timm
18.08.2024 01:15
Ädimlerim bilen giňeldip seni
Golum bilen galdyraryn asmana.
Bu günleriň gum-guklygny geňleme,
Ynan,başymyza şeýle gün geler,
Eli degmez ýürekleriň gysmaga.

Başagaýlyk nyşany däl haraýyň,
Ýer dyrmanyň bilen gelenok bagtam.

Sen gaýta demiňi uludan al-da,
Hözirin görüber tükenmez wagtyň.
El uzatsaň el ýetmejek zat barmy,
Ana,Aýam park etdiler adamlar.
Bu işde özüňe ynanmak gerek,
Sabyr gerek Köpetdag deý azyndan.

Umyt gerek hemem gerek nesibe,
Galan zatlar öz-özüni döredýär.
Adamlaryň başarmaýan zady ýok,

Olar bu gün san ýetmejek ýyldyzlaň,
Barmak basyp hasabyny ýöredýär.

Şonuň üçin,asla ruhdan düşme sen,
Hem bu günleň gum-guklygna gyýylma!
Aýa barmak geçen asryň gürrüňi,
Iki bolup Gün gujaklap gaýdarys,
Haýyrmy?!

Aşyr Hanow
15
88
ATOMIC
18 Awgust 2024
ýatyň gööd näýt
ATOMIC
18 Awgust 2024
@milanaaa, Annasaparnepes daýy:)
ATOMIC
18 Awgust 2024
@tim_, wii ol manyda däl, ondada sagbol doglan günümde ýatlaryn. @milanaaa, hazimatiçni daýy:)
ATOMIC
18 Awgust 2024
Bizem garradyk:(
ATOMIC
18 Awgust 2024
@tim_, hawa degişip duýdim😅@milanaaa, 😂
ATOMIC
18 Awgust 2024
skameýkada ýörite el goýmana ýerem bar eken:) gowy pikir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.