Şu gün saña telwas etdim ýene men,
Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi.
Azary ýetikdir gaýyn eneñem,
Belli däl, pahyryň haçan öljegi.
Öñden belli zadyň gyzygam bolmaz,
Söýmezdim-le beýle boljagyn bilsem.
Yöne, hasaplabam söýüp bolanok,
Ýa-da söýgüde-de barmyka tilsim?
Akyl satýan akylsyzlar köpelip,
Ýaşyň on sekize ýeten mahaly.
Söýgi aýp zatdyr obada diýip,
Guratdylar göze ilen nahaly.
Indi-indi şo günleri ýatlasam,
Özümi ýazgarýan ilki bilen men.
Men batyr ekenim beýnisi ýuka
Durmuşyñ al salýan tilkilerinden.
Käte seni sorap, barasym gelýär,
Yöne, uýat bolar, saña gep geler.
Arzuwlary ýuwaş-ýuwaş könelip,
Günler geçip barýar, geçýär hepdeler.
Gowy bolsun çagalaryň görjegi,
Yetişýär gyzlarmyz, ogullarymyz.
Senin günäñ däldir, meniñkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde doglumagymyz.
Çary Yegenmyradow