strawberry
26.12.2023 10:02
Okap görüñ çyn söýgi nähili bolýan eken !
" ALADA "

Ömürleriniñ köp bölegini bile ýaşaşyp geçiren garyja är - aýal bar eken. Bir gün goja aýalyna bir gül äberipdir we ol gülüñ aşa köp suwarylmadygyny, bolmasa ol gülüñ çalt guramak häsýetiniñ bardygyny aýdypdyr. Garryja aýalam gülüñ guramazlygy üçin gündizlerne ençeme gezek, gijelerinede ukudan birnäçe gezek oýanyp suwaryp başlapdyr. Emma bir gün ol gojasyna " Maña şeýle gül äberdiñ, ýöne bir gezegem maña kömek bolsun diýip güli suwaryşañok, men nähili düşünjesiz adam bilen ömrümi ötüren ekenim, men seniñ bilen aýrylyşjak " diýipdir. Gojanyñ jogaby şeýle bolupdur:" Aslynda güli köp suwarmak bolanokdy, saña ol güli äbermegimiñ sebäbi sen syrkawlygyñ bardy, lukman bolsa saña köpräk hereket etmegi tabşyrýardy, sen bolsa lukmanyñ aýdanlaryny etmäñsoñ men şeýle çykalga tapmagy makul bildim. Sen gije turup güli suwaran mahallañ menem oýa bolýardym, sen suwaryp ýeriñe geçip uka gideniñden soñ men turup gülüñ suwuny aýyrýadym " diýip jogap beripdir. Elbetde ýoldaşynyñ alada edişine garryja daýza haýran galypdyr...
21
38
habibi
16 Fewral 2024
💓
Myhman Myhman
27 Dekabr 2023
Ine hakyky soygi. Gabanjanlykdan soygi bolmaz suna soygi diyilyar
Älem Sesi agzasy
26 Dekabr 2023
❤👍😍💖
sazsoft
26 Dekabr 2023
💗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.