tmyigit76
15.01.2024 11:34

Leylisaç






Ata-babalarymyz tarapyndan ir döwürlerden bäri peýdalanylyp gelinýän, ady rowaýatlara giren ösümlikleriň biri söwütdir (tal). Söwütleriň arasynda
ir döwürlerden bäri köp ekilýän görnüşiniň biri hem leylisaçdyr. Söwüdiň bu görnüşiniň näme sebäpden başyny aşak salyp, aglaýan ýaly gamgyn halda oturany baradaiki hili rowaýat bar.

Rowaýatda aýdylyşyna görä, tal, derek, tut, kerkaw ýaly saýaly, alma, erik, garaly,
ülje ýaly ir-iýmişli agaçlaryň arasynda ösüp oturan wagty, çygly ýeri, suwy gowy görýäni sebäpli, ýanynda ösüp
oturan agaçlara berlen suwlaryň ählisini, olardan öňürti özi içip, ýanyndaky agaçlaryň guramagyna sebäp bolupdyr. Agaçlar indiki ýyl ýaňy ösüp başlan wagty, taly ara alyp, eden işiniň nädogrudygyny aýdyp, oňa käýäpdirler. Şonda ol öz eden işiniň nädogrudygyny boýun alypdyr, oňa ökünipdir. Şondan bäri «Leýlisaç» öz eden işine utanyp şol ýüzüni sallap, aşak bakyp oturyşyna
galyberipdir diýýärler.


Ikinji bir rowayatda bolsa, bir suwly ýabyň gyrasyna biri-birini söyýän iki sany ýaş juwan duşuşyga geler ekenler. Bir günden bir gün bu ýere gelen ýaşlar özara gürüňleşip oturyp, howa yssy bolany üçin, suwly ýabyň gyrasyna baryp, el-ýüzlerini ýuwupdyrlar we
yzyndan bir-birlerine suw sepişjp oýnap başlapdyrlar. Şol barmana, birden gyz suwa ýykylypdyr. Ol suwda ýüzüp bilmeýänligi sebäpli, her näçe jan
edip çykjak bolsa-da, suwdan çykyp bilmändir. Suw ony kem-kemden aşak basyp, öz akymy bilen alyp gidipdir. Oglan derrew suwa özüni oklap, gyzy halas etjek bolupdyr. Ol näçe jan çekse-de, peýda bermändir. Gyz gark bolupdyr. Oglan suwuň içinde ony tapjak bolup köp sermenipdir. Ýöne gyz girdaba düşüp, ýitip gidipdir. Şondan soň oglan başyny aşak salyp: «Haçan gyz bir ýerden çykaýarka?!» diýip, her gün ýabyň gyrasyna gelip gyzy gözlär eken. Ol ahyr gyzy taparyn umyt bilen. şol ýabyň gyrasyndan gaýtman, şol ýerde ömürlik galypdyr. Rowaýatda aýdylyşyna görä, suwly ýabyň gyrasynda ösüp, şol suwdan öz söýgüli gyzyny gözläp oturan gamgyn ýigit, suwuň içinden gyzy tapjak bolup, başyny aşak salyp, aglap, suwy sermeläp oturan söwüde - tala öwrülipdir. Şondan soň ol agaç «leýlisaç» ýa-da «Aglaýan tal adyny alypdyr» diýlip aýdylýar.
33
139
tmyigit76
15 Yanwar 2024
@flowers_, 👍🏻
tmyigit76
15 Yanwar 2024
@flowers_, ýok galdyrmaly teswir. Bir meselede çekeleşmek, pikir alyşmak gowa.
amanmyradowna_
15 Yanwar 2024
@flowers_, men postymda gallyray teswir
tmyigit76
15 Yanwar 2024
@flowers_, 👍🏻
tmyigit76
15 Yanwar 2024
@flowers_, O.Nazarbekow. özbek aýdymçysy
tmyigit76
15 Yanwar 2024
@flowers_, Ol aýdym Jemalyňkyňy?:)
senorita
15 Yanwar 2024
Gowy gõrýãn Leýlisaçy :)
dilber
15 Yanwar 2024
Gyzykly rowaýat ekeni👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.