strawberry
11.01.2024 13:52
Küýseýän ýarym


Nirede seň meňki diýenje sözüň,

Men seni şeýlebir küýseýän ýarym.

Ykbalymyz aýry bolsada biziň,

Men seni şeýlebir küýseýän ýarym.


Gelip git bir gezek göresim geldi,

Aýrylman ýanyňda durasym geldi,

Saçyň oýnap taryn öresim geldi,

Men seni şeýlebir küýseýän ýarym.


Gözümde janlanýar senli günlerim,

Soldy, saňa netläp goýan günlerim,

Sensiz asla ynan ýaşap bilmerin,

Men seni şeýlebir küýseýän ýarym.

Habarym ýok asla düşen halyňdan,

Gitdiň ýeke goýup meniň ýanymdan,

Çykaryp bilmedim seni aňymdan,

Men seni şeýlebir küýseýän ýarym.


Dawut Hojageldiýew
6
14
strawberry
10.01.2024 00:23
Soňlarsyň bir gün


Ylhamymdan joşup çykan setirlem,

Gözýaşlaryň döküp diňlärsiň bir gün.

Indi seni göz öňüme getirmen,

Bu sözlerim hökman oňlarsyň bir gün.


Ýalňyzlykda ýeke goýup gidişiň,

Ilki söýýän diýip soň terk edişiň,

Süýji durmuşyma awy gatyşyň,

Meniň bu ýagdaýym aňlarsyň bir gün.


Gözlärsiň sen meni ýöne tapmaýaň,

Bilýän, ýüregiňde adym saklaýan,

Indi saňa söýgi diýip bakmaýar,

Geçmişleri ýatlap iňlärsiň bir gün.

Dawut nirde galdy şatlykly gülki,

Her kim taşlap gidýär söýüp wah ilki,

Seňem ökünşüňi, görerin belki,

Söýgüden umydyň soňlarsyň bir gün.


Awtor: Dawut Hojageldiýew
14
21
strawberry
09.01.2024 15:44
Ýatlama.

Ýene öňki durmuş, ýene ýekelik,
Senli ýatlamalar gurşapdyr huşum,
Gurşap düşünjämi, ukyda wagtym,
Seni janlandyrýa gijeki düýşüm.

Alçajykdyň, şadyýandyň, bagtlydyň,
Duýgulaň mylaýym mähirden doly,
Sendiňmi şol, şo... diýilýän bagtmydyň?
Allam seni duýdansyz duşuran ýaly.

Boljak iş boldy indi, ýitirdim seni,
Bu gün maňa ýatlamalaň haýry ýok,
Boýun alýan,men seni ýürekden söýdüm,
Çyn söýgiňi ýatlamagyň aýby ýok.


Indi sen bir ýana, menem bir ýana.
Ýazan duedimiz bolar ýatlama,
Ýüregimizi başga biri eýeläp,
Ikimizem, ýar balarys ýatlara.

Awtory:Merdan Nuranow
11
26
strawberry
06.01.2024 12:17
Gaýym bol


Baýlyk diýip düşme nebsiň yzyna,

Adam ogly ynsabyňa gaýym bol.

Haram ýygnap berme ogul-gyzyňa,

Haýyrly işlere mydam maýyl bol.


Hakdan diläň iman ýalbaryň, çöküň,

Ýalany söndüriň dogry zat ýakyň,

Halal bolsun azam bolsada hakyň,

Şükür etde öz hakyňa kaýyl bol.


Döwür üýtgäp ýitip barýar kadalar,

Barha azalyp dur öňki sadalar,

Söýmän beren bolsaň ýalan wadalar,

Öz ýüregiň ýanjakdygyna taýyn bol.
17
15
strawberry
03.01.2024 14:21
Many gözledim

Ýürekden gynanyp her gelen derde,

Bir owadan çykýan ýaňy gözledim.

Käte aglap ýene diňen pursadym,

Kalbyma hoş ýakýan heňi gözledim.


Ýeňerin başyma kyn gün gelsede,

Duşmanlarym meň üstümden gülsede,

Gazanmagy onuň kynam bolsada,

Halal zähmet bilen maly gözledim.


Elmydama hakyň donuny geýdim,

Ýagşy ynsanlary ýürekden söýdüm,

Diýdiler: ,, Derdiňi ýeňleder aýdym ",

Her bir aýdymlarda many gözledim.

Ýüregim gülsede ýalandan gülen,

Illerem aglandyr hak şygrym bilen,

Meniňem şujagaz bir ugrum bilen,

Il-günüme şöhrat-şany gözledim.


Awtory: Dawut Hojageldiýew
10
10
strawberry
02.01.2024 14:00

Hany,bagtym sen diÿerdiñ ahyryn,

Nirä gitdiñ wadalaryñ ÿat edip.

Indi dolansañam haÿry ÿok janym,

Gidip barÿan,bir özgäni şat edip.

22
35
strawberry
30.12.2023 20:17
Käteler ÿaltanyp,käte gyssanyp,
Käte ÿatyp galyp,kä höweslenip.
Gursagymyz buÿsanç bilen seslenip,
Başagaÿ bolsagam,bagtly talyp biz.👩🏻‍🎓
16
35
strawberry
26.12.2023 10:02
Okap görüñ çyn söýgi nähili bolýan eken !
" ALADA "

Ömürleriniñ köp bölegini bile ýaşaşyp geçiren garyja är - aýal bar eken. Bir gün goja aýalyna bir gül äberipdir we ol gülüñ aşa köp suwarylmadygyny, bolmasa ol gülüñ çalt guramak häsýetiniñ bardygyny aýdypdyr. Garryja aýalam gülüñ guramazlygy üçin gündizlerne ençeme gezek, gijelerinede ukudan birnäçe gezek oýanyp suwaryp başlapdyr. Emma bir gün ol gojasyna " Maña şeýle gül äberdiñ, ýöne bir gezegem maña kömek bolsun diýip güli suwaryşañok, men nähili düşünjesiz adam bilen ömrümi ötüren ekenim, men seniñ bilen aýrylyşjak " diýipdir. Gojanyñ jogaby şeýle bolupdur:" Aslynda güli köp suwarmak bolanokdy, saña ol güli äbermegimiñ sebäbi sen syrkawlygyñ bardy, lukman bolsa saña köpräk hereket etmegi tabşyrýardy, sen bolsa lukmanyñ aýdanlaryny etmäñsoñ men şeýle çykalga tapmagy makul bildim. Sen gije turup güli suwaran mahallañ menem oýa bolýardym, sen suwaryp ýeriñe geçip uka gideniñden soñ men turup gülüñ suwuny aýyrýadym " diýip jogap beripdir. Elbetde ýoldaşynyñ alada edişine garryja daýza haýran galypdyr...
21
38
strawberry
24.12.2023 16:23
Zalym ýùreklim.
Awtory-Jumaýewa Ogulgurban

Harladyň söýgümi, ýakdyň yşgyňda,
İndi adyň näme diyip tutmaly,
Oýun gördüň, çyn söýgümiň hasratyn,
Kelläňde bir pikir, olam utmaly.

Utulan men bolsam, utanam sen bol,
Ýöne meniň, hiç ýitirjek zadym ýok,
Gözýaşlarym, sovgat bolsun ömrüňe,
Seniň ykbalyňda, meniň adym ýok.

Ýekeje ýitirjek , zadym bar eken,
Olam sovgat bolsun, eý namart saňa,
Onyňam adyna, ýûrek diýýäler,
Seni söýen ýûrek, gerekdäl maňa.
15
16
strawberry
14.12.2023 19:09

𝐁𝐞𝐥𝐢𝐫𝐬𝐢𝐳𝐥𝐢𝐤𝐝𝐢𝐫 𝐢𝐧𝐬𝐚𝐧𝐢𝐧 𝐜𝐚𝐧𝐢𝐧𝐢 𝐲𝐚𝐤𝐚𝐧; 𝐚𝐤𝐢𝐥 𝐮𝐧𝐮𝐭 𝐝𝐞𝐫𝐤𝐞𝐧 𝐤𝐚𝐥𝐩 𝐡𝐞𝐩 𝐮𝐦𝐮𝐭 𝐝𝐞𝐫..💞


𝐁𝐢𝐫𝐝𝐞 𝐡𝐞𝐫𝐬̧𝐞𝐲𝐢 𝐛𝐢𝐥𝐢𝐲𝐨𝐫𝐦𝐮𝐬̧ 𝐠𝐢𝐛𝐢 𝐤𝐨𝐧𝐮𝐬̧𝐚𝐧𝐥𝐚𝐫 𝐯𝐚𝐫 𝐡𝐚𝐧𝐢 𝐨̈𝐳𝐥𝐞𝐬𝐞𝐲𝐝𝐢 𝐚𝐫𝐚𝐫𝐝ı 𝐝𝐢𝐲𝐞𝐧, 𝐞 𝐛𝐞𝐧 𝐨̈𝐳𝐥𝐮̈𝐲𝐨𝐫𝐮𝐦, 𝐚𝐦𝐚 𝐚𝐫𝐚𝐲𝐚𝐦ı𝐲𝐨𝐫𝐮𝐦..💔


𝐕𝐞 𝐬𝐨𝐧𝐫𝐚 𝐢𝐤𝐢𝐬𝐢𝐝𝐞 𝐜̧𝐨𝐤 𝐦𝐮𝐭𝐥𝐮 𝐨𝐥𝐝𝐮𝐥𝐚𝐫, 𝐞𝐫𝐤𝐞𝐤 𝐛𝐚𝐬̧𝐠𝐚 𝐛𝐢𝐫 𝐤ı𝐳𝐥𝐚, 𝐤ı𝐳 𝐛𝐚𝐬̧𝐤𝐚 𝐛𝐢𝐫 𝐞𝐫𝐤𝐞𝐤𝐥𝐞:(🍂


𝐁𝐚𝐳𝐢𝐥𝐚𝐫𝐢 𝐛𝐢𝐫 𝐤𝐢𝐬̧𝐢𝐧𝐢𝐧 𝐨𝐧𝐮 𝐬𝐞𝐯𝐞𝐛𝐢𝐥𝐦𝐞 𝐢𝐡𝐭𝐢𝐦𝐚𝐥𝐢𝐧𝐢 𝐛𝐢𝐥𝐞 𝐬𝐞𝐯𝐢𝐲𝐨𝐫, 𝐬𝐢𝐳 𝐡𝐚𝐥𝐚 𝐠𝐞𝐫𝐜̧𝐞𝐤 𝐚𝐬̧𝐤 𝐲𝐨𝐤 𝐝𝐢𝐲𝐨𝐫𝐬𝐮𝐧𝐮𝐳..


𝐊𝐞𝐬̧𝐤𝐞 𝐡𝐞𝐩 𝐜̧𝐨𝐜𝐮𝐤 𝐨𝐥𝐬𝐚𝐲𝐝ı𝐦, 𝐭𝐞𝐤 𝐤𝐨𝐫𝐤𝐮𝐦 𝐞𝐯𝐞 𝐠𝐞𝐜̧ 𝐤𝐚𝐥𝐦𝐚𝐤 𝐨𝐥𝐬𝐚𝐲𝐝ı, 𝐜̧𝐮̈𝐧𝐤𝐮̈ 𝐢𝐧𝐬𝐚𝐧 𝐛𝐮̈𝐲𝐮̈𝐲𝐮̈𝐧𝐜𝐞 𝐠𝐮̈𝐳𝐞𝐥 𝐨𝐥𝐚𝐧 𝐡𝐞𝐫𝐬̧𝐞𝐲𝐞 𝐠𝐞𝐜̧ 𝐤𝐚𝐥ı𝐲𝐨𝐫..


𝐕𝐞 𝐛𝐚𝐳𝐢𝐥𝐚𝐫𝐢 𝐲𝐨𝐤𝐤𝐞𝐧 𝐛𝐢𝐥𝐞 𝐯𝐚𝐫𝐝𝐢𝐫, 𝐟𝐚𝐳𝐥𝐚𝐬𝐢𝐲𝐥𝐚..


𝐒𝐞𝐯 𝐚𝐦𝐚 𝐦𝐞𝐯𝐬𝐢𝐦𝐥𝐢𝐤 𝐨𝐥𝐦𝐚𝐬𝐢𝐧, 𝐲𝐚𝐳𝐢𝐧 𝐚𝐜̧𝐢𝐩 𝐤𝐢𝐬̧𝐢𝐧 𝐬𝐨𝐥𝐦𝐚𝐬𝐢𝐧..🥀


𝐁𝐞𝐥𝐤𝐢 𝐡𝐢𝐜̧ 𝐛𝐢𝐫𝐬̧𝐞𝐲 𝐲𝐨𝐥𝐮𝐧𝐝𝐚 𝐠𝐢𝐭𝐦𝐞𝐝𝐢 𝐚𝐦𝐚 𝐡𝐢𝐜̧ 𝐛𝐢𝐫𝐬̧𝐞𝐲𝐝𝐞 𝐛𝐞𝐧𝐢 𝐲𝐨𝐥𝐮𝐦𝐝𝐚𝐧 𝐞𝐭𝐦𝐞𝐝𝐢!


𝐍𝐞 𝐳𝐨𝐫 𝐝𝐞𝐠̆𝐢𝐥𝐦𝐢 𝐲𝐮̈𝐫𝐞𝐠̆𝐢𝐧𝐝𝐞 𝐚𝐬̧𝐤 𝐝𝐢𝐲𝐞 𝐭𝐚𝐬̧ı𝐝ı𝐠̆ı𝐧𝐚 𝐲𝐚𝐛𝐚𝐧𝐜ı 𝐨𝐥𝐦𝐚𝐤💔


𝐎̈𝐧𝐜𝐞 𝐬𝐞𝐯𝐝𝐢𝐠̆𝐢𝐧 𝐭𝐞𝐫𝐤 𝐞𝐝𝐞𝐫 𝐬𝐞𝐧𝐢 𝐬𝐨𝐧𝐫𝐚𝐝𝐚 𝐮𝐲𝐤𝐮𝐧, 𝐬𝐨𝐧𝐫𝐚 𝐧𝐞 𝐬𝐞𝐯𝐝𝐢𝐠̆𝐢𝐧 𝐠𝐞𝐥𝐢𝐫 𝐧𝐞𝐝𝐞 𝐮𝐲𝐤𝐮𝐧..


𝐇𝐚𝐲𝐚𝐭 𝐚𝐲𝐧ı 𝐤𝐮𝐦𝐚𝐫 𝐠𝐢𝐛𝐢𝐝𝐢𝐫, 𝐤𝐚𝐳𝐚𝐧𝐦𝐚𝐤 𝐢𝐬𝐭𝐞𝐝𝐢𝐤𝐜̧𝐞 𝐡𝐞𝐩 𝐤𝐚𝐲𝐛𝐞𝐝𝐞𝐫𝐢𝐳..


𝐇𝐚𝐲𝐚𝐥 𝐤𝐮𝐫𝐦𝐚𝐤 𝐢𝐜̧𝐢𝐧 𝐝𝐞𝐠𝐢𝐥, 𝐡𝐚𝐲𝐚𝐭 𝐤𝐮𝐫𝐦𝐚𝐤 𝐢𝐜̧𝐢𝐧 𝐬𝐞𝐯𝐝𝐢𝐦 𝐬𝐞𝐧𝐢🥰


𝐁𝐢𝐫 𝐤𝐚𝐝𝐢́𝐧𝐢́ 𝐦𝐮𝐭𝐥𝐮 𝐞𝐭𝐦𝐞𝐤 𝐢𝐜̧𝐢𝐧 𝐝𝐨𝐬𝐭 𝐠𝐢𝐛𝐢 𝐝𝐞𝐫𝐭𝐥𝐞ş, 𝐛𝐚𝐛𝐚 𝐠𝐢𝐛𝐢 𝐤𝐨𝐫𝐮, 𝐚𝐝𝐚𝐦 𝐠𝐢𝐛𝐢 𝐬𝐞𝐯..

19
33