tmyigit76
16.01.2024 22:21




Altyn we kümüş metallary hakda gyzykly maglumatlar.





Altyn dünýäde meşhur metallaryň biri bolup,maddy baýlygyň we gymmatlygyň nusgasy hökmünde müňlerçe ýyl bäri hyzmat edip gelýär. OI hazirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň esasy hasaplanýar, sebäbi bu metal poslamaýar, hemişe gymmatyny saklaýar we önümçilikde giňden ulanylýar.

* * *


Gadymy grekler altyny suw bilen Gün şöhlesiniň garyndysy, inkler Gün Hudaýynyň gözýaşy hem-de adamlara eden peşgeşi diýip hasaplapdyrlar.


* * *


Müsürliler altyn zerresini 1200 ýyl mundan ozal gyrkylmadyk goýun derisiniň kömegi bilen deňiz düýbüniň çägesinden saýgaryp almagy başarypdyrlar.

Belki-de, «Altyn goýun derisi» hakyndaky gadymy rowaýat hem hut şu esasda dörändir.


* * *


Altyn juda ýumşak we agyr metaldyr. Onuň berkligi adam dyrnagynyň berkligine deňelýär. 46,2mm diametrli altyn topuň agramy bolsa bir kilograma deňdir.


* * *


Altyn ynsan bedenine hiç hili zyýan ýetirmeýär, ony hatda aşa duýgur adamlar hem arkaýyn dakynyp bilerler.


* * *


Dünýäde agtarylyp tapylan sap tebigy altyn metalyň bölekleriniň iň iri gönüşiniň agramy 72 kilogram bolupdyr. OI Ýeriň ýüzünde diýen ýaly ýatan eken, onuň üçin hünämenler bu metaly: «Salam, nätanyş»diýip atlandyrypdyrlar.


* * *


Altyn magdany Ýeriň ähli kontinentinde barlygyna garamazdan, ol gyt hasaplanylýar.


* * *


Olimpiýa altyn medallaryny gyzyldan ýasamagy bes etdiler, ilkibaşda olar, hakykatdan hem, altyndan ýasalypdyr. Häzirki döwürde medalyň diňe daşky örtügine bary-ýogy 6 g altyn çaýylýar.


* * *


Altyn bilen kümşüň ergininden ilkinji şaý teňňesi b.e. öň 560-njy ýylda ýasalypdyr.


* * *


Kümüş altyna garanda has giňden ýaýran hem arzan metaldyr. Bu metal hem asyrlarboýy maddy serişde hökmünde giňden hyzmat edip gelýär.
 Kümüş zergärçilikden daşary,senagatda hem ulanylýar.


* * *


Kümşüň uly gory Hindistanda ýerleşýär.


* * *


Iň uzyn kümüş plastinasy Kanadadan tapylypdyr. Onuň uzynlygy 30 metr bolup, «kümüş ýanýoda» diýlip atlandyrylypdyr.


* * *


Iň uly sap tebigy kümüş metal bölegi orta asyrda Germaniýada Şneberg ýatagyndan tapylypdyr. Onuň agramy 40 tonna eken.


* * *


Adam gündeki iýmit bilen 0,1 mg kümüş alýar. Aýratyn-da, ol ýumurtganyň sarysynyň düzüminde köp bolýar.


* * *


Kümüş metalyň antibakterial häsiýeti ýiti bolup, ol örän köpdürli bakteriýalary öldürip bilýär.


* * *


Kümüş suwy arassalaýjy häsiýete-de eýedir.


* * *


Kümşi lukmançylykda, ýagny stomatologiýada dişagyrynyň bejergisinde hem ulanypdyrlar. Meselem, Şweýsariýada syrkawa agzynda kümüş teňňäni sakladýarlar, şondan soň agyry kem-kemden azalýan ekeni.


* * *


Kümşüň hatyrasyna biraz soňrak
açyş edilen ýene bir metal platina
diýlip atlandyrylýar, ol ispan sözi bolup, «kiçi kümüş» diýen manyny berýar.


* * *


Alymlar ýörite geçiren barlaglarynda
kümşüň bedeniň gemoglobin ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, nerw ulgamyny
rahatlandyrmaga we berkleşdirmäge, kellagyryny aýyrmaga hem-de stresleri ýeňmäge kömek edýändigini anyklapdyrlar.


* * *


Ýaponiýada kümşi kondisioner önümçilginde-de giňden ulanýarlar. Bu enjamlar otagy hem sowadýar, hem howasyny arassalaýar.


* * *


Kümüş Gün şöhlesiniň aşagynda uzak
wagt saklanylsa, çalt solup, lowurdysy peselmek bilen bolýar, reňki garalýar. Ol howadaky kükürt elementiniň (sera) täsir etmegi bilen baglanyşykly.





Metbugat maglumatlary esasynda

29
182
annabibi
17 Yanwar 2024
👍👑
loona_girl
16 Yanwar 2024
@awgust, yöne şol hakyky eken meňem ejemde bar şol wln şondan bilyanlaý yöne ilki sağa dakyp soň cepine geçirdi yogsam yüreğe agram berya diydiler
loona_girl
16 Yanwar 2024
@awgust, hakyky ilki başda yöne cepe yürek tarapa daksaň agram berya diyyaler yüreğe ilki sağa dakyp 1,2 günden cepe dakmaly diyyaler
tmyigit76
16 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, wahh ol hemmä gerek 😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.