strawberry
03.01.2024 14:21
Many gözledim

Ýürekden gynanyp her gelen derde,

Bir owadan çykýan ýaňy gözledim.

Käte aglap ýene diňen pursadym,

Kalbyma hoş ýakýan heňi gözledim.


Ýeňerin başyma kyn gün gelsede,

Duşmanlarym meň üstümden gülsede,

Gazanmagy onuň kynam bolsada,

Halal zähmet bilen maly gözledim.


Elmydama hakyň donuny geýdim,

Ýagşy ynsanlary ýürekden söýdüm,

Diýdiler: ,, Derdiňi ýeňleder aýdym ",

Her bir aýdymlarda many gözledim.

Ýüregim gülsede ýalandan gülen,

Illerem aglandyr hak şygrym bilen,

Meniňem şujagaz bir ugrum bilen,

Il-günüme şöhrat-şany gözledim.


Awtory: Dawut Hojageldiýew
10
10
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.