Dünýäniň iň meşhur söýgi hekaýasy: Romeo we Julietta hakda täsin 10 faktDünýäniň iň pajygaly hekaýalarynyň biri bolan Romeo bilen Juliettanyň başga bir eserden ylham alandygyny bilýärdiňizmi?
Dünýäde hemmeler diýen ýaly Romeo we Juliettanyň hekaýasyny bilýär. Edebiýatda ýatdan çykmajak söýgi hekaýalarynyň biri bolan bu eser ýaşlygyň, hyjuwyň, söýginiň we feodal maşgala duşmançylygynyň çatrygynda bolup geçýär. Verona şäherinde bolup geçýän bu hekaýa, iki ýaş aşygyň maşgalalarynyň duşmançylygyna we jemgyýetçilik basyşlaryna garamazdan hyjuwly söýgi üçin dowam edýän tagallalary hakda. Eser adam duýgularynyň we hyjuwlarynyň güýjüne çuňňur düşünmegi mümkinçilik berýär we asyrlar boýy okyjylar köpçüligine täsirini dowam etdirýär. Iki hak aşyklary beýan edýän William Şekspiriň pajygaly eseri ýyllaryň dowamynda ýüzlerçe, hatda müňlerçe gezek uýgunlaşdyryldy. Spektaklyň saz görnüşleri, opera wersiýalary we 100-den gowrak film we telewizion wersiýasy bar.
Biz bu postda şol meşhur Romeo-Julietta atly eseri barada 10 fakty siziň dykkatyňyza hödürleýäs. Göwnüňize ýarar diýip umyt edýäris.
1. William Şekspir "Montague" we "Kapulets" hakda ilkinji bolup ýazan däldir.Montague we Kapulets (Romeo we Julietiň söýgüsini mümkin däl edýän dawa-jenjeliň merkezindäki iki maşgala) William Şekspiriň ýazmazyndan has öň bardy. Bu iki at Danteniň "Ylahy komediýa" -synda agzalýar. Goşgy Şekspir dünýä inmezinden 250 ýyl öň ýazylypdy.
2. Söýgi hekaýasy Artur Brukyň goşgusyna esaslanýar.Şekspiriň döwründe beýleki ýazyjylaryň pikirlerinden ylham almak adaty zatdy, şonuň üçin Romeo we Julietanyň hekaýasynyň original görnüş däldigi geň däldir. Şekspir hekaýatynyň baş gahrymanlaryny Artur Brukyň 1562-nji ýylda ýazan "Romeus we Julietanyň tragiki taryhy" goşgusynda baş gahrymanlara esaslandyrdy.
Brukyň goşgusyndaky wakalar Italiýanyň Verona şäherinde bolup geçip, iki baý, asylly maşgalanyň, Kapulet bilen Montaganyň arasyndaky "ölümli söweşi" beýan edilýär. Şeýle hem, akylly we owadan Julietta Kapulet tarapyndan duzaga düşürilen ýigit Romeus Montaganyň 'bagtsyz' wakasyny gürrüň berýär.
3. Oňa hemişe Romeo we Julietta diýilmeýärdi.Romeo-Juliettanyň has uzyn bir ady bardy: Romeo bilen Julietiň iň kämil we gynandyryjy tragediýasy.
4. Spektaklyň birinji neşiri rugsatsyz çap edildi.Romeo we Julietta "First kwartoda" 1597-nji ýylda neşir edildi. Emma Şekspiri öwrenijileriň pýesanyň bu görnüşiniň diňe bir doly däl, eýsem rugsatsyzdygyny öňden bäri jedel edip gelýärler. "Second kwartoda" neşir edilen 1599-njy ýyldaky wersiýa şu gün hemmämiziň bilýän Romeo we Juliettasydyr.
5. Hekaýanyň soňy asla garaşylmadyk zat däldi.Romeo we Julietta tragediýanyň nähili soňlanjagy okyja mälim edilýän sözbaşy bilen başlaýar. Bu ýerde awtor bize meşhur aşyklaryň öz janyna kast etjekdigi aýdýar.
6. Kitapda Juliet bary-ýogy 13 ýaşynda.Romeo bilen Julietiň aşyk bolan ýaş jübütdigini bilýäris; emma Juliettanyň näçe ýaşynda bolandygyny ýatdan çykarmak aňsat. I sahna, III sahna, Ledi Kapulet Juliettanyň "entek on dört ýaşyndadygyny" aýdýar. Ýaş gyzyň 14 ýaşyna çenli bary-ýogy iki hepde galdy diýilýär. Romeonyň takyk ýaşy bolsa hiç haçan berilmeýär.
7. Jübütleriň söýgüsi wakalarda tiz ösdürilýär.Julietiň bary-ýogy 13 ýaşyndadygyny bilýändigimiz üçin, onuň ýaş we howlukmaç bolmagy ýalňyş däldir. Şeýle-de bolsa, olar 24 sagadyň dowamynda duşuşýarlar we durmuş gurýarlar.
8. Romeo we Julietiň ajaýyp 'balkon sahnasynda' balkon ýok.Romeo we Julietiň iň ajaýyp pursatlarynyň biri 2-nji perde 2-nji sahnada bolup geçýän 'balkon sahnasy'. Şeýle-de bolsa, Şekspiriň pýesasynda balkon sözüniň ýoklugy täsin ýagdaý. Munuň sebäbi, "Balkon" sözüniň Şekspiriň Romeo we Julietany ýazanyndan 20 ýyl soň, 1618-nji ýyla çenli ýüze çykmazlygydyr. Munuň ýerine Juliet "ýokardaky penjirede" peýda bolýar.
9. Bir aýalyň Juliettanyň roluny ýerine ýetirmegi 1662-nji ýyla çenli mümkin däldi.Şekspiriň döwründen 1660-njy ýyla çenli ähli sahna rollaryny erkekler ýerine ýetirýärdi. Şeýle-de bolsa, 1662-nji ýylda aktrisa Meri Saunderson Juliettanyň keşbinde sahna çykdy.
10. Bir teatr režissýory Rosaline-ni eserden bütinleý çykarýar.Romeo ilkinji ünsüni özüne çeken adamy Julietta däl-de, Rosalinedi. Emma soň Julietta bilen tanyşýar we oňa aşyk bolýar. 1748-nji ýylda Romeo we Julietiň täze wersiýasyny sahnalaşdyranda, aktýor / dramaturg Deýwid Garrik Romeo-nyň Julieta bolan söýgüsiniň täsirini azaldýandygy we ony "kararsyz" edip görkezýändigine ynanyp Rosalineniň keşbini bütinleý aýyrýar.
Çeşme: www.listelist.com
Taýýarlan we terjime eden: 𝚝𝚖𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼