamzadyň Älem hakdaky garaýşyny özgerýdýär. 1905-nji ýylda çap edilen eserleriniň arasynda oňa dünýä derejesinde şöhrat getiren teoriýa hem bardy. Ol Eýnşteýniň otnositellik teoriýasy. Bularyň hemmesi tramwaýda oýüne gaýdyşda ýüze çykýar. Mekdepde hemmämiz Eýnşteýniň şol meşhur formulasyny (eger yzda uklap oturmadyk bolsaňyz :)) öwrenensiňiz.


E=mc²


Bu esasan energiýa massasy ýagtylyk tizliginiň kwadratyna deňligini aňladýar.


Eger oňa düşünmek kyn bolsa, alada galmaň. Eýnşteýniň özi hem matema- tikadaky kynçylyklaryňyzdan alada galmaň diýipdir. Ynanaýyň meniň kynçylyklarym ondan hem köp"- diýip belleýär.


1921-nji ýylda Eýnşteýn ýagtylyk teoriýasy üçin nobel baýragyna eýe bolýar, emma otnositellik nazariýasy üçin däl. Ylmy jemgyýetiň bir bölegi otnositellik nazariýasyna ynanmaýardy. Sebäbi ol dartyş güýjüni hasaba almandy. Eýnşteýn hem bu hakda alada edýärdi. Şonuň üçin ol öz açyşlary hakda oýlanmagyny bes etmändir we olary kämilleşdirmegiň ýollaryny hemişe gözleýär.



Alma agajynyň aşagynda oturan we kellesine alma gaçansoň dartyş güýjüni açan Nýutony bilýänsiňiz. Nýutonyň pikiriçe dartylma ýerdäki we älemdäki ähli jisimlere täsir edýän hemişelik güýçdir. Nýutonyň açyşlaryny gözöňünde tutup görälilik nazaryýetini tamamlamak üçin Eýnşteýne ýene 10 ýyl gerek bolýar. Eýnşteýniň täze umumy otnositellik teoriýasy dartylma güýjüniň nähili işleýşini düşündirmegi başardy. Meselem: Günüň dartyş güýji nädip ýeri orbitada saklap durýar. Eýnşteýne görä, Gün ýaly agyr jisim kosmosda çukur emele getirýär. Massasy kiçi bolan beýleki jisimler, meselem Ýer bu çukuryň täsirinde galýar we edil käsäniň iýinde aýlanyp ýören şarjagaz ýaly Günüň töwereginde hereket edýär. Ol bu açyş üçin nobel baýrak almady. Emma ol fizika äleminde uly öwrülişik etdi.

1930-njy ýyllarda Eýnşteýn ABŞ göçýär. Albert Eýnşteýn hiç bir ýerde özüni watanyndaky ýaly duýmaýandygyny aýtsada, ömrüniň ahyryna çenli ABŞ-da ýaşaýar.


Çeşme: Expert.media
taýýarlan 𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼
45
418
tmyigit76
19.01.2024 20:32
20 ak, 12 gara.
 Futbol topunyň gysgaça taryhy







Köplerin söýgüli sporty bolan futbolda oýnalýan topuň daş keşbinde näçe ak, näçe gara reňkli burçluklaryň bardygyny sanap gördüňizmi?


Ir döwürlerde futbol oýnalanda haýwanlaryň derileririne samandyr beýleki ýeňil önümleri dykyp, top ýasaýar ekenler. Hytaýda içi ýüň bilen doldurylan toplara «Tsu Chu» diýilýän ekeni we olaryň belli bir ölçegi bolmandyr.


Derilerden tikilip oýnalan toplarda bolsa 18 bölek deri ulanylypdyr. 1844-nji ýylda Çarlz Gudir rezinden belli bir ölçeg
alyp içini howa bilen doldurýar. Şol senä çenli futbol topunyň belli bir ölçegi bolmandyr. Edil şondan 7 ýyl soňra
H.J.Lindon rezinden çişirilýän üç gatly, urgulara has çydamly topy oýlap tapanda, futbol toplary ýene bir gezek öz durkuny täzeleyär. Geçen asyryň
ellinji ýyllarynda futbol ak toplar bilen oýnalyp, gysyna garyň aşagynda bolsa goňur reňkli resmi toplar bolupdyr.





Şeyle täzeçillikler girizilip gelnen futbol toplary ahyrsoňy biziň häzirki görýän şekilimize gelipdir. Häzirki adaty ala
toplaryn dizaýn şekili 1960-njy ýylda Riçard Bakminster Fuler tarapyndan oýlanyp tapylýar. Bu futbol topunyň daş keşbi 20 sany alty burçluk ak, 12 sany bäş burçluk gara reňkli gönleriň juda sazlaşykly ýerleşmeginden ybaratdyr. Şeýle toplar bilen futbol oýnalanda, topy yzarlamaklygyň aňsat bolýanlygyna göz ýetiripdirler. Futbol dünyäde iň köp oýnalýan we juda köp muşdagy bolan gyzykly sport oýunlarynyň biridir.





internet maglumatlary esasynda


editor 𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼 postlaryny okamak üçin şu ýere basyň
47
413
tmyigit76
18.01.2024 20:36
Zenanlar hakda gyzykly maglumatlar






Taryhda hasaba alnan iň ýokary akylylyk derejesi (IQ) zenanlara degişlidir.





Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bütin uniwersitet derejeleriniň 60 göterimden köpüsine zenanlar eýedir.





Lhakpa Şepra atly zenan Ewerest dagyna 7 gezek çykyp, rekord goýmagy başarypdyr.





Dünýäde ilkinji zenan lukman Merit Rtah köne Müsürde biziň eýýamymyzdan öňki 2700-nji ýyllarda ýaşapdyr.





Ekwatora has ýakyn ýaşaýan zenanlar, köplenç. gyz çaga dogurýarlar.





llkinji professional beýzbol oýunçysy zenandyr, onuň ady Wirne Mitçeldir.





Ýaponiýada 1000-nji ýyllarda Murasaki Şikibu atly bir zenan dünyýäniň ilkinji romanyny «Genjiniň hekaýasyny»
ýazan zenandyr.





Anterior singulat korteks, ýagny beýniniň karar berme mehanizmini barlag edýän bölekdir we ol zenanlarda erkek kişileriňkiden has uludyr.





Zenanlar erkeklere garanyňda, has köp gürleýärler. Geçirilen barlaglara görä, zenanlaryň her gün, ortaça, 13000 söz has köp aýdýandygy tassyklanyldy.





Hytaýly Zeng Zinlian taryhda hasaba alnan iň uzyn boýly zenandyr. Onuň boýunyň uzynlygy 2,48 metr bolupdyr.





Dünýä boýunça alnan maglumatlara görä, zenan maşgalalar erkek kişilerden ortaça, 5-6 ýyl uzak ýaşaýarlar.





Bilermenleriň hasaplamalaryna görá, bir zenan ýylyň dowanynda, ortaça. 120 sagadyny yüz görülýán aýnanyň önünde geçirýär.





Zenanlaryň beynisiniń ýady 76 million gigabaýta barabardyr.





Zenanlary bagtly edýan zatlaryň biri ýanýoldaşlarynyň olara syryny açmagydyr.





Erkek kişileriń kalby bazar ýalydyr. Giren. çykany bilinmez. Zenanlaryň kalby gulp urlan gapy ýalydyr -giren yzyna çykmaz.





Yşk zenanyň gözlerindedir. Zenan söýenini gözlerinde saklar.







metbugat materiallary esasynda
76
726
tmyigit76
18.01.2024 09:27
Zenanlar hakynda







Zenanlaryň gözýaşlary dür ýalydyr. Olar döküldigiçe, siziň gymmatyňyz gaçar.





Zenan diňe söýýän adamyna ýüzlerçe mümkinçilik berer.





Zenan ähli zady bagyşlar, emma unutmaz.





Zenanlar matematika meňzeýär, çözüliş ýoly köp, emma netijesi ýekedir.





Howany gelşi ýaly, şemaly öwsüşi ýaly, zenany bolşy ýaly kabul ediň.





Bir zenanyň iň çäresz bolan wagty göz ýaşlary öz elleri bilen sylan wagtydyr.





Zenany hiç bir gözellik serişdesi enelik söýgüsi ýaly gözel görkezip bilmez.





Erkekler gadyr goýýan zenany hakynda hiç kime hiç zat aýtmaz.





Bir zenanyň hyýallaryny ýok etmek, bir arslanyň ýanyndan çagasyny almak ýaly howpludyr!





Erkek kişiler owadan zenany söýýärler, emma zenanlar söýen kişisini görmegeý hasaplaýarlar.





Uzak gije aglap, ertesi hiç zat bolmadyk ýaly durmuşyny dowam etmegi başarýan ─ zenandyr.
34
192
tmyigit76
17.01.2024 21:53


Aglaýan oglanjygyň näletli taryhy



1980-nji ýyllarda Türkiýedäki köp mikroawtobus penjireleriniň, dükanlaryň wejaýlaryň diwarlaryny bezän "Aglaýan çaga" suraty soňky 30 ýylda şäher rowaýatyna owrüldi. 1950-nji ýyllardan bäri Angliýada 250 000 nusga satylan suratyň hekayýasy düşünişmezliklerden doly.


Biz bu postda, "Çiko" ady bilen hem tanalýan "Aglaýan çaga" suratynyň täsin hekaýasyny size ýetirýäris ...




Bütin dünýäde millionlarça nusga satylan gözleri ýaşly oglanjygyň suraty ilki bilen gaty gowy görülse-de, Iňlis metbugatynyň mekirliginiň pidasy boldy we "näletlendi".

Köpçülikleýin sarp etmek üçin öndürilen arzan suratlaryň biri bolan "Aglaýan çaga", italýan suratkeşi Bruno Amadionyň (1911- 1981) galamyna degişli. Wenesiýadaky syýahatçylara surat satmak bilen gazanç eden Amadio-da 27 sany meşhur surat bar.



Jowanni Bragolin ady bilen has meşhur bolan hudožnik öz eserlerinde aglaýan çagalary şekillendirýä, käbirleri tarapyndan "'sigan çagalary" diýilýär.


1950-nji ýyllardan bäri bütin dünýäde
aýlanyp başlan suratyň ýüzlerçe dürli
görnüşi öndürildi. Aslynda goňur reňkli gözli çaga saryýagyz we gök gözli boldy.
Kurtkasynyň modeli birnäçe gezek üýtgedi.



Käýarym jynsyny üýtgedip, gyz öwürdiler. Ýaşy kiçeldi ýa-da ulaldy. Her ýurda, her islege we her talaba laýyyk köp üýtgeşmeler boldy. Üýtgemedik ýekeje zat, gözýaşlary we ýüregi gysýan, gynandyryjy görnüşi.

Portrediň näletine gelsek... Bularyň hemmesi Angliýadaky ýangyndan başlandy.

Iňlis "The Sun" gazetiniň 1985-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çap eden habarynda
Yorkorkşir dag magdan şäherçesinde bir
ýangyn söndürijiniň düýbünden ýanyp kül bolan ençe öýde bu suratyň zeper
ýetmändigini habar berýär diýip ýazýar.



Ýangyn söndürijiler bolsa "Aglaýan çaga"
suratynyň hiç wagt öýlerine salynmandygyny we suratyň eýeleriniň bu habary okanlarynda howsala düşendigi aýdylýar.



(Ýangynlaryň köpüsi, düşege, perdelere elektrik peçleri ýakyn goýmak ýa-da peçkalary açyk goýmak bilen ýüze çykdy.)

Şol ýyllarda Angliýanyň garyp etraplarynda bu suratyň 50 müň nusgasy satylypdy. Garyp etraplarda ýangyn hemişe yüze çykýardy. Gazetiň bildirişi boýunça 2500 okyjy öýlerinden bu suraty gazetlere iberdi.Suratlar toplap ýakyldy we suratlar ýene-de birinji sahypada çap edildi. Haýallap bilmeyän gazet, suratdaky jadygöýligi ýok. etmek üçin: "Suraty gyssagly başga birine beriň, aglaýan oglan-gyzlary bir ýere jemläň ýa-da asyň" -diýip, akyla sygmajak garaýyş görkezip, maslahat berdi.

Soň müňlerçe adam gazete habar edip
başdan geçirenleri barada gürüň berdi.

Aýdylanlar ynanar ýaly däldi. "Aglaýan çaga" suratynyň gije aglaýan sesleri döredýändigi, gözýaşlaryň gan reňikine öwrülendigi we suratyň hiç bir sebäpsiz titremäge we asylmaga başlandygy barada myş-myşlar köpeldi.


Ahyrynda bu bigünä surat "näletlendi". Şeýle-de bolsa, "Aglaýan oglan' biraz wagt bolsa-da ýatdan çykaryldy ...

Emma soňrak onuň näleti Çilide ýüze
çykýar. Paýtagt Santýagoda bir guramaçy, Halloween üçin çap eden afişasynda "Aglaýan çaga" şekilini ulandy. Afişa şäheriň esasy köçelerinde we söwda merkezlerinde asyldy. Adatdan daşary hadysalar (paranormal) bilen gyzyklanýan mediaçylar gozgalaň turuzyp, suratyň länetlenendigini we derrew asylan ýerinden aýrylmalydygyny aýtdylar. Çiliniň iň uly gazet "Las Ultimas Noticias" (LUN) bu wakany "Aglaýan oglanjygyň gorkuly gaýdyp gelmegi" sözleri bilen çap etdi. Gazet bilen habarlaşan takmynan 80 adam, surat asylany bäri özlerine erbet zatlaryň bolandygyny (aýrylyşdylar, işinden kowuldy we öýleri ot alýar) aýdýarlar.

"Aglaýan oglanjygyň", döreden bu şäher
rowaýaty bilen, hatda "Da Winçi kodyny"
hem çetde galdyrdy. Yangyn söndüriş
bölüminiň işgärleri ähli ýangynyň geleňsizlik sebäpli bolandygyna aýtsalarda "The Sun" gazetiniň ýaýradýan habarlary jemgyýet
tarapyndan has dogry hasaplanypdyr.

Aslynda bu ýagdaý habar beriş serişde-
leriniň jemgyýete aňsatlyk bilen täsir edip islendiki tarapa gönükdirip biljekdigini görkezýär .



Çeşme: www.orhankoc.com
terjime eden we taýýarlan 𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼




Durmuşdaky käbir wakalary haýsydyr bir zat bilen baglanyşdyrmak, akla sygmajak zatdygyny bu suratyň taryhyndan bilmek bolýar. Häzirki wagtda hem köpler tarapyndan ynanylýan ýyldyz we ş.m täleýnamalar hem şuña meňzeş ýagdaý dälmi eýsem...?
42
925
tmyigit76
16.01.2024 22:21




Altyn we kümüş metallary hakda gyzykly maglumatlar.





Altyn dünýäde meşhur metallaryň biri bolup,maddy baýlygyň we gymmatlygyň nusgasy hökmünde müňlerçe ýyl bäri hyzmat edip gelýär. OI hazirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň esasy hasaplanýar, sebäbi bu metal poslamaýar, hemişe gymmatyny saklaýar we önümçilikde giňden ulanylýar.

* * *


Gadymy grekler altyny suw bilen Gün şöhlesiniň garyndysy, inkler Gün Hudaýynyň gözýaşy hem-de adamlara eden peşgeşi diýip hasaplapdyrlar.


* * *


Müsürliler altyn zerresini 1200 ýyl mundan ozal gyrkylmadyk goýun derisiniň kömegi bilen deňiz düýbüniň çägesinden saýgaryp almagy başarypdyrlar.

Belki-de, «Altyn goýun derisi» hakyndaky gadymy rowaýat hem hut şu esasda dörändir.


* * *


Altyn juda ýumşak we agyr metaldyr. Onuň berkligi adam dyrnagynyň berkligine deňelýär. 46,2mm diametrli altyn topuň agramy bolsa bir kilograma deňdir.


* * *


Altyn ynsan bedenine hiç hili zyýan ýetirmeýär, ony hatda aşa duýgur adamlar hem arkaýyn dakynyp bilerler.


* * *


Dünýäde agtarylyp tapylan sap tebigy altyn metalyň bölekleriniň iň iri gönüşiniň agramy 72 kilogram bolupdyr. OI Ýeriň ýüzünde diýen ýaly ýatan eken, onuň üçin hünämenler bu metaly: «Salam, nätanyş»diýip atlandyrypdyrlar.


* * *


Altyn magdany Ýeriň ähli kontinentinde barlygyna garamazdan, ol gyt hasaplanylýar.


* * *


Olimpiýa altyn medallaryny gyzyldan ýasamagy bes etdiler, ilkibaşda olar, hakykatdan hem, altyndan ýasalypdyr. Häzirki döwürde medalyň diňe daşky örtügine bary-ýogy 6 g altyn çaýylýar.


* * *


Altyn bilen kümşüň ergininden ilkinji şaý teňňesi b.e. öň 560-njy ýylda ýasalypdyr.


* * *


Kümüş altyna garanda has giňden ýaýran hem arzan metaldyr. Bu metal hem asyrlarboýy maddy serişde hökmünde giňden hyzmat edip gelýär.
 Kümüş zergärçilikden daşary,senagatda hem ulanylýar.


* * *


Kümşüň uly gory Hindistanda ýerleşýär.


* * *


Iň uzyn kümüş plastinasy Kanadadan tapylypdyr. Onuň uzynlygy 30 metr bolup, «kümüş ýanýoda» diýlip atlandyrylypdyr.


* * *


Iň uly sap tebigy kümüş metal bölegi orta asyrda Germaniýada Şneberg ýatagyndan tapylypdyr. Onuň agramy 40 tonna eken.


* * *


Adam gündeki iýmit bilen 0,1 mg kümüş alýar. Aýratyn-da, ol ýumurtganyň sarysynyň düzüminde köp bolýar.


* * *


Kümüş metalyň antibakterial häsiýeti ýiti bolup, ol örän köpdürli bakteriýalary öldürip bilýär.


* * *


Kümüş suwy arassalaýjy häsiýete-de eýedir.


* * *


Kümşi lukmançylykda, ýagny stomatologiýada dişagyrynyň bejergisinde hem ulanypdyrlar. Meselem, Şweýsariýada syrkawa agzynda kümüş teňňäni sakladýarlar, şondan soň agyry kem-kemden azalýan ekeni.


* * *


Kümşüň hatyrasyna biraz soňrak
açyş edilen ýene bir metal platina
diýlip atlandyrylýar, ol ispan sözi bolup, «kiçi kümüş» diýen manyny berýar.


* * *


Alymlar ýörite geçiren barlaglarynda
kümşüň bedeniň gemoglobin ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, nerw ulgamyny
rahatlandyrmaga we berkleşdirmäge, kellagyryny aýyrmaga hem-de stresleri ýeňmäge kömek edýändigini anyklapdyrlar.


* * *


Ýaponiýada kümşi kondisioner önümçilginde-de giňden ulanýarlar. Bu enjamlar otagy hem sowadýar, hem howasyny arassalaýar.


* * *


Kümüş Gün şöhlesiniň aşagynda uzak
wagt saklanylsa, çalt solup, lowurdysy peselmek bilen bolýar, reňki garalýar. Ol howadaky kükürt elementiniň (sera) täsir etmegi bilen baglanyşykly.





Metbugat maglumatlary esasynda

29
186
tmyigit76
15.01.2024 20:43
Dünýäniň iň meşhur söýgi hekaýasy: Romeo we Julietta hakda täsin 10 fakt






Dünýäniň iň pajygaly hekaýalarynyň biri bolan Romeo bilen Juliettanyň başga bir eserden ylham alandygyny bilýärdiňizmi?



Dünýäde hemmeler diýen ýaly Romeo we Juliettanyň hekaýasyny bilýär. Edebiýatda ýatdan çykmajak söýgi hekaýalarynyň biri bolan bu eser ýaşlygyň, hyjuwyň, söýginiň we feodal maşgala duşmançylygynyň çatrygynda bolup geçýär. Verona şäherinde bolup geçýän bu hekaýa, iki ýaş aşygyň maşgalalarynyň duşmançylygyna we jemgyýetçilik basyşlaryna garamazdan hyjuwly söýgi üçin dowam edýän tagallalary hakda. Eser adam duýgularynyň we hyjuwlarynyň güýjüne çuňňur düşünmegi mümkinçilik berýär we asyrlar boýy okyjylar köpçüligine täsirini dowam etdirýär. Iki hak aşyklary beýan edýän William Şekspiriň pajygaly eseri ýyllaryň dowamynda ýüzlerçe, hatda müňlerçe gezek uýgunlaşdyryldy. Spektaklyň saz görnüşleri, opera wersiýalary we 100-den gowrak film we telewizion wersiýasy bar.



Biz bu postda şol meşhur Romeo-Julietta atly eseri barada 10 fakty siziň dykkatyňyza hödürleýäs. Göwnüňize ýarar diýip umyt edýäris.





1. William Şekspir "Montague" we "Kapulets" hakda ilkinji bolup ýazan däldir.

Montague we Kapulets (Romeo we Julietiň söýgüsini mümkin däl edýän dawa-jenjeliň merkezindäki iki maşgala) William Şekspiriň ýazmazyndan has öň bardy. Bu iki at Danteniň "Ylahy komediýa" -synda agzalýar. Goşgy Şekspir dünýä inmezinden 250 ýyl öň ýazylypdy.




2. Söýgi hekaýasy Artur Brukyň goşgusyna esaslanýar.

Şekspiriň döwründe beýleki ýazyjylaryň pikirlerinden ylham almak adaty zatdy, şonuň üçin Romeo we Julietanyň hekaýasynyň original görnüş däldigi geň däldir. Şekspir hekaýatynyň baş gahrymanlaryny Artur Brukyň 1562-nji ýylda ýazan "Romeus we Julietanyň tragiki taryhy" goşgusynda baş gahrymanlara esaslandyrdy.

Brukyň goşgusyndaky wakalar Italiýanyň Verona şäherinde bolup geçip, iki baý, asylly maşgalanyň, Kapulet bilen Montaganyň arasyndaky "ölümli söweşi" beýan edilýär. Şeýle hem, akylly we owadan Julietta Kapulet tarapyndan duzaga düşürilen ýigit Romeus Montaganyň 'bagtsyz' wakasyny gürrüň berýär.




3. Oňa hemişe Romeo we Julietta diýilmeýärdi.

Romeo-Juliettanyň has uzyn bir ady bardy: Romeo bilen Julietiň iň kämil we gynandyryjy tragediýasy.



4. Spektaklyň birinji neşiri rugsatsyz çap edildi.

Romeo we Julietta "First kwartoda" 1597-nji ýylda neşir edildi. Emma Şekspiri öwrenijileriň pýesanyň bu görnüşiniň diňe bir doly däl, eýsem rugsatsyzdygyny öňden bäri jedel edip gelýärler. "Second kwartoda" neşir edilen 1599-njy ýyldaky wersiýa şu gün hemmämiziň bilýän Romeo we Juliettasydyr.



5. Hekaýanyň soňy asla garaşylmadyk zat däldi.

Romeo we Julietta tragediýanyň nähili soňlanjagy okyja mälim edilýän sözbaşy bilen başlaýar. Bu ýerde awtor bize meşhur aşyklaryň öz janyna kast etjekdigi aýdýar.



6. Kitapda Juliet bary-ýogy 13 ýaşynda.

Romeo bilen Julietiň aşyk bolan ýaş jübütdigini bilýäris; emma Juliettanyň näçe ýaşynda bolandygyny ýatdan çykarmak aňsat. I sahna, III sahna, Ledi Kapulet Juliettanyň "entek on dört ýaşyndadygyny" aýdýar. Ýaş gyzyň 14 ýaşyna çenli bary-ýogy iki hepde galdy diýilýär. Romeonyň takyk ýaşy bolsa hiç haçan berilmeýär.



7. Jübütleriň söýgüsi wakalarda tiz ösdürilýär.

Julietiň bary-ýogy 13 ýaşyndadygyny bilýändigimiz üçin, onuň ýaş we howlukmaç bolmagy ýalňyş däldir. Şeýle-de bolsa, olar 24 sagadyň dowamynda duşuşýarlar we durmuş gurýarlar.



8. Romeo we Julietiň ajaýyp 'balkon sahnasynda' balkon ýok.

Romeo we Julietiň iň ajaýyp pursatlarynyň biri 2-nji perde 2-nji sahnada bolup geçýän 'balkon sahnasy'. Şeýle-de bolsa, Şekspiriň pýesasynda balkon sözüniň ýoklugy täsin ýagdaý. Munuň sebäbi, "Balkon" sözüniň Şekspiriň Romeo we Julietany ýazanyndan 20 ýyl soň, 1618-nji ýyla çenli ýüze çykmazlygydyr. Munuň ýerine Juliet "ýokardaky penjirede" peýda bolýar.



9. Bir aýalyň Juliettanyň roluny ýerine ýetirmegi 1662-nji ýyla çenli mümkin däldi.

Şekspiriň döwründen 1660-njy ýyla çenli ähli sahna rollaryny erkekler ýerine ýetirýärdi. Şeýle-de bolsa, 1662-nji ýylda aktrisa Meri Saunderson Juliettanyň keşbinde sahna çykdy.



10. Bir teatr režissýory Rosaline-ni eserden bütinleý çykarýar.

Romeo ilkinji ünsüni özüne çeken adamy Julietta däl-de, Rosalinedi. Emma soň Julietta bilen tanyşýar we oňa aşyk bolýar. 1748-nji ýylda Romeo we Julietiň täze wersiýasyny sahnalaşdyranda, aktýor / dramaturg Deýwid Garrik Romeo-nyň Julieta bolan söýgüsiniň täsirini azaldýandygy we ony "kararsyz" edip görkezýändigine ynanyp Rosalineniň keşbini bütinleý aýyrýar.






Çeşme: www.listelist.com
Taýýarlan we terjime eden: 𝚝𝚖𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼
32
247
tmyigit76
15.01.2024 11:34

Leylisaç






Ata-babalarymyz tarapyndan ir döwürlerden bäri peýdalanylyp gelinýän, ady rowaýatlara giren ösümlikleriň biri söwütdir (tal). Söwütleriň arasynda
ir döwürlerden bäri köp ekilýän görnüşiniň biri hem leylisaçdyr. Söwüdiň bu görnüşiniň näme sebäpden başyny aşak salyp, aglaýan ýaly gamgyn halda oturany baradaiki hili rowaýat bar.

Rowaýatda aýdylyşyna görä, tal, derek, tut, kerkaw ýaly saýaly, alma, erik, garaly,
ülje ýaly ir-iýmişli agaçlaryň arasynda ösüp oturan wagty, çygly ýeri, suwy gowy görýäni sebäpli, ýanynda ösüp
oturan agaçlara berlen suwlaryň ählisini, olardan öňürti özi içip, ýanyndaky agaçlaryň guramagyna sebäp bolupdyr. Agaçlar indiki ýyl ýaňy ösüp başlan wagty, taly ara alyp, eden işiniň nädogrudygyny aýdyp, oňa käýäpdirler. Şonda ol öz eden işiniň nädogrudygyny boýun alypdyr, oňa ökünipdir. Şondan bäri «Leýlisaç» öz eden işine utanyp şol ýüzüni sallap, aşak bakyp oturyşyna
galyberipdir diýýärler.


Ikinji bir rowayatda bolsa, bir suwly ýabyň gyrasyna biri-birini söyýän iki sany ýaş juwan duşuşyga geler ekenler. Bir günden bir gün bu ýere gelen ýaşlar özara gürüňleşip oturyp, howa yssy bolany üçin, suwly ýabyň gyrasyna baryp, el-ýüzlerini ýuwupdyrlar we
yzyndan bir-birlerine suw sepişjp oýnap başlapdyrlar. Şol barmana, birden gyz suwa ýykylypdyr. Ol suwda ýüzüp bilmeýänligi sebäpli, her näçe jan
edip çykjak bolsa-da, suwdan çykyp bilmändir. Suw ony kem-kemden aşak basyp, öz akymy bilen alyp gidipdir. Oglan derrew suwa özüni oklap, gyzy halas etjek bolupdyr. Ol näçe jan çekse-de, peýda bermändir. Gyz gark bolupdyr. Oglan suwuň içinde ony tapjak bolup köp sermenipdir. Ýöne gyz girdaba düşüp, ýitip gidipdir. Şondan soň oglan başyny aşak salyp: «Haçan gyz bir ýerden çykaýarka?!» diýip, her gün ýabyň gyrasyna gelip gyzy gözlär eken. Ol ahyr gyzy taparyn umyt bilen. şol ýabyň gyrasyndan gaýtman, şol ýerde ömürlik galypdyr. Rowaýatda aýdylyşyna görä, suwly ýabyň gyrasynda ösüp, şol suwdan öz söýgüli gyzyny gözläp oturan gamgyn ýigit, suwuň içinden gyzy tapjak bolup, başyny aşak salyp, aglap, suwy sermeläp oturan söwüde - tala öwrülipdir. Şondan soň ol agaç «leýlisaç» ýa-da «Aglaýan tal adyny alypdyr» diýlip aýdylýar.
33
139