strawberry
09.01.2024 15:44
Ýatlama.

Ýene öňki durmuş, ýene ýekelik,
Senli ýatlamalar gurşapdyr huşum,
Gurşap düşünjämi, ukyda wagtym,
Seni janlandyrýa gijeki düýşüm.

Alçajykdyň, şadyýandyň, bagtlydyň,
Duýgulaň mylaýym mähirden doly,
Sendiňmi şol, şo... diýilýän bagtmydyň?
Allam seni duýdansyz duşuran ýaly.

Boljak iş boldy indi, ýitirdim seni,
Bu gün maňa ýatlamalaň haýry ýok,
Boýun alýan,men seni ýürekden söýdüm,
Çyn söýgiňi ýatlamagyň aýby ýok.


Indi sen bir ýana, menem bir ýana.
Ýazan duedimiz bolar ýatlama,
Ýüregimizi başga biri eýeläp,
Ikimizem, ýar balarys ýatlara.

Awtory:Merdan Nuranow
11
26
susom
9 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.