Eger,
bir ýaman söz sypsa dilimden,
Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn.
Çünki, bu dünýäde gören-eşdenmi
paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.
Sen Hudaý isleseñ, islemeseñem,
Menem, özüñ bilýäñ, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sejde kylmaga
jinnek ýalam takat galmandy mende.
Sebäbi bäş ýyl öñ, gyşyň bir güni,
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyña utanmadyñmy
Meni şol günlere duçar edenñe?
Kisäm kör-köpüksiz,
ýat dilde gepläp,
kömek sorap ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly
Huzuryñda durmanmydym kemşerip?
Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga,
Yokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediñ şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müñ sany perişdäñ?
Men soñra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimanly bokala.
"Elbetde, şol günleñ ajysy hakda
Yazyp bordy kitap ýa-da makala".
Emma men ýazmadym,
elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Yeri,
diýdimem-dä,
peýdasy näme?
Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.
Dogry içen wagtym teselli tapýan,
Yöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.
Barybir, ynamsyz ömür sürenden
Ile meñzeş bolup ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniñ göwnüme degdiñ!?
@Çary Yegenmyradow