Ir oýanmak üçin näme etmeli?
Ir turup bilmeýänler üçin 5 ýol︻Käbir adamlar irden has işjeň we hyjuwly bolsalar, ýagdaý beýlekiler üçin tersine bolup biler. Köp adam ähli işlerini bir günde meýilleşdirýän ýagdaýy bolýar. Şeýle ýagdaýda ir ýatmaga we ir turmaga söz bersek-de, ony başarmak hyllalla .
Köp adam işe ýa-da mekdebe gitmek üçin irden turmakda kynçylyk çekýär. Beýle bolsa ir bilen turup, sagdyn bolmak üçin näme etmeli? Bu postda olary size ýetirýäris....
︼1. Uky tertibini dörediň.Ilki bilen, sagdyň bolmak üçin her gije 7-8 sagat uklamaly. Belli bir wagtyň özünde uklap, belli bir wagtyň özünde oýananyňyzda, wagtyň geçmegi bilen bedeniňiz bu ýagdaýa öwrenişer.
2. Kofein sarp edişde seresap boluňKäbir gözlegler kofeniň uklamagy kynlaşdyrýandygyny görkezýär. Şonuň üçin günüň dowamynda 2-3 stakandan köp kofe içmezlige üns beriň.
3. Stresiňizi we aladaly derejäňizi deňleşdiriňGünüň dowamynda başdan geçirýän stresleriňizi deňleşdirmek üçin özüňize rahatlandyryjy iş (güýmenje) tapyp bilersiňiz. Bular uzak gezelenç, surat çekmek ýa-da her gün 1 sagat kitap okamak we ş.m. bolup biler. Sebäbi göwnüňizden turýan bir iş etmek, pikiriňizi arassalamaga kömek eder.
4. Telefonyňyzy uzakda goýuň.Ýatylýan otagyňyza gideniňizde telefonyňyzy ýatýan ýeriňizde goýmaň. Ýatmakda kynçylyk çekeniňizde, telefon we telewizor ýaly elektron enjamlardan uzak durmak, ukyňyzyň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder. Mundan başga-da, telefonyňyzy uzak ýerde goýsaňyz, duýduryşyňyzy gijikdirmek we "ýene birazajyk uklaýyn diýen" :-) mümkinçiligiňiz ýok bolar.
5. Säheriň tertibini dörediň.Säher adamy bolmaga itergi berjek zatlaryň biri, tertip-düzgüni döretmekdir. Güni halaýan aýdymyňyzy diňlemek, ösümlikleriňizi suwarmak, kitabyňyzdan birnäçe sahypa okamak ýa-da oýlanmak ýaly ädimler bilen başlap bilersiňiz.
Çeşme: www.Cumhuriyet.com
Terjime eden we taýýarlan @𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼 editor: tmyigit76 postlaryny okamak üçin şu ýere basyň