stella_🖤
09.05.2024 09:01
Bazarda bir türkmen oglan ýumurtga satyp otyrka ýanyna bir ors gelip " Это маленький" diýýä, türkmen oglanam " Malyňky däl towugyňky" diýýä.

😅😅😅

Bir semiz mugallyma okuwçylar " Semiz sygyr diýip at dakypdyrlar Bir gün mugallym:
- Okuwçylar doňuz size näme berýär.
+ Doňuz eti
- Örän dogry, semiz sygyr size näme berýär
+ Öý iş.

😅😅😅

5 ýaşly çagaň saçak başyndaky dilegi " Eý hudaýym, çöreksizlere çörek ber. Suwsyzlara suw ber, kakamyň telefonyndakylara eşik ber.

😅😅😅
37
474
stella_🖤
08.05.2024 19:44
Bolan waka


Bu waka joramyň durmuşyndan alnan. Janyny gara ýere gurban beren joram ölmezinden birnäçe gün öň meni ýanyna çagyryp, şeýle gürrüň beripdi:
- Men obamyzdan birýigidi haladym. Olam meni gowy görýärdi. Ýöne biziň durmuş gurmagymyza maşgalasy garşy çykdy. Umuman hemma maşgala agzalary. Ýöne şonda-da biz bir-birikden gatnaşygymyzy kesmedik. Onuň maşgalasynyň garşydygyny bilsemem ondan ýüz döndirmedim. Sebäbi biz bir-birimizi juda gowy görýärdik. Bir gezek ýolagçy ulagynda gelýärkam Dawudyň gelnejesine gabat geldim. Men ulagyň öňünde otyrdym. Mähri gelneje bolsa ulaguň yzynda ýene özi ýalyrak bir gelin bilen otyrdy. Men ulagyň öňünde otyramsoň Mähri gelneje meni görmedi. Biraz wagtdan soň ýanyndaky gelin bilen gürleşmäne başlady. Öýe golaýlap gelýärkak Mähri gelnejäniň "Menä şol gyzy ýüwürjüjügimiň basyp giden aýak yzyna dözemek" diýen sözlerini eştdim. Şol bada gürrüňiň özüm barada gitýänligine aňdym, depämden gaýnak suw guýulan ýaly boldy. Bir obada ýaşal ýören adamymdan beýle sözžer eştmek juda agyrdy. Ulagdan düşüp öýe nädip gelenimi hem bilmedim. Gelişime öz otagyma geçip aglamana başladym. Soňam meň beýleki gyzlardan nämäm kem? diýip öz özimden soradym. Kellämiň içi pikirlerden doludy. Birnäçe gün içimdäki hasrat bilen ýaşadym. Ýüregini agyrtmaýyn diýip Dawuda-da syr bildirmedim. Ýöne bu gaýgy aladalar bilen näçe gün ýaşajagym belli däldi. Dawut bilen eden arzuwlarymyz puç bolçagyna gynansamam, gelnehesiň aýdan sözi hiç ýadymdan çykanokdy.....
Howa dostlar şeýlelik bilen şol gün meniň joramy soňky sapar görüşim boldy. Şol gün ol öz janyna kast edipdir. Emma bu waka bu ýerde gutarmady. Şol günüň ertesi güni Dawut hem bolan zady eşidip, ol hem öz janyny gurban etdi. Görýäňizmi günäliň odyna bigüna ýanar diýileni boldy.
29
72
stella_🖤
23.04.2024 19:31
Arseniý Morozowyň köşgi. Uly baýlygyň mirasdüşeri Morozow geleňsiz hereketleri bilen tanalypdyr. Haçanda ol ejesi Warwara modern stlide köşk gurmagy niýet edendigini aýdan mahaly, ol örän geň galypdyr.

- Öň seň samsykdygyňy diňe men bilýärdim, indi bütin moskwa biler! diýip käýinipdir.

Gurluşyk döwrinde jaý şeýle bir köp taňkyda we ýaňsylama sezewar bolupdyr welin, hatda Lew Tolstoý öz romanlarynyň birinde ony ýaňsylamak bilen, "Samsyk we biderek adam" diýip atlandyrypdyr.

Muňa garamazdan Arseniý tutanýerli bolupdyr. Ol Ýewropadaky gören modern arhitekturalaryna haýran galypdyr. 1895-nji ýyl Arseniý Arhitektor Wiktor Mazyrine köşk gurmagy buýrupdyr. Onuň gurluşygy üç ýyl dowam edipdir.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýanyň Hökümesiniň kabul ediş öýi - Arseniý Mozorow köşgi Hökümet wekiliýetleriniň ýygnaklary, diplomatik gepleşikleri we halkara guramalarynyň maslahatlaryny geçirmek üçin ulanylýar.
32
267
stella_🖤
23.04.2024 16:39
Sidneý opera teatrynda her ýylda takmynan 2 million adam gelýär ( 3000-den gowrak görkezilişi) binanyň özüne bolsa 10 milliondan gowrak adam syýahat edýär.

Binanyň ýelkenli gämi ýada salýan özboluşly görnüşi daniýaly binagär Ýorn utzon tarapyndan döredilipdir. Şeýle-de bolsa bu çyrşyrymly dizaýny Owe Arupyň inženerçilik zehininden üzňe göz öňüne getiribem bolmazdy. Olar hemiše jedelleşseler-de, Arup Ýorn Utzonyň hyýaly pikirlerine laýyk gelýän amaly çözgit tapdy. Teatyryň gurluşy 1959-nji ýylda başlanyp, 14 ýyl dowam etdi. Gurluşygy ilki başda 4 ýylda tamamlamak meýilleşdirilpdi, ýöne taslamanyň çylşyrymlylygy, serişde ýetmezçiligi hem-de binagäriň çalyşmagy ýaly birnäçe şertler sebäpli gurluşyk ýyl-ýyldan yza süýşürildi.

Mundan başga-da taslamanyň çykdajysy örän gymmat bolupdyr. Gurluşygyň başlangyç döwründe 7 million dollar çykdajy edilmegine garaşylýan bolsa, ahyrky netijede 100 milliondan gowrak hem çykdajy edilipdir.

1973- ýylda açylypdyr.
28
52
stella_🖤
22.04.2024 19:21
Sagrada familia- Ispanýanyň Barselona şäherindäki köşk bolup, Kataloniýanyň meşhur binagäri Antonio Gaudi tarapyndan bina edilipdir. Köşgüň gurluşy 1882-nji ýylda başlanyp, şu güne çenli hem dowam edip gelýär. Gurluşygy 2030-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. "Sagrada familia" gurluşygy haýyr sahawatlaryň hasabyna maliýeleşdirilýändigi sabäpli haýal ösýär.

"Sagrada familia" Mesihiň doglan gününe. Mesihiň hyjuwlaryna we Mesihiň çokundyrylmagyna bagyşlanan üç sany fassaddan ybaratdyr.

Köşk Antoni Gaudi tarapyndan dünýäniň beýleki köşklerine gaýtalanmaýan özboluşly stilde döredilipdir. Gaudi zehinli binagär bolupdyr, ýöne dizaýnlary köplenç täzelikçi we üýtgeşik häsiýeti özünde jemläpdir. Köşgiň gurluşygy ýaňy başlan mahaly, Barselonanyň ýaşaýjylary ony ynamsyzlyk bilen garşy alypdyrlar. Olar Gaudiniň gaty moda esaslanýan binagärdigini we taslamasynyň katolik buthanasynyň däplerine laýyk gelmeýändigini aýdyp, ondan nägile bolupdyrlar. Hatda köşgi "Iň samsyk bina" diýip hem atlandyran ekenler.

Bu günki günde Sagrada familia ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we syýahatçylar tarapyndan iň bir gelim-gidimli syýahatçylyk nokady hasap edilýär.
35
150
stella_🖤
21.04.2024 23:27
Eýfel diňi- Fransiýanyň iň meşhur, tanalýan nyşanlaryndan biri. Häzirki wagtda ol ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we her ýylda millionlarça jahankeşdäni özüne çekýär, Şeýle-de bolsa 1889-nji ýylda gurluşygy tamamlanandan soň, onuň tankydy garaýyşlara uçranyny az adam bilýän bolsa gerek.

Parižlileriň köpisi bu diňi taryhy şäher merkezinde gaty tagaşyksyz we ýerliksiz ýerleşdirilendirilen bina hasaplapdyrlar. Ol barada "Al kakmyş" hem-de " Örän elhenç görünýän bina" diýen ýaly meňzetmeli sözleri aýdypdyrlar. Gi de Moppassan we Aleksandr Dýuma ýaly tanymal ýazyjylardyr sungat işgärleri diniň gurulmagyna garşy çykypdyrlar.

Moppassan hemişe diýen ýaly diniň birinji gatynda ýerleşýän resteronda naharlanar eken. Näme üçin beýle etýändigi soranlarynda ýazyjy " Bu Parižde Eýfel diňi görünmeýän ýeke-täk ýer" - diýip jogap beripdir.

1889-nji ýylda 300 sany sungat wekili diniň ýykylmagyna talap etýän haýyşnama gol çekipdir. Emm olaryň haýyşy ýerine ýetirilmändir.
34
64
stella_🖤
16.04.2024 21:47
Üstûnlikli baý adamlaryň syrlary🤑

1-nji syr: Güýçli isleg

Durmuşda köp zady gazanmak isläp bilersiňiz, emma gazanmak üçin amatly pursady we yhlasly ýapyşmagy unutmaly däldir. Daş-töweregiňizdäki adammaryň näme üçin hiç zadynyň pikirlenip göriň? Hawa olaryň ýeňmek üçin pikirleri ýok.

2-nji syr: Maksady saýlamak

Islegleriňize görä, özüňiz üçin belli bir maksat saýlamasaňyz üstünlikli bolup bilersiňiz.

3-nji syr: Energiýa ätiýaçlygy

Arzuwlaryňy maksada geçirmek hemmesi däldir. Şol maksatlaryňa ýeterlik derejede güýjiň we energiýaň bolmasy hökmandyr.

4-nji syr: Tutanýerlilik

Bir başlan işiňi soňuna çenli dowam etdirmegi başaryň. Millionerler päsgelçiliklere garamazdan maksatlaryna tarap yzygider hereket etýändikleri üçin millioner bolýandyrlar.

5-nji syr: Akylly adamlar bilen gatnaşyň

Baý we üstünlikli adamlaryň töwereginde bolmak bilen, olaryň nähili pikir etýändikleri öwrenmäge mümkinçilik alarsyňyz.







Postym peýdaly bolandyr diýip umyt etýän🙂
33
86
stella_🖤
30.03.2024 13:32
Bir gün telefon ussaň ýanyna bir garryja daýy gelip telefony ussa uzadypdyr...
- Oglum meniň şu telefonym işlänok öýtýän. Çyrasa ýanýa seredip beräýdä diýýä.
Ussa seredişdirýä hemme zat gowy.
-Ýok ýaşuly telefonuň gowy işläp dur- diýýä.
- Bäh işleýä diýsene diýip aglaýa.... näme üçin işleýän bolsa meň çagalarym maňa jaň edenok diýýä... meniň elim açyk ahyryn😔😔



Ene-atalarymyz barka gadryny bileliň!
34
93
stella_🖤
28.03.2024 12:32
Dostluk

Iki dostuň sözleri azaşyp, öýkeleşipdir. Olaryň biri ähli tanyşlaryň ýanyna baryp dostuny ýamanlap ugrapdyr.Ýöne ep-esli wagt geçensoň köşeşipdir-de, bu eden işine ökünipdir. Ol ötünç soramak üçin dostynyň ýanyna barypdyr. Şonda dosty şeýle diýipdir"
- Bolýa, men seni bagyşlaýan. Ýöne bir şert bilen.
+ O nähili şert? -diýip dosty sorapdyr.
- Bir ýassyk al-da, onuņ içindäki ähli perlerini ýeliň ugruna parladyp göýber- diýipdir.

Dosty onuň aýdyşy ýaly edip bir ýassyga alyp, ýyrtypdyr-da, içindäki perleriniň baryny ýeliň ugruna sowrup göýberipdir. Köwserlap öwüsýän batly şemal bolsa ýassygyň ýeleklerini obanyň çar tarapyna sürüp äkidipdir.

Eden işine monça bolan dosty gelip:

+ Dost jan, tabşyran ýumuşuňa bitirendirin. Indi meni bagyşlarsyň gerek?- diýipdir.


-Elbetde, sen ähli perleri yzyna ýygnasaň .diýip jogap beripdir.


Hawa, perleri yzyna ýygnamak kyn iş.
Eýýäm, oba ýaýran, ýaramaz gürrüňleri hem yzyna ýygnap bolmaýar. Söz diliňden çykýança, seniň ýesiriň, sypansoň, sen onuň ýesiri.
34
88
stella_🖤
27.03.2024 21:29
Bolan waka

Bagty ýatan çaga


5-6 ýaşyndaky çaga oýun oýnap durka bir matany ýyrtýar. Ejesi gaty gaharlanýar we kakasy işden gelende çagasyny urup, jeza hökmünde elini daňyp irdene çenli bir otagda saklaýar. Irden bolanda çagaň elleriniň gögerendigini görüp hassahana alyp gidýäler, ýöne eýýäm giç....gangrena bolupdyr. Operasiýa bilen çagaň 2 elinem kesip çagany bejerýäler. 2 günden soň kakasy puşman bolup öýe girýär we çagasyny görip gaty gynanýar. Çaga kakasyna seredip" Kaka bu gün hiç garagollyk etmedim, indi elimi beräý" diýýär....
37
130