Länetli suratyň taryhy
Aglaýan oglanjygyň näletli taryhy1980-nji ýyllarda Türkiýedäki köp mikroawtobus penjireleriniň, dükanlaryň wejaýlaryň diwarlaryny bezän "Aglaýan çaga" suraty soňky 30 ýylda şäher rowaýatyna owrüldi. 1950-nji ýyllardan bäri Angliýada 250 000 nusga satylan suratyň hekayýasy düşünişmezliklerden doly.Biz bu postda, "Çiko" ady bilen hem tanalýan "Aglaýan çaga" suratynyň täsin hekaýasyny size ýetirýäris ...
Bütin dünýäde millionlarça nusga satylan gözleri ýaşly oglanjygyň suraty ilki bilen gaty gowy görülse-de, Iňlis metbugatynyň mekirliginiň pidasy boldy we "näletlendi".
Köpçülikleýin sarp etmek üçin öndürilen arzan suratlaryň biri bolan "Aglaýan çaga", italýan suratkeşi Bruno Amadionyň (1911- 1981) galamyna degişli. Wenesiýadaky syýahatçylara surat satmak bilen gazanç eden Amadio-da 27 sany meşhur surat bar.
Jowanni Bragolin ady bilen has meşhur bolan hudožnik öz eserlerinde aglaýan çagalary şekillendirýä, käbirleri tarapyndan "'sigan çagalary" diýilýär.
1950-nji ýyllardan bäri bütin dünýäde
aýlanyp başlan suratyň ýüzlerçe dürli
görnüşi öndürildi. Aslynda goňur reňkli gözli çaga saryýagyz we gök gözli boldy.
Kurtkasynyň modeli birnäçe gezek üýtgedi.
Käýarym jynsyny üýtgedip, gyz öwürdiler. Ýaşy kiçeldi ýa-da ulaldy. Her ýurda, her islege we her talaba laýyyk köp üýtgeşmeler boldy. Üýtgemedik ýekeje zat, gözýaşlary we ýüregi gysýan, gynandyryjy görnüşi.
Portrediň näletine gelsek... Bularyň hemmesi Angliýadaky ýangyndan başlandy.Iňlis "The Sun" gazetiniň 1985-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çap eden habarynda
Yorkorkşir dag magdan şäherçesinde bir
ýangyn söndürijiniň düýbünden ýanyp kül bolan ençe öýde bu suratyň zeper
ýetmändigini habar berýär diýip ýazýar.
Ýangyn söndürijiler bolsa "Aglaýan çaga"
suratynyň hiç wagt öýlerine salynmandygyny we suratyň eýeleriniň bu habary okanlarynda howsala düşendigi aýdylýar.
(Ýangynlaryň köpüsi, düşege, perdelere elektrik peçleri ýakyn goýmak ýa-da peçkalary açyk goýmak bilen ýüze çykdy.)Şol ýyllarda Angliýanyň garyp etraplarynda bu suratyň 50 müň nusgasy satylypdy. Garyp etraplarda ýangyn hemişe yüze çykýardy. Gazetiň bildirişi boýunça 2500 okyjy öýlerinden bu suraty gazetlere iberdi.Suratlar toplap ýakyldy we suratlar ýene-de birinji sahypada çap edildi. Haýallap bilmeyän gazet, suratdaky jadygöýligi ýok. etmek üçin: "Suraty gyssagly başga birine beriň, aglaýan oglan-gyzlary bir ýere jemläň ýa-da asyň" -diýip, akyla sygmajak garaýyş görkezip, maslahat berdi.
Soň müňlerçe adam gazete habar edip
başdan geçirenleri barada gürüň berdi.
Aýdylanlar ynanar ýaly däldi. "Aglaýan çaga" suratynyň gije aglaýan sesleri döredýändigi, gözýaşlaryň gan reňikine öwrülendigi we suratyň hiç bir sebäpsiz titremäge we asylmaga başlandygy barada myş-myşlar köpeldi.
Ahyrynda bu bigünä surat "näletlendi". Şeýle-de bolsa, "Aglaýan oglan' biraz wagt bolsa-da ýatdan çykaryldy ...Emma soňrak onuň näleti Çilide ýüze
çykýar. Paýtagt Santýagoda bir guramaçy, Halloween üçin çap eden afişasynda "Aglaýan çaga" şekilini ulandy. Afişa şäheriň esasy köçelerinde we söwda merkezlerinde asyldy. Adatdan daşary hadysalar (paranormal) bilen gyzyklanýan mediaçylar gozgalaň turuzyp, suratyň länetlenendigini we derrew asylan ýerinden aýrylmalydygyny aýtdylar. Çiliniň iň uly gazet "Las Ultimas Noticias" (LUN) bu wakany
"Aglaýan oglanjygyň gorkuly gaýdyp gelmegi" sözleri bilen çap etdi. Gazet bilen habarlaşan takmynan 80 adam, surat asylany bäri özlerine erbet zatlaryň bolandygyny (aýrylyşdylar, işinden kowuldy we öýleri ot alýar) aýdýarlar.
"Aglaýan oglanjygyň", döreden bu şäher
rowaýaty bilen, hatda "Da Winçi kodyny"
hem çetde galdyrdy. Yangyn söndüriş
bölüminiň işgärleri ähli ýangynyň geleňsizlik sebäpli bolandygyna aýtsalarda "The Sun" gazetiniň ýaýradýan habarlary jemgyýet
tarapyndan has dogry hasaplanypdyr.
Aslynda bu ýagdaý habar beriş serişde-
leriniň jemgyýete aňsatlyk bilen täsir edip islendiki tarapa gönükdirip biljekdigini görkezýär .
Çeşme: www.orhankoc.comterjime eden we taýýarlan 𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼
Durmuşdaky käbir wakalary haýsydyr bir zat bilen baglanyşdyrmak, akla sygmajak zatdygyny bu suratyň taryhyndan bilmek bolýar. Häzirki wagtda hem köpler tarapyndan ynanylýan ýyldyz we ş.m täleýnamalar hem şuña meňzeş ýagdaý dälmi eýsem...?