Zalym ýùreklim.
Awtory-Jumaýewa Ogulgurban
Harladyň söýgümi, ýakdyň yşgyňda,
İndi adyň näme diyip tutmaly,
Oýun gördüň, çyn söýgümiň hasratyn,
Kelläňde bir pikir, olam utmaly.
Utulan men bolsam, utanam sen bol,
Ýöne meniň, hiç ýitirjek zadym ýok,
Gözýaşlarym, sovgat bolsun ömrüňe,
Seniň ykbalyňda, meniň adym ýok.
Ýekeje ýitirjek , zadym bar eken,
Olam sovgat bolsun, eý namart saňa,
Onyňam adyna, ýûrek diýýäler,
Seni söýen ýûrek, gerekdäl maňa.