Görmegiñ-görküñ bar,
Polat erkiñ bar.
Men diýen ýigitler boldy saña zar.
Olaryň dilinde señ adyň sena,
Olara täk özüň bolmaly pena.
Seni söýýänlär kän,
Sen bolsa ýeke.
Saña hat ýazdylar:
«Men seni söýýän!»
Biri ýazdy:
«A gyz, söýmeseň ölýän!»
Biri ýazdy:
«Senin söýjegin bilýän...»
Bagban boljakdylar senin bagyña,
Seniň kalbyň misli erem bagydy.
Öñlerinde senin goýan dagyña
Çykabilmän,
o «bagbanlar» dagady.
Söýdüler,
söýdüler,
irmän söýdüler,
Olar tüweleý dek bolup söýdüler.
Tüweleýler ýitip gitdi bireýýäm,
A men bolsa seni henizem söýýän...
@Atamyrat Atabaýew