timm
21.08.2024 01:50
Hassa sanap ýatyr soňky demini,
Ýaşaýşyň öňüni ajal bekleýär.
Ýöne lukman tapyp, derdiň emini,
Dogry gelen ölümide saklaýar.

Käte gara nebsi saklaýar ynsap,
Gahar haýbat atýar bogazyn ýyrtyp.
Gaharam togtaýar, şolam bir sogap,
Paýhas alyp çykýar, elinden dartyp.

Ine düýnem oýnap ýören çagadym,
Bilmezdim gussany, bilmezdim bagty.
Üç dili bar goşarymda sagadyň,
Hiç birisem saklap bilmeýär wagty.

Ýylgaý Durdyýew
17
41
g_nva06
21 Awgust 2024
Soñky bendi has-da täsirli👍
ATOMIC
21 Awgust 2024
Hassa bolma janym, derman bolaýan. Senden janym aýaman gurban bolaýyn🎶🎵
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.