Gyz hat ýazýar: «Söýýänime barmadym».
Ýigit ýazýar: «Söýenimi almadym».
Başga biri: «Galyň getir diýdiler,
Şoň üçinem men aljagam bolmadym».
Biri ýazýar: «Men söýýän, ol söýenok».
Biri ýazýar: «Ol söýýär, men söýemok».
Bir gyz ýazýar: «Iki ýigit deň söýüp, -
Men nätmeli? Öz günüme goýanok».
Men nätmeli?
Ine, esasy sorag,
Olañ öñündäki düýpli kynçylyk.
Şu ýekeje sowal çözüläýdigi,
Olaryň öñünde açyljak ýaly
Bar mümkinçilik:
Öñlerinde bu durmuşyň has ýowuz
Müñläp sowalynyň bardygyn olar
Heniz bilenoklar,
ýaşajak bolsañ,
Ony irde-içde bilmelem bolar.
Men nätmeli?
Bu sowaly hiç haçan
Ne şahyr,
Ne alym,
Ne çözer dana.
Sebäbi, bu sowal,
Bu baky sowal
Ömür bilen bile berlen ynsana.
@Atamyrat Atabaýew