strawberry
10.01.2024 00:23
Soňlarsyň bir gün


Ylhamymdan joşup çykan setirlem,

Gözýaşlaryň döküp diňlärsiň bir gün.

Indi seni göz öňüme getirmen,

Bu sözlerim hökman oňlarsyň bir gün.


Ýalňyzlykda ýeke goýup gidişiň,

Ilki söýýän diýip soň terk edişiň,

Süýji durmuşyma awy gatyşyň,

Meniň bu ýagdaýym aňlarsyň bir gün.


Gözlärsiň sen meni ýöne tapmaýaň,

Bilýän, ýüregiňde adym saklaýan,

Indi saňa söýgi diýip bakmaýar,

Geçmişleri ýatlap iňlärsiň bir gün.

Dawut nirde galdy şatlykly gülki,

Her kim taşlap gidýär söýüp wah ilki,

Seňem ökünşüňi, görerin belki,

Söýgüden umydyň soňlarsyň bir gün.


Awtor: Dawut Hojageldiýew
14
21
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.