timm
22.08.2024 11:09
Şu gün saña telwas etdim ýene men,
Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi.
Azary ýetikdir gaýyn eneñem,
Belli däl, pahyryň haçan öljegi.

Öñden belli zadyň gyzygam bolmaz,
Söýmezdim-le beýle boljagyn bilsem.
Yöne, hasaplabam söýüp bolanok,
Ýa-da söýgüde-de barmyka tilsim?

Akyl satýan akylsyzlar köpelip,
Ýaşyň on sekize ýeten mahaly.
Söýgi aýp zatdyr obada diýip,
Guratdylar göze ilen nahaly.

Indi-indi şo günleri ýatlasam,
Özümi ýazgarýan ilki bilen men.
Men batyr ekenim beýnisi ýuka
Durmuşyñ al salýan tilkilerinden.

Käte seni sorap, barasym gelýär,
Yöne, uýat bolar, saña gep geler.
Arzuwlary ýuwaş-ýuwaş könelip,
Günler geçip barýar, geçýär hepdeler.

Gowy bolsun çagalaryň görjegi,
Yetişýär gyzlarmyz, ogullarymyz.
Senin günäñ däldir, meniñkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde doglumagymyz.

Çary Yegenmyradow
22
76
timm
22.08.2024 01:00
***


Meniñ bilen deñine okap pikir alyşaryn. * diýseñiz sizem goşulyp bilersiñiz! * *

Hany ýöredik onda...)


***
16
69
timm
21.08.2024 01:50
Hassa sanap ýatyr soňky demini,
Ýaşaýşyň öňüni ajal bekleýär.
Ýöne lukman tapyp, derdiň emini,
Dogry gelen ölümide saklaýar.

Käte gara nebsi saklaýar ynsap,
Gahar haýbat atýar bogazyn ýyrtyp.
Gaharam togtaýar, şolam bir sogap,
Paýhas alyp çykýar, elinden dartyp.

Ine düýnem oýnap ýören çagadym,
Bilmezdim gussany, bilmezdim bagty.
Üç dili bar goşarymda sagadyň,
Hiç birisem saklap bilmeýär wagty.

Ýylgaý Durdyýew
17
42
timm
21.08.2024 01:45
Arkasynda bir ömürlik ýatlama,
Geçjek ýoly geçeninden az onuň.
Ýatanynda kelemesin gaýtalar,
Tursa “Şükri” dillerine saz onuň.

Çalaran başyna myhmandyr pikir,
Bar zadyň diline düşünýän ýaly
Bir bakan ýerine seredip durýar,
Ýadygärlik surat düşürýän ýaly.

Dem alanda dünýäň ähli howasyn
Ýeke demi bilen gutarýan ýaly.
Her baran ýerine ýaýdanyp barýar,
Bir ýakymsyz habar getirýän ýaly.

Hoşlaşanda çyny bilen hoşlaşýar-
Razylaşýar. (Kim bilipmiş ertesin?!)
Tas ähli wagtyny dymyp geçirýär,
Ýazdyrýan deý bu dünýäniň her sesin.

Ýatlap ýaşlyk ýyllaryny, özüniň
Ýygyrtly ýüzüni gyzardyp barýar.
Hem agyr, haýallan ädimi bilen
Ömrüni az-owlak uzaldyp barýar.

Aşyr Hanow
14
45
timm
18.08.2024 01:15
Ädimlerim bilen giňeldip seni
Golum bilen galdyraryn asmana.
Bu günleriň gum-guklygny geňleme,
Ynan,başymyza şeýle gün geler,
Eli degmez ýürekleriň gysmaga.

Başagaýlyk nyşany däl haraýyň,
Ýer dyrmanyň bilen gelenok bagtam.

Sen gaýta demiňi uludan al-da,
Hözirin görüber tükenmez wagtyň.
El uzatsaň el ýetmejek zat barmy,
Ana,Aýam park etdiler adamlar.
Bu işde özüňe ynanmak gerek,
Sabyr gerek Köpetdag deý azyndan.

Umyt gerek hemem gerek nesibe,
Galan zatlar öz-özüni döredýär.
Adamlaryň başarmaýan zady ýok,

Olar bu gün san ýetmejek ýyldyzlaň,
Barmak basyp hasabyny ýöredýär.

Şonuň üçin,asla ruhdan düşme sen,
Hem bu günleň gum-guklygna gyýylma!
Aýa barmak geçen asryň gürrüňi,
Iki bolup Gün gujaklap gaýdarys,
Haýyrmy?!

Aşyr Hanow
15
88
timm
17.08.2024 12:37
Eger,
bir ýaman söz sypsa dilimden,
Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn.
Çünki, bu dünýäde gören-eşdenmi
paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.

Sen Hudaý isleseñ, islemeseñem,
Menem, özüñ bilýäñ, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sejde kylmaga
jinnek ýalam takat galmandy mende.

Sebäbi bäş ýyl öñ, gyşyň bir güni,
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyña utanmadyñmy
Meni şol günlere duçar edenñe?

Kisäm kör-köpüksiz,
ýat dilde gepläp,
kömek sorap ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly
Huzuryñda durmanmydym kemşerip?

Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga,
Yokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediñ şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müñ sany perişdäñ?

Men soñra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimanly bokala.
"Elbetde, şol günleñ ajysy hakda
Yazyp bordy kitap ýa-da makala".

Emma men ýazmadym,
elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Yeri,
diýdimem-dä,
peýdasy näme?
Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.

Dogry içen wagtym teselli tapýan,
Yöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.

Barybir, ynamsyz ömür sürenden
Ile meñzeş bolup ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniñ göwnüme degdiñ!?

@Çary Yegenmyradow
16
160
timm
11.08.2024 17:33
Görmegiñ-görküñ bar,
Polat erkiñ bar.
Men diýen ýigitler boldy saña zar.
Olaryň dilinde señ adyň sena,
Olara täk özüň bolmaly pena.

Seni söýýänlär kän,
Sen bolsa ýeke.
Saña hat ýazdylar:
«Men seni söýýän!»
Biri ýazdy:
«A gyz, söýmeseň ölýän!»
Biri ýazdy:
«Senin söýjegin bilýän...»

Bagban boljakdylar senin bagyña,
Seniň kalbyň misli erem bagydy.
Öñlerinde senin goýan dagyña
Çykabilmän,
o «bagbanlar» dagady.

Söýdüler,
söýdüler,
irmän söýdüler,
Olar tüweleý dek bolup söýdüler.
Tüweleýler ýitip gitdi bireýýäm,
A men bolsa seni henizem söýýän...

@Atamyrat Atabaýew
24
175
timm
10.08.2024 18:48
Gyz hat ýazýar: «Söýýänime barmadym».
Ýigit ýazýar: «Söýenimi almadym».
Başga biri: «Galyň getir diýdiler,
Şoň üçinem men aljagam bolmadym».

Biri ýazýar: «Men söýýän, ol söýenok».
Biri ýazýar: «Ol söýýär, men söýemok».
Bir gyz ýazýar: «Iki ýigit deň söýüp, -
Men nätmeli? Öz günüme goýanok».

Men nätmeli?
Ine, esasy sorag,
Olañ öñündäki düýpli kynçylyk.
Şu ýekeje sowal çözüläýdigi,
Olaryň öñünde açyljak ýaly
Bar mümkinçilik:

Öñlerinde bu durmuşyň has ýowuz
Müñläp sowalynyň bardygyn olar
Heniz bilenoklar,
ýaşajak bolsañ,
Ony irde-içde bilmelem bolar.

Men nätmeli?
Bu sowaly hiç haçan
Ne şahyr,
Ne alym,
Ne çözer dana.
Sebäbi, bu sowal,
Bu baky sowal
Ömür bilen bile berlen ynsana.

@Atamyrat Atabaýew
30
189
timm
09.08.2024 06:26
Biziň obamyzyň adaty şeýle:
Biriniň garasy görünse çala,
Isle tanyş bolsun,
isle nätanyş,
Kiçi salam berýär özünden ula.
Salamsyz geçmeýär hiç haçan hiç kim.
Salamdan-sarpadan gujurly güýç kim?

Men beýle asaty halaýan örän.
Käte ýekeje söz ýetýä dadyma.
Hiç haçan,
Hiç haçan gysganmawersin
Taňry salamyny adam adama.

1948
23
127
timm
06.08.2024 17:05
Duygulary çekip- -çydarym ýaly,

Güýçlendirjek ýüregimin "RAM"-yny.

"Kasperski" bilen arassalajak,

Beýniñ kalba barýan çañly ýoluny...



# haçanda programmist gosgy düzende
15
75